| |

Ýalynly ýyllaryň ahwallary / hekaýa

Ýalynly ýyllaryň ahwallary / hekaýa ÝALYNLY ÝYLLARYŇ AHWALLARY / gysgajyk hekaýalar

Hüjümde

«Hökman ýeňmeli!» diýen karara geldiler.
Hüjüme geçdiler. Bir başa bir ölüm bar saýanlaryň müňlerçesi garymlardan çykyp, öňe okduryldy. Bir adamam ýeke pursat säginmedi. Duşman muňa tap getirmän, ökje göterdi.
Yza çekilýänleriň iň soňkusy öz üstlerine ço­zup gelýänlere tarap öwrüldi­de mäşäni gysdy.
Tüpeňden çykan sesden soň, gurşun gülle­de atylyp çykýar. Ses bütin daş-­töwerege, asma­na ýaň salýar, gülle welin, ýa sowa geçýär ýa­da kimdir biriniň ýüregine sanjylýar.
Gülle ilkinji hüjüme galkanyň kükreginden girdi. Ýaraly ýykyldy. Söweşdeş dosty aljyraňňy hal­-da onuň başyny ýerden göterdi:
― Näme boldy? Tursana! Ejeňe näme jogap bererin men?!
Mejaldan gaçyp ugran ýaraly dostuna sözüni soňlamaga maý bermedi, öz soňky sözlerini aýt­maga howlukdy. Togtara gelen ýüreginiň üstüne elini goýdy, soňra goluny ýokary göterdi, gana boýalan aýasyna seretdi­de ýuwaşja pyşyrdady:
― Hüjüme geçende wepat boldy diý…

Zagara çörekler

Zenan maşgala mekgejöwen unundan bişirilen zagarany gyzjagazyň eline tutdurdy, özüne­de şo­lar ýalysyny aldy.
Zagara çöregiň has ulusyny syrkaw goja berdi. Soňky günlerde ol azam däl, köpem däl, dogry, üç çörek ýapýardy: uruş entek gidip dur, un bolsa az. Gyzjagaz geňgalyjylyk bilen:
― Eje, atam öňi­-soňy öljek bolsa, onça çörek onuň nämesine gerek? ― diýdi.
Aýal görgüli tisginip gitdi.
― Ölübermeli bolarmy? Agzyňa alýan sözleriň näme?
― Seň özüň gürrüň etdiň­ä goňşy aýallaň ýa­nynda. Eşitdim­ä men.
Aýal görgüli düşege baglanan gaýynatasyna gynançly haýpygelijilikden ýaňa aglady.
Goja mejalsyz elleri bilen gyz agtygynyň başy­ny sypalady.
Şol gije ol amandygyny tabşyrdy.
Ertesi irden onuň ýassygynyň aşagyndan gyrasy hem gädilmedik zagara kökeleriň on bäşisi çykdy.

Hakyda

Oglanjyk jöwzaly yssyda alyslyklara gözüni dikip dur. Oglanjygyň özi kiçijik, sähra giň, çäge depeleriniň bolsa aňyrsy görnenok.
Günüň şu mahalky sallanyp duran ýerinde çäge­likleriň içinden bir depe seleňläp görünýär. Depeden bäri bolsa arabanyň oky ýaly gös-­göni sarymtyk ýol gaýdýar. Oglanjyk şol ýoluň gözden ýitýän ýerine şol garap dur, garap dur. Özem çaga garaýşy bilen däl­-de, uly adam ýaly seredýär. Gözlerini gyrpman diýen ýaly seredýäni üçin maňlaýjygy hem büzülip gidýär.
Bu ýoldan onuň kakasy ädigi bilen altyn öwüsýän çägeleri tozadyp, frontdan gelmelidi. Muny ejesi aýdypdy, ýogsam näme, beýleki oglanjyklaryň kakalary hem şu ýoldan şeýdip geldiler ahyryn.
Ol garaşýar, kakasy welin, gara berenok. Gü­nüň howruna şorluk ýer gyzýar, epgekli şemal çä­ge bilen oýun edýär, sährada peşmekler top kimin togalanýar. Her gün bu ýagdaý gaýtalanyp dur, her günem kakasy gara berenok.
Agşam şapagynyň yşygyna asman al öwüsdi, petiş howaly gije geldi. Ine, şondan soň oglanjyk ejesiniň gaşyna gelip oturdy.
― Ol bu günem gelmedi ― oglanjyk ýuwaşja gürledi.
Ejesi «Ertir geler» diýip, pessaýja jogap berdi.
― Ol, belkem, gije geler?
― Ýok, gije hemme ýatmaly… Senem ýatmaly.
― Ir ertir nähili?
― Irden geler!
― Onda meni ertir ir turuz! Bolýamy?
― Bolýa.
― Eger ol ertirem gelmese näme?
― Onda birigün geler.
― Eger birigünem gelmese näme?
― Onda ýene garaşarys…
― Eger şonda­da gelmese?
― Onda kakamyzyň uklap galyp oýanmalydy­gyny ýatdan çykardygy bolar.
― Men şeýle pikirem etdim­le… Meň kakam gaty ýatak bolmaly… Eje, sen näme üçin aglaýaň?.. Aglamak bolmaýar ― ony seň özüň aýtdyň­a.

Ýeňiş gazanan esgeriň öýi

Esger uruşdan dolanyp geldi…
Esger uzak wagtlap ýere çüýlenen ýaly bolup durdy: dogduk obasynyň harabaçylygy säher ho­wasyna kibtini gysyp otyr. Tüssä garalan diwarlar… Gap­gara, otsuz ojaklar, turbalar sessiz­-üýnsüz, ýalňyz durlar gök gümmürdisini sowujylar mysaly. Onuň öýüniň öňki duran ýerinde hiç zat ýok, diňe gara köýük bolan derek agajy ejirli dymmak bilen ýalaňaç şahalaryny asmana dikip otyr. Esger:
― Ähli zady ýakypdyrlar ― diýdi-­de, başam barmagy bilen gözýaşyny syldy. Dogýan Günüň şöhleleri ilki esgeriň ädigine düşdi, soňra döşüni ýagtyltdy, buýra saçlaryny darap geçdi.
― Ýöne men ýeňdim ― diýip, esger sözüni dowam etdi we egildi­de, kül­-kömür siňen kerpiji ― ertirki öýüniň ilkinji kerpijini ýerden göterdi.

Tyrk-tyrk…

― Tyrk­tyrk­tyrk!..
― Kim bu?
― Bu men ― Zähmet! Gapyňy aç, men sizde ýaşaýsam diýýän.
― Jähennem bol… Onsuzam öýüm dar meň.
― Tyrk­tyrk­tyrk!..
― Indi haýsy jana dert öýe döküljek bolýa?
― Bu biz ― Şöhrat, Abraý, Rysgal hem Bagt! Taňry myhmany almarsyňyzmy!
― Meniň gadyrdanlarym, gözümiň üstünde or­nuňyz bar! Geliň, geçiň. Hemmäňize­de ýer tapy­lar, bütin ömre ýaşasaňyzam, ýaşaberiň. Biz bary­ ýogy iki adam ― özüm bilen aýalym.
― Zähmet sizde ýaşanokmy näme?
― Ýok, ol goňşularda. Duruň, siz nirä barýaňyz?
― Dostumyz nirde bolsa, bizem şo ýerde boljak.

Musa Batçaýew

Rus dilinden terjime eden: Narmuhammet Kakabaýew Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle