| | |

Amerikany ilki bolup kim açypdyr -3 / dowamy

Amerikany ilki bolup kim açypdyr -3 / dowamy ♣ Görogly – haýsy  döwrüň  är  ogly?

Halkymyzyň  uly  çeperçilik  guwanjynyň  biri “Görogly”  eposynyň  baş  gahrymany aslynda  taryhda  bolanmy ýa-da  toslanyp  tapylan  gahrymanmy  diýen  mesele  indi  esli wagt  bäri  göroglyşnaslaryň  böwrüne  büküldi  salyp  gelýär. Bu  meselede alymlar  iki  topara  bölünýär. Birinji  topara girýan  alymlar Görogly halkyň  hyýalynda   toslanyp  tapylan  gahryman diýen   pikire  gol  ýapsa   ikinji  tarapyň  wekilleri  baş    gahrymanyň   aňyrsyndaky anyk  bir  taryhy  şahys  bar  diýen  pikire  gulluk  edýär.  Soňky döwürlerde   bu  pikire  imirinýänler  has-da  köpeldi.  Asyrlaryň   jümmüşinden  Göroglyny gözlemek  işihä  baryp  geçen  asyryň  ikinji  ýarymyndan   başlanypdyr. Şu  wagta  çenli   ondan gowrak  “Göroglynyň”   üsti   açyldy. Gyzykly  ýeri, şol   Göroglylaryň  aglabasy  serkerdelik  eden, adamlaryň  öňüne  düşen   şahyslar. Ýöne  olaryň   hereketlerini  welin   eposyň  wakalary  baglamaklyk  kyn düşýär.
Aýratyn hem alymlaryň  nazary XVI-XVII asyrlarda Kiçi Aziýada, Günorta Azerbeýjanda  sefewilere  garşy jelalylar  ady  bilen  topalaň  turzan gozgalaňçylaryň  arasynda  hereket  eden Görogly  diýen  şahyr  bagşyda  eglenýär. Bu  Görogly  barada  ençeme taryhy  maglumatlar  hem  saklanyp  galypdyr.  Ýöne  şol maglumatlary  içkin  yzarlasaň,  bu  mesele böwrüňi  diňledýär. Geň ýeri , bu  Görogly  jelalylar  gozgalaňynda esasy  figura  däl.  Faktor  ony  söweşlere gatnaşyjy, ýöne  galapyn  şol  söweşlerde  gozgalaňçylary  öz  aýdym-sazy  bilen  ruhlandyrýan şahyr-bagşy  edip görkezýär.  Munuň  tersine, eposyň  ähli  wersiýalarynda   baş  gahryman  şalaryň ,  soltanlaryň , hanlaryň  garşysyna  barlyşyksyz  göreşiji, halkyň  arkadagy, howandary edilip  orta çykarylýar. Ýene bir  bellemeli zat  eposyň  taryhyny  öwrenijiler ony XVI-XVII asyrlarda  düzülip  gutarylan  hasap  edýärler. Şeýle  gysga  wagtda şeýle  tutumly  eposyň  düzülip  gutarylmagy  asla  mümkin  däl.  Eposyň  hakykatdan  hem  öň düzülip gutarylandygyny  tassyklaýan  faktorlar  bolsa  bar. Ýekeje  mysal. Biz Magtymgulynyň “görogly Reýhana niçe ýalbardy, amandyr diýene dyýanat ýagşy” diýen  sözlerinden  soň  eposyň  “Reýhanarap”  şahasyna  göz  öňüne  getirip  bilýäris. Ýokardaky  ýaly  ýagdaýlary  göz  öňüne  tutup , belli taryhçyI.P.Petruşowskiý  “Jelalylar serkerdeleriniň  biri, megerem  irki döwürden bäri aýdylyp  gelinýän, legendalarda  meşhur  bolan Göroglynyň  adyny  dakynypdyr” diýen  netijä   gelýär. Barlaglar  türk  alymy  Aga  Syrryh  Lewendi  hem  şeýle  netijäniň  üstünden gelipir. Ýöne şol  irki  döwürlere  degişli Göroglynyň  kimdigini  anyklamak  başartman gelýär.
Şu  ýerde   şeýle  bir  ýagdaýy  hem  bellemegimiz gerek. Biziň  pikrimize  görä, halkyň  gahrymançylyk  eposy  haýsydyr  bir  taryhy  söweş  hereketleri  bilen bagly  bolýar.  Kem-kemden   şol  wakalar  rowaýatlaşyp başlaýar. Ençeme  rowaýat —  legendalar  döräp  başlaýar. Wagtyň  geçmegi  bilen  şol  rowaýatlar  sepleşip, soňky döwriň  wakalaray   bilen  üsti  doldurylýar. Halkyň  çeperçilik  gazanynda   gaýnap, etine-ganyna gelýär.  Eposa öwrülýär.  Ýagdaý  biziň   “Göroglymyz” babatynda-da şeýledir. Eýsem eposyň  ilkinji  rowaýatlary, onuň esasy  özeni  haýsy  zamanlaryň  taryhy  hakykaty  bilen  baglaşýar? Biz iki-üç  ýyldan türkmen edebiýatynyň  klassygy Andalybyň “Oguznama” poemasynyň  üstünde barlag  geçirdik. Bu  taryhy poemanyň   türkmenleriň  nesilbaşysy  Ogyzhan  hem onuň  söweş    hereketleri  bilen  baglylygy  okyjylara  mälim  bolsa gerek.  Oguznama sýužetini  Andalypdan  başga –da  sekiz  awtor  galam  astyna  alypdyr. Onuň  häzirlikçe  iň  irki  nusgasy  bolup   biziň  eramyzyň VI asyrlarynda  pars  diline   terjime  edilen  “Oguznama”.  Onuň  awtory Ulughan  Ata  bolupdyr. Sýužetiň  dürli  nusgalary, onuň  taryhy   kökleri  bilen  ýakyndan  tanyş  bolmagymyz bizi  “Görogly”  eposynyň  esasynda  ine , şu Oguznama  sýužeti   ýatýan  bolsa  gerek, has takygy, sýužetiň  esasynda   ýatýan taryhy wakalar  onuň  kemala gelmegine   esas bolup  hyzmat  edipdir   diýen  pikiriň  üstünden   eltdi. Özümiziň  deslapky garaýyşlarymyzy  okyýjylar  bilen  paýlaşmak  üçin  hem  golýazma  ýapyşdyk.
Ozaly  bilen,  oguznama sýužetiniň  taryhy  hakykat   bilen baglanyşygy  dogrusynda.  Geçen  asyrda  ýaşan, Orta  Aziýa   halklarynyň  taryhyny   hytaý  çeşmeleri  boýunça   öwrenen  rus  alymy N.Ý.Biçuriniň  toplan  materýallaryna görä, Oguzhan  biziň   eramyzdan  ozalky  ikinji   asyrda  ýaşapdyr. Ol şol  eýýamyň  209-njy ýylynda  gadymy hun  taýpalareyny  birleşdirip,  Hun  döwletiniň   gurupdyr.  Şol  eýýamyň 174-nji  ýylynda  hem  dünýäden  ötüpdir. Hytaý  çeşmelerinde ol Mao-tun   diýlip  atlandyrylypdyr. Bize “Mao”  sözüniň  manysyny aňlatmak  başartmady.  Bu  sözüň  arassa  hytaý  sözi  bolup , harby  derejäni  aňladýan  bolmagy  ähtimal. “Tun” sözi  gadymy  türk  sözi bolup, ol  ilkinji manysyny  berýär. Biziň  pikirimizçe , gadymy  hytaýlylarda  Oguzhanyň  ady  mälim  bolman,  ol  hunlaryň  agzyny birikdirip, ilkinji  döwlet  gurmagy  başaran   bu  şahsa  öz  dillerinde “ilkinji  hökümdar”  diýip  at berendirler! Umuman , Oguzhanyň  Orta Aziýaly  taryhçylar  tarapyndan  Oguzhan, hytaý  taryhçylary  tarapyndan Mao-tun  diýlip  atlandyrylýandygyny N.Ý. Biçuriniň  özi  hem ýörite  belläpdir. Şeýlelik  bilen, ine, şu   Mao-tun  bilen  bagly  taryhy  taryhy  wakalar  kem-kemden   rowaýatlaşan, has  soňky  döwürlerde   Orta Aziýa  halklarynda  oguznama sýužeti  döräpdir.
Oguznama sýužetiniň  taryhy  kökleri bilen “Görogly”  eposynyň  wakalaryny, öwrenmäge  girişmezden  öňinçä    Oguzhanyň  şahsyýeti bilen   eposyň  baş  gahrymanynyň  ady  “köp”   hem “ogul”  sözleriniň  esasynda  emele  gelendigi  dogrusynda  öňem ençeme  gezek  ýazypdyk.  Has dogrusy, ol “Körogly” –“batyryň  ogly” manysyny berip , bu  oňa,  halk  tarapyndan berlen lakam.  Bu  eposyň  özünde  hem   şeýle. Gahrymana ilki Röwşen  ady dakylýar. Bu  barada  Şeýdaýy  has  ygtybarly  maglumatlary  miras  goýýupdyr:

Kör han ogly Ugurjyk , alp,
Gezdi türk  ilin at  salyp,
Körogly oňa at  galyp
Paç alyp geçdi, sagy soly.

Görşümiz  ýaly, eposyň  baş  gahrymanynyň   kakasynyň  ady Kör han eken. Onuň adynyň manysy  bize   aýdyň. Gahrymanyň  öz  ady ugur. Eýsem “jyk”   goşulmasy  näme   diýilmegi  mümkin. Ol  söýgýlilik  ýa-da  kiçijik  sypat.  Derejesiniň  goşulmasy däl. Ol düýp  söz. Gadymy  türki  dilde  bu  söz “ serdar” manysyny  aňladypdyr. Mysal  üçin,”seljuk” sözi   şeýle  ýol  bilen  ýasalypdyr. Gadymy  eždatlarymyzyň  dilinde “sel-sül” goşun, ýygyn  manysyny  berýän  ekeni. Onuň  yzyna  ýokardaky  söz  goşulyp, “sel-žuk”- goşunbaşy, serdar, serkerde  manylaryny  aňladypdyr. Bendiň  ilkinji  setrinde  gelýzn  “alp” sözi hem  gadymy dilde “batyr”  diýmekdir. Şeýlelik  bilen   bu  setrden  “Kör (batyr) hanyň ogly batyr serkerde Ugur”  diýen  many gelip  çykýar.  Bu  bolsa  eposyň  baş  gahrymanynyň  esasy häsiýeti.  Şeýydan  bir  asyr öň   ýaşan  Abylgazy  bolsa Ugurjygy “Salyr Ugurjyk Alp”  formasynda beripdir.  Bu  ýerde  dilimize  häsiýetli  bolan  ses   çalşygynyň   bardygy  görünip  dur. Olaryň  aslynda   bir  adamyň  ady  bolup  gelýändigini   eposyň  genezisini  öwrenijiler  bir  agyzdan  tassyklaýar.
Şeýlelik bilen, oguznama sýužeytiniň  we  halk  eposynyň   baş  gahrymanlarynyň   ady  özüniň  formasy  boýunça   biri-birine –Oguz –Ogur –ýakynlaşýar. Olaryň  bir  kökden  emele gelendigini  tassyklamak  üçin şu ýerde azda – kände  lingwistik  barlagyň  zerurlygy bar.  Taryhçylaryň  köpüsi “oguz”  sözüniň  öküz manysyny  aňladýandygyny  ykrar  edýär. Sowet  alymy A.N.Bernştam, nemes alymy G. Ramstedt  köp  sanly barlaglardan soň  “oguz”  sözüniň  gadymy mongol , türk  dillerinde   öküz  manysyny aňladýan “üker”   sözünden gelip  çykandygyny  anykladylar. Olaryň  tassyklamagyna  görä , has  soň  bu  söz   ses  sazlaşygy  esasynda “ükür”  formasyna  geçipdir. Bize belli  boluşy  ýaly, häzirki  türkmen   dialektleriniň   ençemesinde ökäze “üküz”  diýilýär. Diliň  ösüş  kanunlary  esasanda  gadymy “ükür” sözi  has soňrak  “öküz”  formasyna  eýe bolupdyr. Sebäbi  biziň  eramyzyň VI asyrynda  hem türki  dillerde sözüň  başynda “ö” sesi  bolmandyr. Diňe  soňky  asyrlarda   şeýle  hadysa ýüze  çykypdyr.  Şol  bir  wagtyň özünde  has  soňky  döwürlerde  sözüň  başyndaky  dodak çekimlileriň  “o”-laşmak  hadysasy  hem   rowaçlanyp  başlapdyr. Mysal  üçin   gadymy  türki   dildäki “öçük”  sözi “ojak” , “öge” sözi “oka” , “ögük”  sözi  “ogul” “örlemek” sözi “orlamak”,  “örün”  sözi “orun” , “öň” sözi “oň”  formasyna  geçipdir.  Biziň  pikirimizçe , şu hili  dil özgerişleri  esasanda  iň  gadymy   öküz manysyny  beren  “üker”  sözi  soňky döwürler “okur- ogur”  formasyny  aňladypdyr.
Indi  ýene bir  dil  üýtgeşmesi   barada. Türkologlaryň   köpüsi  gadymy  türki  dildäki soňy “r”  sesi  bilen gutarýan  sözleriň  soňky döwürlerde  “z” sesine  geçmak  hadysasyny  başyndan  geçirendigini  belleýär. Professor  A.M.Şerbagyň  türki  dilleriň  fonetikasyna  bagyşlanan  tutumly  işleriniň   köp ýeri , ine  şu  mesele  bilen  bagly. Gadymy  türki  dildäki  soňy “r” sesi  bilen  gutarýan   sözleriň  käbiri  häzirki   zaman türkmen dilinde   hem saklanypdyr. Ýöne  olar  soňuna  goşulma   goşulyp  durnuklaşan  sözlerde  gabat  gelýär. Mysal  üçin “gyzyl-gyrmyzy”, “göz-göreç”, “köz-körük”, “guduz-gudra”, “semiz-semre”  ýaly  sözler.  Diýmek  bu  hili   dil  özgerişleri  netijesinde  gadymy  öküz  manysyny  beren “üker-ükür” sözleri kem-kemden   üýtgeşmelere  sezewar  bolup , “oguz”  görnüşine  geçendir.  Diýen  netije  çykarmak  bolar.  Jemläp  aýtsak, taryha  diýseň  belent  bolan  Şeýdaýy ( Bu  hakda edebiýatçy B.Weliýew  ýörite  makala ýazdy –A.B.) Görogly  hakyndaky  bir  gadymy  çeşmäni  peýdalanyp  ýokarky setirleri  ýazypdyr.  Gadymy  hytaýlylar  tarapyndan  Mao-yun  diýlen  hun  serkerdesiniň  ady  Üker  bolup, soňky  döwürlerde  onuň  ady  dil  özgerişlerine   sezewar  edilipdir.  Şol  bir  şahsyň  ady  soň-soňlar Ugur, Ogur  görnüşine   eýe  bolup onuň  hereketleri  bilen   bagly  wakalar “Görogly”   atlandyrylan  halk  gahrymançylyk  eposyna , Oguz ady   bilen  hem  ýazuwly  oguznamaçylyk  eposyna , Oguz  ady  bilen  hem ýazuwly  oguznamaçylyk  däbine   aralaşypdyr  diýen  çaklamany  orta atmak  isleýäris.
Diňe  at  meselede däl,  eýsem N.Ý.Biçuriniň  gadymy  hytaýlylar  tarapyndan  Mao-tun  diýlip   atlandyrylan   Oguzhan   hakynda   toplan  maglumatlary  bilen   Göroglynyň  hereketlerini deňeşdirseň , şeýle jürbe-jür  gabat  gelýän  meňzeşlikleriň   üstünden  barýarys. Bize  Göroglynyň  esasy   garşydaşynyň  Hüňkardygy  belli.  Aslynda  bu  söz  ýer-ýurt  ady  bolsa  gerek.  Sebäbi  ol  Görogly   dünýä  inmänkä-de  dünýäden ötendensoňam  bar.  Hytaý  çeşmelerine  görä, Oguz  hanyň   başyny birleşdiren   hun  taýpalary  şol döwürden  “han”  diýlip  atlandyrylýan   hytaýlylar  bilen   hemişe  gyr-ýag  bolupdyr. Şeýle  döwürlerde   ine  şu  hanlaryň  adynyň  yzyna gadymy   mongol  dilinde “halk”, “adam” manysyny  beren “gar”  sözi  goşulyp, “hangar”, “hungar” hem  diýlipdir.  Görşümiz  ýaly , bu ýerde  atlaryň   meňzeşligi  bar.
Hytaý  çeşmelerine  görä, Mao-tun  ýa-da  Oguz  heniz  ýetginjekkä  hanlaryň  hungarlaryň   elinde  ýesirlikde   bolýar. Bir  gün  çemini  tapyp, özüniň  bir  günde  1000  li  ýol  geçýän  argamagy  bilen  ýesirlikden  gaçyp  gutulýar. Öz  iline  gelip, sesli  peýkam  ýasaýar.  Şol  peýkamlary  bilen  ýeňiş  gazanyp, serkerdelik  derejesine  ýetýär. Şu hili taryhy  faktlar  bolsa eposdaky Göroglynyň  Hünkaryň  elinde   ýesirçilikde   bolup  gaçyşy, ýedi  pilden ok  geçirip, ýigit  çykyp, kakasynyň hanlygyna   eýe  boluşy  ýaly  wakalary  biygtyýar  ýadyňa  düşürýär.
Mao-tun  ýa-da Oguzhanyň  söýgüli  aýaly  Ýançji  diýlip  atlandyrylypdyr. Ol biçak owadan  bolupdyr. Elbetde, onuň  aýaly  hytaý  çeşmelerinde   ýazylşy  ýaly  berlipdir. A.N. Bernştam , W.N.Kýuner  dagy bu  ady  “ýaň”  bölegiň   gadymy  türki  dilde  ot  manysyny  aňladýandygyny  belleýärler. Adynyň soňky  bölegi  sap  hytaý  sözi ýa-da   goşulmasy  bolsa gerek. Onuň  nähili  many berýändigini  anyklap  bilmedik. Ýöne başky  böleginden  çen alsaň , onuň “gözel”, “aýal”, “hatyn”  manylaryny  aňladýan  bolmagy  ähtimaldyr.  Şeýle  bolsa Oguz hanyň  aýalynyň   ady  ot  gözel  ýa-da  ot hatyn  manylaryny  berýän bolmaly.  Göroglynyň  aýalynyň  adynyň  Agaýunusdygyna   okyýjylar belet.  Kaşgarlynyň  ýazmagy  boýunça   gadymy  türkilerde   uly aýal dogana ,”aga” sözüniň  gadymy  formasy bolan, “eke” sözi  bilen ýüzlenilipdir. Biziň  pikirimizçe, Agaýunusdaky “aga” sözi  hem şu  däp  bilen  bagly. Indi  adyň  “ýunus” sözi galýar. Gündogarda  Ýunus  ady  ýörgünli. Ýöne  ol  erkek  ady  hasaplanýar. Biz  şu  ýerde şeýle  çaklamny orta  atmakçy. Eger ýalňyşmasak,  bu  söz  şeýle  ýol bilen  emele   gelipdir: sözdäki “ýun”  gadymy “ýan” sözüniň  üýtgedilen görnüşi. Gadymy  türki  dilde “us” sözi  arkaly  owadan , gözel  manylary berlipdir. Häzirki  türkmen dilende “uz”  sözi  hem  şonuň   bilen  bagly.  Şeýlelik bilen bu  at ilki “ýanus” soň “ýunus”  görnüşine   geçip, ot gözel manylaryny  berendir, şeýle  at bolsa   gadymy  türki   halkarda  oduň  keramatly  hasaplanandygy  bilen  bagly diýip  çaklaýarys.  Galyberse-de, eposda hem Agaýunusyň  asly  otdan ýasalypdyr  diýilýär. Bu hem   gadymy  ynanç  bilen baglydyr. Iň esasy bolsa, Mao-yun  hemişe diýen  ýaly  öz  aýalynyň  maslahaty  bilen  hereket  edipdir. Bu  eposda-da  gaýtalanýar. Görogly  Agaýunusyň  maslanatyny  tutmasa  şowsuzkyga  uçraýar.
Mälim  bolşy  ýaly, gahrymançylyk  eposynyň  döremegine il-güni, ýurdy  kese ýerli  duşmanlardan goramak  ugrundaky  uly  söweş  wakalary     esas  edilip alynýar. Şol   wakalar  hem eposyň  özeni  bolýar. “Göroglyda”  şeýle  özen “Kyrkmüňler”  şahasy bolup durýar. Bu  şahada  Hüňkar   Göroglynyň  ýurdyna  goşun çekip  gelýär.  Öňki-soňky  aryny  ýerine   salmagy  maksat  edinýär. Ýöne  wakalaryň  barşy  ony  pälinden  gaýtarýar.  Hüňkar  Gşroglynyň  öňünde   Agaýunusy  hem  gyraty  berseň  söweşmän  yza gaýdaly  diýip  şert  goýýar.  Görogly  ilki  şertleri  bitirmäge  razy  bolan  bolup  oňa  al  salýar. Hüňkaryň  başyny-gözüni aýlap, onuň  goşunlaryny kül-peýýekun  edýär. Hut  şeýle  ýagdaý   biziň  eramyzdan  ozalky 209-njy  ýylda Mao-tun ýa-da  oguzhanyň   durmuşynda  hem  bolup geçýär. Hytaýlylar  onuň  ordasyna   goşun  süärüp, ilki arzyly  Ýançjyny  her  günde 1000 li ýol geçýän  atyny  bermegi  talap  edýär. Mao-yun başda   olaryň  talabyny  berjaý  edýär.  Yzyndan  hem  öz  garşydaşyny  çym-pytrak  edip  ýeňýär.
Mao-tun  ýa-da  Oguzhan   bilen  Göroglynyň   söweş  tilsimleriniň   şeýle jebis   gabat  gelmegi  seni  haýran   edýär. Mao-yun  hemişe  esasy goşunlaryny  bukuda  goýup ,   öz  ýygynyna  az sanly edip   görkezmek  bilen  garşydaşlaryny  aldawa  salypdyr. Eposda  hem  Görogly   bu  tilsimi   ýygy-ýygydan   ulanypdyr. Mao-tun   ýeňilip  gaçan garşydaşyny  kowmagy  halamandyr.  Bu eposda –da   şeýle,  Mao-tunyň  ýa-da  oguzhanyň  goşuny kyrk müňden  ybarat  bolupdyr. Eposda  bolsa bu san has ýygjamlaşdyrylyp, kyrk  ýigide  getirlipdir. Mao-tun  öz  garşydaşyny  ýeňenden soň   asylly  hereket  edipdir. Gyrgynçylyga   ýol  bermän, ola  bilen “ parahatçylyk   hem  garyndaşlyk ”  şertnamasyny  baglaşypdyr. Edil şonuň  ýaly  Görogly  hem  özüne  garşy  çykan  ýeňile  ençeme serkerdeler  bilen  dostlaşýar, dogan okaşýar.
Biz  Mao-tunyň  diýseň  ýyndam atynyň  bolandygy  barada  eýýäm gürrüň  etdik. Ol öz  söweşijilerini  atyň  dört sany  reňki – ak, çal, al (gyzyl), gara – boýunça  bölüpdir. Şu  hili  at  reňkleri barada  eposyň “göroglynyň  döreýşi”  şahasynda  hem gürrüň  edilýär. Biz eposdan” Gyraty hem edil adam jaýlan ýaly , hormatlap Göroglynyň  ýanynda  jaýladylar” diýen  sözleri okaýarys. Beýle däp gadymy  hunlardan  gaýdýan eken. Taryhçylar 1947-nji  ýylda  hunlaryň  mekanynda , Altaýdan  üstünden iki ýarym  müň  ýyl  geçiren edil adam ýaly jaýlanan, doňup  galan aty hem  halyny tapdylar. Halynyň özüniň  dokalyş   tehnologiýasy  boýunça –da, göl-nagyşlary  boýunça-da  häzirki  türkmen halylary bilen  ekiztaýy ýalydygyny alymlar  anykladylar. Belli  taryhçy hem  halyşynas  S.Rudenko  şeýle ýakynlyk  barada gürrüň  edip, bu  haly  hunlara Eýrandan  ýa-da Orta azýadan  düşendir diýen netijä geldi. Pazrak  depesinden tapylan   at barada  bolsa   atçylygy  öwrenýän   taryhçy  W. Kowalewskaýa “bu at ahal-teke  atyndan başga  zat  däl. Meger  ol  söwda öoly, ýa-da harby  maksatlar  bilen  Orta Aziýadan  getirilen bolmaly” diýip ýazdy.  Biziň  pikirimizçe   alymlar  bu  haly hem at   tapyndysynyň  niredendigi  baradaky  meseläni  başgaç goýsalar  has ynandyryjy boljak. Olar  gadymy  hunlarda   halyçylygyň hem atçylygyň   ýokary  derejede  ösendigini  dogry  belleýärler.
Indi  ýene-de  esasy  meselämiz  dogrysynda. Hytaý senenamalary  Mao-tunyň  ertir  turup, dogup gelýän  Güne, agşam  hem   Aýa tagzym edýändigini, öz  söweş  hereketlerini   ýyldyzlaryň  ýagdaýyna  görä  başlaýandygyny  belleýär.  Şeýle  ynançlar “Görogly” eposynda   hem saklanyp  galypdyr.  Görogly  hemişe  “agşamyň  haýryndan ertiriň  şer”   diýen  ynanja gulluk edýär. Öz  etjek hereketlerini  ýyldyzlara seredip, ölçäp-biçýär. Hatda  eposda  onuň   ykbaly  hem  ýyldyz  bilen   baglanyşdyrylýar. Eger  Görogly hem-de onuň aty  ýaralansa, ýyldyz  görende gutulyp, gidýär.  Eposda baş gahryman boş  wagtlaryny  şatlyk-şagalaň  bilen geçirýär. Aw  edýär. Hatda  onuň  duşmanlary-da  Göroglynyň  meýlislerini  görmegiň , onuň  aýdym sazlaryny  diňlemegiň   arzuwynda  bolýar. Edil  şonuň  ýaly  Mao-tunyň  hem  gowy  görýän  güýmenjesi  aw  bolupdyr.  Onuň  şatlykly  ýaşaýşy  hytaý  serkerdelerini  özüne  maýyl   edipdir.  Şol  serkerdeleriň  ençemesi  onuň  tarapyna  gaçyp  geçipdir.  Mao-tun  henişe  öz  hereketlerini  ýaşulylaryň  geňeşi boýunça  alyp  barypdyr. Biz  şeýle ýagdaýy eposda-da  görýaris.
Türkologlar  gadymy  hunlaryň  diliniň türki  dil  bolandygyny  ykrar  edýär. Ýöne  olaryň  diline   degişli  ýazuw  ýadygärlileri  biziň  gülerimize  çenli  saklanyp   galmandyr. Häzirlikçe  olaryň  dilinden  ýekeje  söz  belli. Ol hem  “sagdak”  sözi.  Bu  söz ok-ýaýyň  gabyny aňladýar.  Soňky  döwür   türk  dillerinde   bu  söz  ulanyşdan  galandyr.  Gyzykly  ýeri “sagdak” sözi sol gadymky  manysynda türkmen “Göroglysynda”   saklanyp  galypdyr. Ol  eposyň  dokuz  ýerinde   gabat gelýär. Mao-tun dogrysynda gürrüň  berýän hytaý  çeşmelerinde “orda”, “argamak”  öaly köne  sözler  ulanylypdyr. Şu  hili gadymy  sözleri  türkmen  eposynda hem tapyp  bolýandygy  täsindir. Edil şonuň ýaly, mao-yunyň  döwründe hunlar  üç  birleşikden   ybarat   bolan  Hun  döwletini  gurupdy.  Şol  birleşigiň  biri “ koýan”   diýlip atlandyrylypdyr.  Hytaý  çeşmeleri  bu  söziň  türki söz  bolup, towşan  manysyny  berýändigini  aýdýar.  Bu  söz  hem türkmen  “Göroglusynda”  saklanypdyr. Biz her ýurduň tilkisini ýz koýany bilen awlarlar” diýen gadymy  atalar  sözüne gabat gelýäris.
Öňde  oguznam  sýužetinde köp sanly  awtorlaryň   öz  döredijilik  güýjüni  synap  görendigini aýdypdyk. Sýužet  halk arasynda  agzeki  görnüşde  hem  ýörgünli  bolupdyr.  Muny Abylgazynyň  “Türkmeniň   ýaşulylary  meniň  ýanyma   gelip  bizde  opguznam köp diýdiler” diýen sözleri  hem tassyklaýar. Başda  bellenilişi  ýaly, sýužet juda  irki  döwürlerde düzülip  bitewileşipdir. Biziň elimizdäki XVI asyrda  gadymy  uýgur  elipbiýinde   göçürilen   bir  oguznama bar. Onuň  dilinde   gadymy   dil  elementleriniň   köpdügi, irki  zamanlaryň däp-dessurlarynyň,  ynançlarynyň  şöhlelenýändigi ,  eserde  yslamyň   täsiriniň  asla  duýulmaýanlanlygy   alymlary  bu  oguznama  irki  döwürde  ýazylyp, soň  uýgur  elipbiýinde  täzeden  göçärlipdir.  Diýen  pikire  eltýär. Onuň  Ulughan  Atanyň  baryp VI asyrda  pas  dilinde   terjime  edilen “Oguznamasy”  bolmagy  mümkin diýip  çak edilýär. Akademik W.M. Žirmunskiý  dykatly  degşrimelerden  soň    oguznama sýužeti   gyrgyzlaryň  “Manas”  eposynyň  düzülmegine   öz  täsirini   ýetiripdir  diýen  netijä  geldi.
Aslyýeti gadymy bolup, soň uýgur elipbiýinde  göçürilen  bu  oguznamada  çeperçilik  agtaryşlaryny  hem  görýäris.  Bu  oguznamada  Oguzhanyň   dünýä  inişi, onuň  çagalaryk  ýyllaryndaky  hereketleri, öýlenişi   çeper fantazýanyň eleginden geçipdir.  Olar  bolsa türkmen  “göroglysyndaky”  baş  gahrymanyň ýaşlygy  bilen  doly  diýen  ýaly  bap  gelýär.  Şoňa esaslanyp   biz  şeýle netije  çykaryp  bilýäris. Mao-tun ýa-da Oguzhanyň   taryhy  hereketleri  halk  arasynda rowaýatlaşyp, oguznama  sýužeti  düzülipdir.  Sýužet  ilki  başda esasan anyk taryhy  maglumatlara  esaslanypdyr. Kem-kemden  oňa   çeperçilik suwy berilip  başlanypdyr. Soňky  döwürde  uýgur  elipbiýinde   göçürilien  oguznama  onuň  ilkinji  nusgalarynyň  biri bolmaly.  Irki döwürlerde   düzülip  gutarylan  sýužet  orta asyrlardan  başlap  iki    ýol  bilen   ösüp  başlaýar.   Birinji  ýol  onuň  ýazuwly  çeşmelere  aralaşmagy. XI asyrdan  başlap  oguznama sýužeti  taryhnamalaryň   köpüsine  aralaşypdyr. Ýöne  awtorlar  oňa   taryhy  materýal  höküminde  seredipdir.  Oguznama sýužetiniň   ikinji  ösüş  ýoly   agzeki  halk döredijiliginde  dowam edipdir.  Halk  köpçiligi   Mao-tun ýa-da Oguzhan hakyndaky taryhy maglumatlary aňynda ýaşadypdyr. Baryp irki  zamanlarda bitewileşen, çeperleşdirilip  başlanan sýužetiň çeperçilik  ýugurymyny   nesilden-nesle  ýetirip  gelipdir.  Oňa  özüniň   soňky döwürdäki  durmuşyny,  ykbalyny  siňdiripdir. Sýužetiň öňden gelýän käbir  detallary aýrylypdyr. Ýöne  esasy  özen  saklanypdyr. Şeýdip uzak  asyrlaryň döredijilik  zähmeti  bilen halk  gahrumançylyk  eposy “Görogly” döredilipdir. Halkymyzyň  bu  uly çeperçilik  hazynasynyň   ýüze çykyşy   hem  onuň   döreýşi  dogrusyndaky biziň orta  atýan şahsy garaýşymyz ine, şunuň  ýalydyr.

Soñy Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle