| | |

Şygryýeriň syrlary

Şygryýeriň syrlary ŞYGRYÝETIŇ SYRLARY

Öz senediniň syrlary barada oýlanan şahyrla­ryň ikisiniň şygryýetiň asyl manysy hakda öňe sü­ren teklibi üns bereniňe degýär. Olaryň biri Kol­rij: «Şygryýet kämil derejede düzgünleşdirilen iň gowy sözlerdir» diýýär. Teodor de Banwil bolsa: «Şygryýet ýasalanok­da, döredilýär. Şonuň üçin hem ol taraşlanmagyna mätäç däl» diýip, oňa ga­rşy çykýar. Olaryň ikisi hem biziň aňymyza sözüň üsti bilen täsir edýän kanunlara esaslanypdyr.
Eserinde ulanýan sözlerine täsir edýän ähli kanunlary göz öňünde tutmagy başarýan adam hakyky şahyrdyr. Şol kanunlaryň diňe käbiri­ni bilýän söz ussady ­ kyssaçydyr. Diňe sözleriň many-­mazmunyny we olaryň özara gatnaşygyny göz öňünde tutmagy başarýan hem edebiýatçy­dyr. Şol kanunlaryň sany we toparlary şygryýetiň nazaryýetini hasyl edýär…
…Şygryýetiň nazaryýeti dört bölümden ybarat. Fonetika goşgynyň ses aýratynlygyny, ritmini, ýagny sesiň beýgelişini, dürli sesleriň hilini we özara baglanyşygyny, goşulmalary hem­de rif­manyň ses aýratynlygyny öwrenýär.
Stilistika sözüň gelip çykyşy, ýaşy, ol ýa­da beýleki grammatik kategoriýa degişliligi, dur­nukly söz düzümindäki orny arkaly, şonuň ýaly­da, deňeşdirmäniň, metaforanyň… üsti bilen ed­ýän täsirini elekden geçirýär.
Kompozisiýa şygra siňdirilen pikirleriň, duýgularyň, keşpleriň biri­biriniň ýerini çalşyşyny öwrenýär. Goşgynyň bentleriniň gurluşyny öw­renmek hem kompozisiýanyň paýyna düşýär. Se­bäbi şahyryň pikiriniň hereketine bendiň ýetirýän täsiri uludyr.
Eýdologiýa bolsa, poeziýanyň mowzuklary­nyň we şol mowzuklara şahyryň gatnaşygynyň jemini jemleýär.

Goşgynyň ýazgydy.

Daýhan ekin ekýär, gurluşykçy jaý gurýar. Başga kärdäki adamlaryň hem işi özüne ýetik. Şahyr näme bilen meşgul? Ol näme üçin çalt ýat­da galýan goşgy setirleri arkaly dürli ösümlikle­riň ösüş şertlerini beýan edenok?.. Näme üçin ol diňe ejizlän halaty liranyň kömegi bilen ýagşy duýgulary oýarandygyny boýun alýar? Eýsem, haýsy jemgyýetde bolsa­da tapawudy ýok, şahy­ryň öz orny bolmazmy?
«Sungat durmuşa hyzmat etmelidir» diýýän garaýşyň tarapdarlary şular ýaly soraglary ber­ýärler. Olaryň arkasynda bolsa, Fransua Koppe, Sýulli­-Prýudom, Nekrasow ýaly ägirtler direni­şip dur.
«Sungat diňe sungat üçindir» diýýän garaýşyň tarapdarlary bolsa, olara çürt-­kesik garşy çykýar­lar. Olar: «Biz Aý dogan ýaly goşgular ýazýa­rysmy ýa­da biziň ýazan zadymyza al­-arwahyň özem düşünenokmy – tapawudy ýok. Biz ähli zatdan erkin. Biz kimdir birine ýa­da haýsydyr bir maksada gulluk etmek islemeýäris» diýýärler. Şeýle diýip hem olar Werlen ýaly şahyrlary öňe tutýarlar.
Birnäçe asyrlar bäri köşeşmeýän bu jedeliň soňy geljege meňzänok. Ýokarky garaýyşlaryň ikisi bilen hem gürrüňsiz ylalaşmak mümkin däl. Birinji garaýşa gulluk edýänler sungata bozuk zenanyň ýa­da esgeriň ornuny tutdurjak bolýar­lar. Ikinji topar bolsa, sungat diňe öz hudaýyna gulluk etmelidir diýýär.
Meniň özüm­ä şol garaýyşlaryň ikisinden bi­rini saýlamaly diýseler, olaryň birinjisini görke­zerdim. Sebäbi onda sungata bolan hormat, onuň özenine düşünmek has güýçli… Meniň pikirimçe, sungat öz etini iýmek bilen oňman, haýsydyr bir maksada gulluk etse ýagşy…

Goşgudan edilýän talap.

Her bir goşgynyň döreýşi bilen janly or­ganizmleriň döreýşiniň arasynda meňzeşlik bar. Şahyryň kalby daşky dünýäden itergi alanyndan soňra hem geljekki eseriniň sulbasyny uzak wagt­lap bejerip, beslemeli bolýar. Eseriň kemala gel­meginde bar zadyň – Aýyň ýiti şöhlesiniň hem, duýdansyz eşidilen owazyň hem, okalan kitabyň hem, gül ysynyň hem täsiri uly bolýar. Köneler dymma şahyra hormat goýupdyrlar. Sebäbi ol ha­myla aýaly ýatladypdyr.
Iň soňunda şahyr çaga dogurýan aýal ýaly ejir çekip, goşgusyny kagyz ýüzüne geçirýär. Şol pursat ol sungata dahylsyz oýlardan daş durup, kalbyndaky taýýar goşgusyny ýylanyň pähimi bi­len kämil görnüşe geçirip bilse, onda şol goşgy Süleýman patyşanyň şöhraty ýaly ebedi şöhrata eýe bolýar. Şeýle goşgy, «Iliada» ýaly, ýaşama­gyny bes edeninden soň hem adamlarda mukad­des terpenme döredýär.
Ýürekde göterilmedik goşgular hem bolýar. Olar diňe başky täsiriň netijesinde döreýär. Edil şonuň ýaly esasy mowzuk gerekmejek anyk be­ýan etmeleriň içinde ýitip gidýän goşgular hem bar. Şeýle goşgular keşpler dünýäsiniň kemisleri­dir. Olaryň aýry-­aýry bölekleriniň kämilligi hem gözüňi dokundurmaýar. Gaýtam, küýki adamyň ajaýyp gözleri ýaly gama batyrýar…
Goşgynyň geň-­taň jandar ýaly spirtli çüýşe gapda saklanmazlygy ýa­da kürsä «çüýlenen» näsag ýaly çalamydar ömür sürmezligi üçin, onuň söýgi we ýigrenç döretmegi üçin nähili ta­laplara döz gelmegi gerek? Men gysgaça: «Ähli talaplara» diýip jogap bererdim.
Goşguda pikirdir duýgy bolmaly. Iň bir liri­ki goşgy­da pikirden mahrum bolsa, jansyz gö­rünýär. Duýgudan mahrum epiki ballada bolsa, içgysgynç toslama meňzeýär. Puşkin öz liriki goşgularyny, Şiller öz balladalaryny ýazanlaryn­da şu hakykyta göz ýetiripdirler. Olardan başga­da, goşga bar zady ýer-be­ýer ýaş bedeniň göze ýakymlylygy, Gün şöhlesine agarýan heýkeliň anyklygy, sadalyk (diňe sada eseriň geljegi bar), geçen asyrlaryň şatlykdyr gaýgysyny göz öňünde tutýan inçelik gerek. Şolardan hem beter goşguda stildir hereket bolmaly.
Stilde Hudaý özüni duýdurýar, şahyr bolsa, oňa heniz özüne­de mälim bolmadyk durkuny goş­ýar. Şeýdip döredilen goşgular şahyryň gözüniň reňkiniň ýa­da eliniň şekiliniň nähilidigini çak­lamaga mümkinçilik berýär. Goşgynyň hereketi diýip bolsa, sözleriň, çekimli we çekimsiz sesle­riň, ritmiň beýgelmeginiňdir peselmeginiň özara sazlaşygyny göz öňünde tutýaryn. Şol sazlaşyk goşgyny okaýan adamy edil liriki gahryman ýaly dem almaga, şahyryň öz duýýan zadyny duýma­ga mejbur edýär. Şeýdip hem daşa çykarylan pi­kir hakykata öwrülýär…

Goşgynyň terjimesi.

Goşgyny terjime etmegiň üç ýoly bar. Birinji ýola öwrenje terjimeçiler eýerýär. Olar, köplenç, terjime edýän şahyrlaryna mahsus bolmadyk öl­çegden, rifmalaryň düzüminden, öz sözlüklerin­den peýdalanýarlar. Terjime edýän goşgularyny öz isleglerine görä gysgaldýarlar ýa­da uzaldýarlar.
Ikinji ýola eýerýän terjimeçiler hem başdaky­lardan känbir tapawutlananok. Olar diňe öz he­reketlerini delile getirjek bolýarlar. Mysal üçin, olar: «Eger terjime edilýän şahyr rusça ýazan bolsa, edil meniňki ýaly ýazardy» diýýärler. Bu tär, esasanam, ХVIII asyrda ýörgünli bolupdyr. ХIХ asyrda bu tär inkär edildi. Ýöne onuň täsiri şu günler hem duýulýar. Üçünji ýola, ýagny, iň kyn ýola eýerýänler ter­jime edýän goşgularynyň daş keşbini bolşy-­bolşy ýaly saklamaga ymtylýarlar. Geliň, şol terjime­çileriň göz öňünde tutýan zatlaryny anyklamaga synanyşalyň.
Goşgynyň döremegine esasy sebäpkär bolýan zat keşpdir. Keşpleriň sany çäkli bolýar. Köplenç, şahyr özünden öň döredilen keşpleri peýdalan­ýar. Şahyryň şahsyýeti şol keşplere gatnaşygyn­da ýüze çykýar. Şahyr terjime edende, esasy ünsi keşplere däl­de, terjime edilýän şahyryň şol keşp­lere bolan gatnaşygyna bermeli. Mysal üçin, ga­dymy pars şahyrlary bägüli janly zat hökmünde göz öňüne getiripdirler. Orta asyr pars şahyrlary üçin bolsa bägül söýginiň we owadanlygyň nyşa­ny eken. Puşkiniň bägüli diňe adaty bir güldir…
Terjimeçi bentleriň we setirleriň sanyny hök­man saklamalydyr. Şolaryň biri saklanmasa, terji­me edilýän eseriň aýratynlygyny saklap bolmaýar.
Stil meselesinde terjimeçi awtoryň poetika­syndan ugur almalydyr. Her şahyryň nazaryýet taýdan esaslandyrylan öz sözlügi bolýar. Mysal üçin, Uorswort goşguda diňe gepleşik diliniň ulanylmagynyň, Gýugo sözleriň göni many­synda ulanylmagynyň, Werlen bolsa, sözleriň ýönekeýliginiň we onuň erkin ulanylmagynyň tarapdary. Şonuň ýaly­da, terjime edilýän şa­hyryň ulanýan meňzetmeleriniň häsiýetini hem gözden salmaly däl.
Mysal üçin, Baýron anyk keşbi howaýy keşp bi­len deňeşdirýär. Şeýle deňeşdirmä mysal edip, Ler­montowyň «Howa arassadan näzik, çaganyň posa­sy ýaly» diýýän setirini görkezmek bolar. Şekspir howaýy keşpleri anyk keşplere deňeýär we ş. m…
Goşgularda gaýtalanmalar, hereketiň ýeri we orny, mysallar kän duşýar. Şolary janyň-­teniň bi­len saklamaga çalyşmaly. Rifma hakda­-ha aýdyp oturasy iş hem ýok.
Terjimeçä goşgynyň owazyny terjime etmek has kyn düşýär. Ýöne hernäçe kyn hem bolsa, terjimeçi adyna eýe boljak bolsaň, terjime edýän goşgyň owazyny hem saklamaga çalyşmaly…

Nikolaý Gumilýew

Rus­ dilinden ­ter­ji­me­ eden:­ Oraz­gy­lyç­ Ça­ry­ýew­ Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle