|

Orta Aziýa syýahat -7/ dowamy

Orta Aziýa syýahat -7/ dowamy ORTA AZIÝA SYÝAHAT

VIII bap

Eýýäm birnäçe sagadyň dowamynda alysdan eşidilýän gök gürrüldisi ýarygije uçurlary biziň üs­tümize geldi. Pat-­pat edip daman iri ýagyş damjala­ry biziň teşnelik ejirinden dynanymyzyň buşlukçy­sydy. 24-­nji maýda biz özümize üç günläp hunaba ýuwutdyran çöllügiň çetine çykdyk. Toýunsow top­raga gadam basdygymyz, kak suwuna duşjagymy­za ynamymyz bardy. Kerwenbaşynyň keýiklerdir gulanlaryň köpsanly yzlaryny saýgarmagy şol yna­mymyzy tekrarlaýardy. Ol öňe okduryldy­-da, il­kinji bolup kiçijik kölçäniň üstünden baryp: «Suw! Suw!» diýip, kerwene buşlady. Entek dodaklary­myzy ölläp, teşneligimizi gandyrmadygam bolsak, öňki howsalamyz zym uçan ýaly bolup, ählimiz şatlygymyzdan ýaňa gygyryşýardyk.
Günortan düşmeli ýerimize ýygnandyk. Soňra ýa­gyş suwundan dolan kölçeleriň ýene­de birnäçesini tapdyk. Men käsämdir meşigimi häzirläp, ilkinji bo­lup, suwa tarap okduryldym. Beýtmekden maksadym ― her kim ýerli-­ýerden käselerini suwa batyryp, bu­landyraýmankalar meşigimi doldurmakçydym.
Ýarym sagat geçensoň, hemmämiz ertirlik na­haryna oturdyk. Häzirki ýagdaýymyzyň biz üçin nähili lezzetlidigini beýan edäýmek aňsat düşmese gerek. Däli Ata atlandyrylýan düşlegimizden Hywa çenli aralykda meşiklerimiz hemişe suwdan doly boldy. Syýahatymyzam hemişe o diýen bolmasa­da, iň bärkisi, üýtgeşik ejirli­hä bolmady.
Agşamlyk baryp ýeten ýerimizde bahar özü­niň ähli ajaýyplygy bilen hökümini ýöredýärdi. Biz daş-­töweregi gök otlar bilen jäheklenen san­-sajaksyz kölçeleriň ortasynda düşledik. Häzirki ýagdaýymyz düýnki günümiz bilen deňeşdire­niňde, birhili, düýşe çalym edýärdi. Hemme­sinden ýakymlysam ― indi üstümize çozulmak howpundan halas bolandygymyz baradaky ha­bardy. Öler ýaly gorkýan belamyzdan dynanam bolsak, ýene bir gije ot ýakmazlygymyzy haýyş etdiler. Çöl perzentleriniň garaşylmadyk ýerden beýle bol suwa duşmagymyza biziň takwa ha­jylygymyzyň netijesi saýýandyklaryny belläsim gelýär. Biz meşiklerimizi suwdan dolduryp, diý­seň keýpi kök halda ýola düşdük.
Şol günüň agşamsy biz köpden bäri ýetmegi ar­zuwlan jarymyzyň gyrasyna bardyk. Onuň aňyr­syndan Gaplaňgyr, şol jardan bolsa Hywa hanlygy­nyň çägi başlanýardy.
Üç ýüz fut çemesi belentlikdäki tekizlige çykmak adamlara­da, haýwanlara­da juda azap berdi. Ol te­kizlik adatdan daşary üýtgeşikdi. Ol ýerden tä gözü­miziň ýetýän ýerine çenli aralygy synlanymyzda, biz göýä çäge deňziniň ortasyndaky adada duran ýaly­dyk. Çuň jaryň gutarýan ýerini synlamaga mümkin­çiligimiz ýokdy. Şonuň üçinem onuň Amyderýanyň gadymy hanasydygy, Gaplaňgyryň bolsa birçaklar ada bolandygy baradaky türkmenleriň gürrüňlerine ynanmazlyga hiç hili delilimiz ýokdy.
Ol ýerleriň topragynyň düzümi, ösümlikleri hem haýwanlarynyň köpdügi babatda çölüň beý­leki ýerlerinden tapawutlanýandygy görnetin bil­dirip durdy. Iki-­ýeke ýa­da kiçiräk topar bolup ýören keýiklerdir gulanlary biz ozalam görüpdik. Ýöne olaryň şol ýerde süri-­süri bolup ýörmegi meni haýran galdyrdy.
Gaplaňgyra baranymyzyň ikinji güni bolsa gerek ― günortanlar demirgazyk tarapda ägirt uly tozana gözümiz düşdi. Kerwenbaşy hem beýleki ähli türk­menler ýaraga ýapyşdylar. Gorkunç tozan golaýlaş­dygyça, biziňem howsalamyz artýardy. Ahyrsoňy üstümize bosup gelýän ol agyr ýygynyň nämedigini saýgardyk. Kerwenimiziň baştutanlary ýaraglaryny aşak ýatyrdylar. Men gündogar häsiýetine wepaly boljak bolup, bilesigelijiligimi daşyma çykarman, näçe çytraşsam­da, içimi it ýyrtýardy.
Tozan barha golaýlaşyp gelýärdi. Elli metr ara­lyk galanda göýä diýersiň, ala tapyrdy bolup gelýän müňlerçe atly edil buýruk berlen ýaly, birden tog­tady. Dogry hatarlara düzülen ummasyz köp sanly gurat gulanlara gözümiz düşdi. Olar birnäçe minut­lap bizi üns bilen synladylar-­da, bütinleý başga hili jandardygymyza göz ýetirip, günbatar tarapa peý­kam ýaly süýnüp gitdiler.
Eger Hywa tarapdan syn etseň, Gaplaňgyr göni diwara çalym edýär. Onuň çet­ gyralary gözýetime ugurdaş bolup, göýä diýersiň, suwy dek düýn çeki­len ýaly, şeýle endigan, tekiz.
Bir gün soň, 28­nji maýda ir bilen gönüburçly giňligi on iki iňlis miline barabar bolan Şorköle ýetdik. Biz musulmanlar üçin hökmany bolan gu­sul däbini ýerine ýetirmek üçin ol ýerde alty sagat­lap düşlemegi makul bildik. Üstesine­de, ol gün ys­lamyň iň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramydy. Ýoldaşlarym düwünçeklerini çözüp, ondan arassa köýneklerini çykardylar. Alaýaýyn diýenimde­-de, meniň düwünçegimde arassa ge­ýim-­gejim ýokdy. Bilal hajy maňa öz köýnekleriniň birini hödürledi. Göze dürtülip duran garyplygym şübheden has ygtybarly gorar diýen pikire ten be­rip, men köýnegi almakdan boýun towladym.
Ýüzüme siňen kirdir çägäniň galyň gatlagyny aý­nada synlap, gülkimi saklap bilmedim. Dogrymdan gelsem, çölüň içinden geçip barýarkak, häli­-şindi ýuwnara ýagdaýym ýok däldi. Ýöne: «Kir meni ýa­kyp-­ýandyryp barýan jöwzadan oňat gorar» diýen pikire eýerip, bilgeşleýin ýuwunmazdym. Emma onuň haýry degmedi.
Şol syýahatymda başdan geçiren ejirlerimden köp zatlar maňa ömürlik ýadygärlik galdy. Diňe bir men däl, eýsem ýoldaşlarymam teýim etmek däbi­ni berjaý edip, has­da betnyşan hala düşdük. Sebä­bi dindarlar çägedir kirşene ýuwnup, hapa has be­ter bulanýardylar. Täret kylyp bolanymyzdan soň, dostlarymyň özüm bilen deňänimde, has sypaýy görnüşdediklerini gördüm. Olar bu bolşuma haýpy gelip, her hili geýim­-gejim hödürlediler. Ýöne men olaryň hödürinden ýüz dönderdim. «Meni tä Hywa hanynyň özi geýindirýänçä garaşjak» diýdim.
Biz dört sagat bäri ýylgyn jeňňelliginiň içi bilen gidip barşymyza bir hywaly özbege gabat geldik. Ol bizi Hywadaky ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Atly­ny görmek biz üçin her näçe ýakymlam bolsa, ony günortan naharyndan soň, birnäçe taşlandy jaýlara gözümiz düşendäki başdan geçiren duýgymyz bilen deňeşdirer ýaly däl. Sebäbi Parsystanyň serhedin­däki Garadepeden çykalymyz bäri öýi ýatladýan hiç zada gözümiz düşmändi. Birnäçe ýyl mundan ozal ilat ýaşan bu jaýlar gündogar tarapdaky Mädemin obasynyň bir bölegi eken. Halys ideg edilmedik bu ýeri on bäş ýyl mundan ozal Muhammedemin öz eline alyp, gysgaldylan adyny dakypdyr. Iň soňky uruş Türküstanyň beýleki köp ýerlerinde bolşy ýa­ly, bu obany hem tozduryp, gum-­gukluga öwrüpdir.
Şol gün irden (29­njy maýda) men «Demirgazyk­ gündogara ― ýagny, Hywa tarapa däl­de, dogry de­mirgazyga barýarys öýdýän» diýip oýlandym. On­dan­-mundan soraşdyryp, howpsuzlyk üçin öwrümli ýoly saýlap alanymyzy anykladym. Düýnki gabat gelen özbegimiz bize ägä bolmagy maslahat beripdi.
Şol gün agşam biz gorkudan bükgüldäp, ýolu­myzy dowam etdik. Ertesi irden bolsa sagda-­sol­da gurlan çadyrlary görüp, diýseň begendik. Ähli ýerde «Hoş geldiňiz!» diýip, şatlyk­-şowhun bilen garşylaýardylar. Bu ýerdäki ilatyň köpüsi bilen go­wy tanyş ýoldaşymyz Ylýas haýal etmän gyzgyn çörekdir beýleki azyklary tapmagyň ugruna çykdy. Oljasy oňup gelensoň, ol bize et, çörekdir gymyz paýlady. Bir sagat geçip-­geçmänkä­de, keramat­ly hajylar bolan biziň elimizi ogşamak üçin dindar çarwalar daşymyzy gurşady. Dört­-bäş gezek pata berenimden soň, maňa az-­owlak çörek, birnäçe bö­legem düýe, ýaby hem goýun etini berdiler.
Ýolda birnäçe ýabyň üstünden geçip, günortana golaý Hanabat atlandyrylýan boş gala ýetdik. Onuň belent, dörtburç diwarlary üç mil çemesi aralykdan görünýärdi. Biz uzak günümizi hem agşamymyzy şol ýerde geçirdik. Gün ýakyp-­ýandyryp barýar­dy. Düşegiň gaty ýer, ýassygyň daş bolsa­da, di­waryň kölegesinde irkilmek diýseň lezzetlidi! Biz Hanabatdan Gün dogmanka çykdyk. Gala Hywa­dan bary­-ýogy ýigrimi bäş mil aralykda ýerleşen hem bolsa, uzak günüň dowamynda ýekeje çadyra­da gözümiz düşmedi. Agşamara biz ýene­de çäge alaňlaryna maňlaýymyzy diredik. Men ýene özümi çöldemikäm öýtdüm.
Çaýlap oturan wagtymyz birden örä kowan dü­ýelerimiz howsala düşüp, gapdalymyzdan patanak­laşyp geçdiler. Biz olary kimdir biri ürküzendir öýt­dük. Dogrudanam, tizden bize tarap gelýän bäş atla gözümiz düşdi. Ýerli­-ýerden çaýlarymyzy goýup, ýaraglarymyza ýapyşdyk­da, göni hatara düzüldik. Atlylaryň gelşi haýaldy. Tizden olaryň başda çak edişimiz ýaly, duşman däldiklerini bildik. Ol atlylar Hywa çenli bizi goraglamak üçin iberilipdir.
Ertesi gün irden (30­njy maýda) biz özbek oba­syna ýetdik. Kümüşdepe bilen Hywanyň arasyn­daky çöl şol ýerde gutarýardy. Ol obanyň ilaty meniň gören ilkinji özbeklerimdi. Özlerem örän oňat adamlar. Ýurduň däbine eýerip, biz ähli öýe girip çykdyk, doga okap, köpsanly sadaka ýyg­nadyk. Ol ýerde özüme mähriban bolan Günba­taryň birnäçe zadyny görüp, ýüregim şatlykly gürsüldedi. Biz şol günüň özünde Ylýasyň öýüne ýetip biljekdik. Sebäbi Hywa ýomutlarynyň ýa­şaýan, Akyýap atlandyrylýan obasy şol ýerden başlanýardy. Ýöne biziň dostumyz garaşylmadyk myhman bolup barmazymyz ýaly, bilgeşlin haýal-­ýagal deprenýärdi. Şoňa görä­de, biz onuň obasyndan iki mil daşlykda, daýysy Allanazar baýyňkyda düşledik. Onuň tutjar baý daýysy bizi güler ýüz bilen garşylady.
Ylýas şol aralykda aýalyny görmek hem biziň barjagymyzy habar bermek üçin öýlerine gitdi. Biz onuňkyda ertesi gün irden (1­nji iýunda) düşledik. Onuň san-­sajaksyz dogan­-garyndaşlarydyr tanyşla­ry bizi garşylamaga çykdylar. Olar maňa ýaşar ýaly gowy, arassa çadyr görkezdiler. Ýöne men bagda bolanymy kem görmedim. Sebäbi köpden bäri zar bolanym üçin kalbym kölege küýseýärdi.
Ýarym oturymly türkmenleriň arasynda bola­nymdan soň (meniň beýle diýýänlerim ― öz öýle­rinde diňe wagtlaýyn ýaşaýanlar) meni ähli zatdan beter çarwalaryň öýi ýada salýan zatlardyr dogry durmuş ýörelgesini alyp barýanlara bolan ýigrenç­leri geň galdyrdy.
Biraz dynç alyp, kerwenimiz paýtagt tarapa ýola düşdi. Biz her hepde-de bazar bolýan hem ähli ba­batda Hywa durmuş edähedi agalyk edýän Gaza­wadyň üstünden geçdik. Biz gijämizi Şyhlar gala­synyň öňündäki öleňlikde geçirdik. Men bu ýerdäki ýaly köp hem gaty çakýan çybynlara häzire çenli hiç ýerde gabat gelmändim. Olar uzak gije adam­lara­da, haýwanlara­da näçe diýseň ejir berdiler. Birnäçe sagadymy çirim etmän geçirenim üçin, ir bilen düýä münenimde ýagdaýym meňki bolsun diýerlik däldi. Bagtymyza, bahar paslynyň ajaýyp­lygy tiz wagtdan çeken ejirlerimizem, ukusyzlygy­myzam unutdyrdy.
Hywa golaýladygymyzça, otlar barha ösgün gö­rünýärdi. Men öz ýanymdan: «Çölüň henizem göz öňünde gaýmalaýan ýowuz keşbi bilen deňäniň­de, Hywa diýseň ajaýypdyr» diýip oýlanýardym. Emma beýle däl eken. Hywanyň gyrak ­çetleriniň berkitmä çalym edýän, boý derekleriň kölegesine çümüp oturan kiçijik howlulary, ajaýyp öleňlerdir meýdanlary (Ýewropanyň gözel ýerleriniň ençe­mesinde bolup görenem bolsam), şol ozalky gör­küni ýitirenok. Bu ýerler Gündogar şahyrlaryna has üýtgeşik ylham berse gerek¹
[¹Eser gysgaldylyp alyndy]

Soňy.

Arminiý Wamberi

Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow­ Ýol ýazgylary

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle