| | | | | | |

Edebiýat: Döwürlerden döwürlere

Edebiýat: Döwürlerden döwürlere EDEBIÝAT: DÖWÜRLERDEN DÖWÜRLERE

Antik edebiýat

Antik edebiýat diýip gadymy Gresiýanyň we ga­dymy Rimiň edebiýatyny atlandyrýarlar. “Antikus” diýen söz “gadymy” diýmegi aňladýar. Aslyýetinde Müsüriň, Wawilonyň, Hytaýyň edebiýaty grek-­rim edebiýatyndan has gadymyrakdyr, ýöne Ýewropa­nyň halklary uzak wagtyň dowamynda Gündogar medeniýetinden bihabar galansoňlar, grek-­rim me­deniýetini iň gadymy hasap edipdirler.
Gadymy Gresiýanyň edebiýaty rim edebiýatyn­dan öň kemala gelipdir. Onuň esasynda halk döre­dijiligi ─ mifer we rowaýatlar ýatýar. Diňe bir Go­mer däl, eýsem, Eshil, Sofokl, Ewripid, Aristofan ýaly bütin dünýä meşhur grek ýazyjylary öz eserleri üçin ýordumlary miferden susup alypdyrlar. Gady­my Gresiýada ajaýyp liriki şygryýet döräpdir. Rim edebiýaty grek edebiýatynyň esasynda kemala ge­lip, onuň däplerini dowam etdiripdir.
Antik edebiýatda häzirki zaman ýewropa edebi­ýatynyň tragediýa, komediýa, poema, roman, satira ýaly ähli görnüşleri kemala gelipdir.
Antik edebiýaty diňe bir žanrlaryň köpdürlüligi bilen däl­de, eýsem formanyň haýran galdyryjy kä­milligi bilen­de tapawutlanýar. Okyjylar, ýazyjylar, alymlar henize ­ bu güne çenli antik ýazyjylaryň us­satlygyna haýran galýarlar. Antik edebiýatyň pikir gory uzak wagtlap ýewropaly edebiýatçylar üçin yl­ham çeşmesi bolup geldi, ol hatda bu günem ýewro­pa edebiýatyny “iýmitlendirmegini” dowam edýär. Mahlasy dürli eýýamlaryň ýewropa edebiýaty an­tik edebiýata gönezlik we nusga hökmünde ýüzle­nip gelýär. Bu işde her bir döwür–eýýam ondan özi üçin ruhdaş gelýän pikirleri we ýordumlary saýlap alypdy. Antik edebiýat, esasan, Gaýtadan döreýiş eýýamynyň edebiýatyna we klassisizm döwrüniň edebiýatyna (XVII as.) güýçli täsir edipdir.
Bir söz bilen aýdylanda, antik edebiýatyň keşpleri, mowzuklary we ýordumlary henize çenli ýazyjy­ şahyrlaryň eserlerinde, ussat suratkeşleriň nakgaş­lyk işlerinde, heýkeltaraşlaryň we kompozitorlaryň döredijiliginde duş gelýär.

Irki orta asyrlar edebiýaty

Ýewropa edebiýaty öz gözbaşyny biziň eýýamy­myzyň IV-­V asyrlaryndan – Rim imperiýasynyň dargap, ýewropa halkyýetleri, dilleri we döwletleri döräp ugran döwründen alyp gaýdýar. Bu edebiýat Orta asyrlar edebiýaty diýlip atlandyrylýar. Uzak wagtlap orta asyrlaryň ýazuw edebiýaty diňe latyn dilinde bolupdyr. Emma halk latyn dilini bilmän­soň, öz aýdymlaryny, ertekilerini, rowaýatlaryny döredip başlapdyr. Ýewropa halklarynyň öz hat ýa­zuwy ýüze çykyp ugranda, bu halk döredijiligi eser­leri ýazuwa geçirilipdir.
Halk aýratyn hem gahrymançylyk baradaky poemalary gowy görüpdir. Şeýle poemalaryň biri­de – “Roland hakynda aýdym” bolup, ol Fransiýada düzülipdir. Ispaniýada “Meniň Sidim” atly poema döräpdir.
Feodallar öz agalygyny näçe berkitdigiçe, orta asyrlar edebiýaty has­da kaşaň, dabaraly mazmuna eýe bolupdyr. XII-­XIII asyrlarda şahyrlar baý jenap­laryň köşklerinde gullukda durupdyrlar. Olar barly hanymlara bagyşlap goşgularydyr aýdymlary döre­dipdirler. Öz söýýän gyzy üçin gahrymançylyk gör­kezmäge ýola düşýän rysarlar baradaky romanlar döräp başlaýar (Serwantes özüniň “Don Kihotyn­da” şeýle romanlary ýaňsa alypdyr). Bu goşgular, aýdymlar we romanlar köphalatda öz formasy bo­ýunça nepis, mazmuny boýunça inçe, liriki bolmak bilen, rysar edebiýaty diýen ady alypdyr.
XII asyrda, ýagny Ýewropa ýurtlarynda şäher­ler ösüp ugranda, şäher edebiýaty döräp başlapdyr. Onda akylly we düşbi şäherliler hem­de daýhanlar barada gürrüň berlipdir, olar ugurtapyjylyk bilen akmak senorlary hem husyt ruhanylary – poplary aldapdyrlar. Basnýalar, hekaýalar, sahnajyklar şäher edebiýatynyň söýgüli žanrlarydyr.
Emma halk edebiýaty ýitip gitmändir, öz ösüşini dowam edipdir. Köplenç, halk içinde ajaýyp eserler hem döredilipdir. Mysal üçin, XIII – XIV asyrlarda Angliýada Robin Gud baradaky balladalar we aý­dymlar döräpdir.
Orta asyrlar eýýamynyň edebiýatynyň iň ajaýyp nusgalary gündogar ýurtlarynda – Hytaýda, Hindis­tanda, Parsystanda hem döräpdir.

Gaýtadan döreýiş eýýamynyň edebiýaty

Gaýtadan döreýiş eýýamy köpsanly ýurtlaryň hersinde tapawutly wagt aralygyny öz içine almak bilen XV we XVI asyrlary gurşap alýar. Bu eýýam Italiýada XV asyrda başlanýar. Bu halkyň azatlyk isläp feodallara garşy göreşe çykan döwri bolupdyr. Şäherler gülläp ösüpdir, söwda janlanypdyr, bur­žuaz gatlak kemala gelip başlapdyr. Adamzada täze ýerleri açmaga mümkinçilik beren alys­-uzak ýerle­re syýahatçylyk gülläp ösüpdir, täze ýerleriň, top­raklaryň açylmagy bolsa adamlardan batyrgaýlygy, töwekgelligi talap edipdir. Adamlara baky dünýe barada wada berýän we bu dünýäde takdyra boýun sunmaga çagyrýan kilisäniň garşysyna aç­açan çy­kyş edýän adamlar köpelipdir. Täzeçe garaýyşly adamlar kilisäniň wagyz edişi ýaly däl­de, eýsem düýbünden başga pikir edipdirler, olar zemindäki iň gymmatly baýlyk adamdyr, ynsan bu dünýädäki ömrüni manyly we bagtly ýaşamaga çalyşmalydyr diýip nygtapdyrlar. Bu adamlar gumanistler diýlip atlandyrylypdyr (gumanis – latynça ynsanperwer). Gumanist ýazyjylar we suratkeşler öz sungatyny ynsana bagyşlapdyrlar, olar adamy öwrenipdirler we ony dogruçyl suratlandyrmaga ymtylypdyrlar. Öz pikirlerini wagyz etmekde gumanistler ajaýyp hem güýçli ynsany wasp eden antik sungaty, antik edebiýaty goldanypdyrlar. Olar göýä antik edebiýa­ta täzeden jan beren ýaly hem bolupdyrlar. Şol ýer­denem bütin eýýamyň ady – Gaýtadan döreýiş gelip çykypdyr.
Gaýtadan döreýiş eýýamy zehinli adamlaryň, beýik suratkeşleriň, akyldarlaryň birgiden neslini döredip­dir. Italiýada Leonardo da Winçi, Mikelanjelo, Rafael, Dante, Petrarka, Bokkaçço, Fransiýada Rable, Ispani­ýada Serwantes we Lope de Wega, Angliýada Şekspir we ýene­de köp sanly ussat döredijilik wekilleri ösüp ýetişipdir. Köp halatda olar ösen aň­-düşünjeli, dürli ukyp-­başarnykly adamlar bolupdyr. Bu babatda Leo­nardo da Winçini agzamak hem ýeterlikdir, ol surat­keş, heýkeltaraş, ýazyjy, mehanikaçy we matematik bolupdyr.

XVII asyryň edebiýaty. Klassisizm

Klassisizm edebiýaty XVII asyry, şeýle hem XVIII asyryň başlaryny öz içine alýar. Klassisizmiň ýazyjylary edil Gaýtadan döreýişiň wekilleri ýaly, özleri üçin nusgany antik edebiýatdan gözläpdirler. Emma klassisizm antik edebiýatdan diňe daşky for­many saýlap alypdyr. Klassisizmiň ýazyjylary edebi eserler üçin hökmany hasap edilen birgiden kanun­lary döredipdirler. Olar antik edebiýata öýkünmek bilen, öz eserleriniň gurluşynda gelşiklilige-syratlylyga we berk düzgünlilige uly ähmiýet beripdir­ler. Antik edebiýatyň, şol sanda Gaýtadan döreýşini wagyz eden esasy pikirleriniň biri bolan adamyň gymmatlylygyna bolan ynam klassisizmiň wekille­rine mahsus bolmandyr.
Klassisizm aýratyn hem Fransiýada uly ösüşe eýe bolupdyr. Ol wagtlar çäksiz häkimlige eýe bolan fransuz korollarynyň, aýratyn hem Lýudowik XIV bütin döwletiň merkezine öwrülen we öz köşgüniň durmuşyny kaşaňlyga beslän döwürleri ekeni. Soň­suz köşk baýramçylyklary, tomaşalary dramaturgiýa­nyň ösüşine ýardam edipdir. Beýik fransuz ýazyjyla­ry Kornel we Rasin bir-­biri bilen bäsleşip, yzly-­yzyna tragediýa döredipdirler. Absolýutizm klassisizm ede­biýatyna belli bir derejede çäklilik girizipdir, ýagny ýazyjylardan korolyň häkimiýetini wasp etmegi we onuň berkemegine ýardam etmegi talap edipdirler. Klassisizm döwründe iň janly we erkin görnüş kome­diýa bolupdyr. Ol korollary we welmojalary däl­de, eýsem ýönekeý adamlary kemçilikleri hem­de artyk­maçlyklary bilen suratlandyrypdyr, komediýa gör­nüşi jemgyýetdäki nogsanlyklaryň üstünden gülmek üçin ýygy­-ýygydan ýiti satirany hem ýarag edinipdir. Klassisizmiň ajaýyp komediýaçysy Molýer bolupdyr. Ol klassisizmiň düzgünlerini, kada-­kanunlaryny halk teatrynyň däpleri bilen ussatlarça sazlaşdyryp, halk gahrymanlaryny sahna çykarypdyr.

Magaryf eýýamynyň edebiýaty

XVIII asyryň edebiýaty Magaryf eýýamynyň edebiýaty diýip atlandyrylýar. XVIII asyrda Ýew­ropa ýurtlarynda buržuaz jemgyýet kemala gelýär. Angliýada buržuaz gatlak eýýäm syýasy güýje eýe bolýar, Fransiýada bolsa buržuaziýa häkimlik üçin monarhiýanyň we dworýanlygyň garşysyna göreş­ýär. Magaryf şol wagtky ýaş buržuaz jemgyýetiniň arzuw­-umytlaryny şöhlelendirýär. Magaryfyň ýa­zyjylary, ýagny magaryfçylar “Indi adamzat aň-­bi­limiň, haýryň we adalatyň döwrüne gadam basýar” diýip ynanypdyrlar. Olar kilise bilen göreşip, ähli raýatlaryň kanunyň öňünde deňligini talap edipdir­ler. Magaryfçylyk, esasan hem, Fransiýada─bur­žuaz rewolýusiýanyň bosagasynda duran ýurtda has tutanýerlilik görkezipdir.
Magaryfçylar durmuşy dogruçyl we tankydy nukdaýnazardan görkezmäge çalşyp, realizme ym­tylypdyrlar. Bu eýýamda satira çynlakaý ösüşe eýe bolup, onuň “ýiti naýzasy”, magaryfçylaryň öz aýdyşy ýaly, aň-­paýhasyň talaplaryna laýyk gelmeýän durmuş hadysalaryna hem­de wakalaryna gönükdi­rilipdir.
Magaryfçylar ilkinji nobatda edebiýatyň pikir mazmunyna ähmiýet beripdirler, oňa döwürdeşleri täze ruhda terbiýelemegiň ýaragy hökmünde garap­dyrlar. Olar teatra we dramaturgiýa uly üns beripdir­ler, sebäbi teatr magaryfçylara täze ideýalary müň­lerçe tomaşaçylara ýetirmäge mümkinçilik beripdir.
Magaryfçylaryň buržuaz jemgyýeti gurmak ba­rada umytlary taryhyň mundan buýanky gidişinde durmuşa geçmändir, ýöne olaryň gadymy feodal dünýäni täzelemekdäki hyzmaty biçak uludyr. Ma­garyf eýýamy Fransiýada Wolter, Didro, Russo, Bomarşe, Angliýada Swift, Defo, Germaniýada Lessing, Italiýada Goldoni ýaly ajaýyp ýazyjylary dünýä beripdir.
Emma XVIII asyryň ýazyjylarynyň ählisi maga­ryfçylar bolmandyr. Olaryň käbiri, köp halatda has tanymallary (mysal üçin, Gýote, Şiller) Magaryf edebiýaty bilen öz döredijiliginiň käbir taraplary babatda baglanyşykly bolupdyrlar, käbir tanymal ýazyjylar bolsa öz döredijiliginde magaryfçylara garşy çykypdyrlar.

XIX asyryň edebiýaty

XIX asyr edebiýatynda iki sany esasy akym saý­lanyp orta çykýar: romantizm we realizm. Bu iki akymyň tas bir wagtda dörändigi we ösüp başlandy­gy üçin olar bir­-birinde aýdyň yz goýupdyrlar. Bu, esasan hem, XIX asyryň birinji ýarymyna degişli­dir: romantik ýazyjylaryň köpüsiniň (Walter Skot­tyň, Gýugonyň, Žorž Sandyň) döredijiligi realistik häsiýete eýe bolup, şol bir wagtda realist ýazyjy­laryň (Stendal, Balzak, Merime) döredijiligi özüne belli bir derejede romantizmiň pikirlerini siňdirip­dir. Emma ol ýa­da beýleki ýazyjynyň döredijiligini bütinleý romantizme ýa­da realizme degişli etmek kyn bolýar. Diňe XIX asyryň ikinji ýarymynda ro­mantizm öz ornuny realizme berýär.
Romantizm 1789­njy ýyldaky fransuz buržuaz re­wolýusiýasy bilen baglydyr. Ilkibadalar romantikler rewolýusiýany gujak açyp garşylapdyrlar we täze buržuaz jemgyýete uly ynam baglapdyrlar. Hut şu ýerden hem romantikleriň eserlerine mahsus bolan şatlykly hyýalkeşlik, arzuwçyllyk äheňi gelip çykýar. Emma tizara rewolýusiýanyň döwürdeşleriň bildiren umytlaryny puja çykarandygy, ynamy ödäp bilmän­digi aýdyňlaşypdyr. Adamlar wada berlen azatlygy hem, deňligi hem almandyrlar. Adamlaryň ykbalyn­da aslyýetinde olary gula öwren maddy baýlyk – pul uly ähmiýete eýe bolupdyr. Kim baý bolsa, onuň üçin hemme ýollar açylypdyr, garyplaryň takdyry bolsa, şol öňküsi ýaly agyrlygyna galypdyr. Pul-­baý­lyk ugrunda elhenç göreş başlanypdyr, adamlar ýeňil baýamagyň ýollaryny gözläpdirler. Bu romantikler­de uly göwnüçökgünlik döredipdir. Olar täze pikirle­ri gözläp ugrapdyrlar – kimler geçmişe ýüzlenip, ony ideallaşdyrypdyr, has progressiw pikirliler bolsa, öz eserlerinde ümürdäki ýaly aýdyň bolmadyk gelejege ýüzlenipdirler. Bu günki durmuşdan nägilelik, nähi­lidir bir täzelige garaşmak, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary nusgalyk edip görkezmek, güýçli häsi­ýetleri beýan etmek romantizm üçin mahsus alamat­lardyr. Adamzadyň iň oňat jemgyýeti gurup biljek ýollaryny bilmänsoňlar, romantikler köplenç ertekä (Andersen) ýüz urupdyrlar, halk döredijiligi bilen gyzyklanypdyrlar we seýrek bolmadyk halatda oňa öýkünipdirler (Longfello, Miskewiç). Romantizmiň Baýron ýaly iň görnükli wekilleri bolsa, göreşi do­wam etmäge, täze rewolýusiýa çagyrypdyrlar.
Realizm, romantizmiň tersine, köplenç şu günki gün bilen gyzyklanypdyr. Öz eserlerinde şu günki durmuşy mümkin boldugyça doly şöhlelendirmek islän realist ýazyjylar wakalara we gahrymanlara baý bolan romanlary döredipdirler. Olar öz roman­larynda şol döwre mahsus bolan wakalary beýan etmäge ýykgyn edipdirler. Eger romantikler haý­sydyr bir ajaýyp şahsy sypatlary, häsiýetleri bolan we daş-­töweregindäki adamlardan düýpgöter tapa­wutlanýan gahrymanlary suratlandyrmaga ýykgyn eden bolsalar, realistler tersine, öz gahrymanlaryn­da adamlaryň köpüsine, ol ýa beýleki synpa, ýa­da sosial topara degişli bolan adamlara mahsus bolan häsiýetleri beýan etmäge çalşypdyrlar.
Realistler buržuaz jemgyýeti ýok etmäge çagyr­mandyrlar, emma olar ony ýüz görmän, dogruçyl­lyk bilen tankyt edipdirler, şonuň üçin XIX asyryň realizminiň adatça tankydy realizm diýlip atlandy­rylyşy ýörgünlidir.

XX asyryň edebiýaty

Russiýada XX asyryň başlarynda Oktýabr rewol­ýusiýasynyň üstün çykmagy dünýäde iki sany gap­ma­-garşy syýasy lageriň döremegine getirýär. Bu bolsa, elbetde, öz nobatynda dünýä edebiýatynda hem bir-­birine çapraz edebi garaýyşlaryň garşyly­gyna täzeçe mazmun berýär.
Şeýle hem, geçen asyryň edebiýatynda faşizme garşy göreş mowzugy görnükli orun eýeleýär. Prog­ressiw edebiýat dünýäniň halklaryny faşizmiň gar­şysyna göreşe çagyrýar we faşizmden üstün çykyl­magyna ýardam edýär.
Şol sanda türkmen ýazyjylary hem bu döwürde faşizme garşy eserleri arkaly işjeň çykyş edýärler.
XX asyryň aýaklarynda SSSR­-iň ýykylmagy bi­len şertlendirilen we tehniki gazanylanlaryň gülläp ösmegi netijesinde dünýä edebiýatynda hem uly özgerişlikler bolup geçýär. Göräýmäge, hakyky edebiýatyň öz ornuny “köpçülikleýin medeniýet” diýlip at berlen täze ugra berendigi barada pikirler barha köp orta atylyp, edebi çekişmeleriň we jedel­leriň döremegine sebäp bolýar. Çeper edebiýatyň käbir ussat wekilleri detektiw häsiýetli eserleriň barha köp neşir edilip, hakyky edebiýatyň okyjy­synyň azalýandygyndan nägilelik bildirýärler. Olar bu edebi eserlere “Aňsat okalýan edebiýat” ýa­da “Mähelle edebiýaty” hökmünde baha berýärler.
Emma XXI asyryň başlarynda dünýäniň aglaba ýurtlarynda edebiýatda we sungatda täze hadysa­nyň göze ilýändigini belläp geçmek hökmanydyr, ol­da dünýä edebiýatynda hakyky edebi eserlere gyzyklanmanyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýan­lygydyr. Ýurtlaryň aglabasynda edebi žurnallaryň sany köpelýär we olar öz okyjylarynyň sanyny art­dyrýarlar. Adamlara estetiki terbiýe berýän, ýaş ne­sillerde oňat ahlak sypatlaryny kemala getirmekde belli bahasy bolmadyk eserleriň sany hem gitdigiçe artmak bilen. Bu işde okyjylarda ruhubelentligi, be­lent adamkärçilik duýgularyny terbieýelemäge ni­ýetlenen çeper eserleriň ýazarlaryny, şol sanda ýaş ýazyjy­-şahyrlary höweslendirýän edebiýat baýrak­larynyň hyzmaty iňňän uludyr.
Muňa mysaly daşdan gözlemeli däl. Täze Gal­kynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumy­zyň edebiýatçylaryny, şol sanda döredijilige ýaňy gadam basan ýaşlary höweslendirmeklige uly äh­miýet berilýär. Türkmenistanyň hormatly Preziden­tiniň her ýyl yglan edýän “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigi, şeýle hem ýurdumyzyň “Milli Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary tara­pyndan yzygiderli yglan edilýän dürli edebiýat bäs­leşikleri muňa aýdyň mysal bolup biler.

Taýýarlan: Hemra Hudaýgulyýew

«Dünýä edebiýaty» žurnaly  2/2011­ Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle