| |

Orta Aziýa syýahat -2/ dowamy

Orta Aziýa syýahat -2/ dowamy ORTA AZIÝA SYÝAHAT

II bap

1863-­nji ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda men ýene­de Tährana gelip, myhmansöýer türk dostla­rymyň aladasy bilen gurşaldym. Mende öwrülişik ýüze çykyp, ýaýdanjaňlygym zym uçan ýaly bolup­dy. Her näme­de bolsa, gitmeli diýen karara gelip, gyssanmaç ýol şaýyny tutup ugradym. Köpden bä­ri Parsystanyň üsti bilen Türk imperiýasyna gelýän köpsanly hajylardyr derwüşlere türk ilçihanasynyň az mukdarda-­da bolsa pul kömegini bermek edähe­di bardy. Bu Parsystandaky betbagt sünni gedaý­lar babatda alanyňda, gönüden-­göni haýyr­ sahawat işidir. Sebäbi şaýy parslar olara kör-köpügem bere­nokdylar. Ilçihananyň jaýyna Türküstanyň iň çetki ülkelerindenem gelmişekleriň dökülip durmasy şu ýagdaý bilen baglydy. Bu wagşy, egin-­eşikleri sal­-sal tatarlary öz otagymda görmek meniň üçin adat­dan daşary ýakymlydy. Olaryň öz ülkeleri barada berýän peýdaly maglumatlary meniň flologik gy­zyklanmalarym üçin diýseň peýdalydy. Meniň açyk göwünliligime haýran galsalaram, munuň nämäniň hatyrasyna edilýändigini bilenokdylar. Tizden ola­ryň bolýan kerwensaraýyna soltanyň wekili Haýdar ependiniň rehimdar adamdygy, Reşit ependiniň (bu meniň özüme dakan adym) derwüşler bilen do­gan ýaly gadyrlydygy, onuň geýmini üýtgeden der­wüş bolaýmagynyň ahmaldygy barada gürrüň ýaý­rady. Bu gürrüň halkyň gulagyna ileni üçin Tährana gelýän derwüşleriň ilki meniň ýanyma gelip, soňra ilçiniň ýanyna barmaklary geň däldi. Ilçini hemişe tapybam bolanokdy. Şonuň üçinem meniň ýanyma gelip, pullaryny alýardylar ýa­da beýleki isleglerini kanagatlandyrýardylar.
Şeýlelikde, 20­-nji martda meniň ýanyma dört sany hajy gelip, özlerini soltanyň ilçisiniň ýanyna eltmegimi haýyş etdiler. Olar yzlaryna – Mekgeden Hemedana gelýärkäler pullaryny alandyklary üçin Parsystanlylaryň üstünden arz etmekçi bolýardylar. Sünnilere berilýän şol puly almagy pars şasy goldanokdy, soltan bolsa birçak gadagan edipdi. Şu ýerde bir zady – hoşniýetli tatarlaryň bütin dünýä olaryň dininiň baştutany bolan soltana boýun synmalydyr diýip pikir edýändiklerini belläp geçmek gerek¹.

[¹ Ähli sünnileriň pikiri boýunça, Muhammediň kanuny oruntutary bolan adam, birinjiden, bibaha mirasa – hususan­da, oňa girýän şu zatlara: Stambulda, Girkan – Sidede saklanylýan sagada, pygam­beriň bir söweşde ýitiren sakgalyna hem dişine, geýimlerine ilkinji dört halifa degişli bolan Kurana hem ýaraglara; Ikinjiden, Mekgä, Medinä, Ierusalime hem musulmanlaryň zyýarat edýän beýleki ýer­lerine eýe bolmaly.]

Olar: «Biz onuň alyhezretleri ilçiden pul soram­zok. Biz diňe mundan beýläk biziň sünni doganlary­myza keramatly ýerlere päsgelçiliksiz barmaga yg­tyýar berilmegini soraýarys» diýýärdiler. Gündogar adamynyň şu hili hoşniýetliligi meni juda haýran galdyrdy. Men öz myhmanlarymyň gödek keşple­rine ünsli syn edip ugradym. Dogrymy aýtsam, daş görnüşlerinden baryp ýatan wagşy ýaly görünseler­de, geýnişleri aňrybaş eleşanam bolsa, päkliklerine, açykgöwünliliklerine göz ýetiren ilkinji pursadym­dan başlap, olary sulhum aldy. Men olar bilen uzak wagtlap söhbetdeş bolup, bile gezýän ýoldaşlary, Mekgä barýançalar geçýän ýollary, Tährandan çy­kyp, haýsy tarapa gitmek hyýallarynyň bardygy barada jikme­-jik soraşdyrdym. Aýratynam, şol to­parlaryň birindäki Hytaý Tatarystanyndan (oňa Kiçi Buhara­da diýýärdiler) gelýän hajylaryň biri bilen has köpräk gürleşdim. Ol ýyrtyk jindesiniň üstün­den täze gök reňkli geýim geýen, başy ullakan ak selleli, tekepbir garaýyşly, gözleri oýnaklap duran, beýleki ýoldaşlaryndan artykmaçlygy äşgär görnüp duran adamdy. Ol maňa özüniň Wanganyň (Hytaý ýerli häkiminiň) köşk ymamydygyny, ýerliginiň Aksuwdandygyny (Hytaý Tatarystanynyň welaýa­ty), keramatly ýerlerde eýýäm iki gezek bolandy­gy sebäpli, iki mertebe hajydygyny gürrüň berdi. Ol meni öz ýanynda oturan dosty bilen tanyşdyrdy. Beýleki oturanlaryňam ýigrimi dört adamdan ybarat hajylaryň kiçijik kerweniň baştutanydygyny aýtdy. «Biziň toparymyz ýaşlardan hem garrylardan, baý­lardan hem garyplardan, takwa, alym hem dünýe­wi adamlardan ybarat. Biz adatdan daşary ýönekeý durmuşda ýaşaýarys. Sebäbi biziň hemmämiz Ho­kantdan (Kokant) hem Kaşgardan bolup, aramyzda hernä buharalylardan birem ýok» diýip düşündirdi. Orta Aziýanyň özbekleriniň (tatarlaryň) täjiklere (gadymy parslara) bolan duşmançylykly gatnaşyk­lary maňa öňdenem bellidi. Şonuň üçinem sözlerini bölmän diňledim­de, diňe olaryň indi haýsy tarapa ýola düşjekdiklerini soramak bilen çäklendim.
Tatarlar şeýle diýdiler: «Tährandan öýmüze çen­li dört ýol bilen gidip bolýar. Birinjisi – Astrahan­ Orenburg­-Buhara, ikinjisi – Maşat-Hyrat -Buhara, üçünjisi – Maşat­-Merw-­Buhara, dördünjisi – Türk­men çölüniň içi bilen Hywa, soňam Buhara. Ýolla­ryň başky ikisi örän gymmat düşýär, Hyrat urşam onuň üstesine. Soňky ikisi örän howplam bolsa, oňa garamazdan, biz olaryň birini saýlaýmaly. Şo­ nuň üçinem, dostlukly maslahatyňyza mätäç bolup, size ýüz tutýarys».
Biziň gürrüňleşip oturanymyza eýýäm bir sagat boldy. Olaryň göwnaçyklygyny söýmezlik müm­kin däldi. Olaryň başga ýeriň adamlarydygyny tek­rarlap duran geň boluşlaryna, sal-­sal geýimlerine, uzak hem ejirli ýollardaky jahankeşdeligiň galdy­ran yzlaryna garamazdan, «Men Orta Aziýa şula­ra daklyşyp gidäýsem, nähili borka?» diýen pikir aňymda gaýmalaýardy. Bu meselede maňa şular­dan gowy maslahatçy ýokdy. Üstesine­de, bular meni derwüş Reşit ependi diýip tanaýarlar. Meni şol görnüşde türk ilçihanasynda görüpdiler. Bu­lar Buhara diýseň beletdiler. Menden ozal Buhara taýa ugrap, janlaryndan jyda düşen syýahatçylary bilýänim üçin Orta Aziýanyň bu şäherinden, dog­rudanam, gorkýardym. Men uzak oýlanyp durman, göwnümi bire bagladym.
Özümden beýle syýahata baş goşmagymyň se­bäpleri barada sorajaklaryny bilýärdim. Gündo­gar adamyna ylmy maksatlarym hakynda aýtmaly däldigine meniňem aklym çatýardy. Olaryň ylmy maksat bilen şu hili howp­-hatarly ýola ugramagy­my gülkünç hasap etmekleri, belki­de, şübhe asty­na almaklary ähtimaldy. Gündogar adamlary ylma teşneligiň nämedigine düşünmeýärler, hatda beýle zadyň bolup biljegine­de ynanmaýarlar. Muny yň­darma musulmanlara subut etjek bolmagyň aňrybaş nadanlyk boljagy bellidi. Şeýle ýagdaýda galma­gym maňa aldaw ýoluny saýlap almaga itergi berdi. Eger başga hili ýagdaý bolanlygynda bu ýola baş urup­-urmazlyk barada oýlanmaly bolardym. My­sal üçin, men olara köpden bäri Türküstany (Orta Aziýany) görmegi kalbymda besläp gelýänimi aýt­dym. Bu islegimiň diňe bir ol ýerde yslamyň päk ahlaklylygyny arassa durkunda görmekden başga­-da, Hywanyň, Buharanyň hem Samarkandyň kera­ matlaryny synlamak eşreti bilen baglydygyny düşündirdim. «Bu isleg meni Rumy (Türkýäni) terk etmäge iterdi. Şonuň üçin bir ýyllap Parsystanda garaşdym, ahyram Hudaýyň eradasy bilen şol ni­ýetlän arzuwyma alyp barýan ýoly bilelikde geçip biljek siz ýaly (men olara tarap ümledim) ýoldaşla­ra gabat geldim» diýip tekrarladym.
Meniň bu gysgajyk sözümi diňlän hoşniýetli tatar­lar ilki juda haýran galdylar. Soňam tizden özlerini dürsäp, başda meniň derwüşdigime şübhelenenem bolsalar, indi ynanýandyklaryny aýtdylar. Şu hili alys hem howply ýoly bile geçmek üçin mynasyp ýoldaş hökmünde özlerini saýlanyma diýseň şatdyk­laryny mälim etdiler. „Biz siziň diňe bir dostuňyz däl, hyzmatkäriňiz bolmaga­da taýýar“ diýip, Bilal hajy seslendi (meniň öňde söhbetdeş bolan adamy­myň ady şeýle ekeni). «Ýöne Türküstana barýan ýollaryň Parsystanyň, Türkiýäniň ýollary ýaly amat­ly hem howpsuz däldigini size duýdurmagymyz ge­rek. Ol ýollara düşen adamlaryň tutuş hepdeläp ýa­typ-­turara jaýsyz, çöreksiz, käte ýeke damja suwsuz oňmaly bolýan wagtlary­da bar. Mundanam beteri, olaryň üstüne ölüm, ýesir alnyp, gul edilip satylmak ýa­da harasat gopup, diriligiňe çägä gömlüp galmak howplary­da abanýar. Şu zatlar barada gowja oýla­nyň, ependi! Siz, belki, şol zatlar başyňyzdan inen mahaly toba­da gelersiňiz, ýöne biz welin, siziň bet­bagtlygyňyzyň alaçsyz sebäpkärleri bolarys. Öňi bi­len bir zady – siziň watandaşlaryňyzyň tejribe hem dünýä akyl ýetirmek babatda bizden kän yza galan­dyklaryny unutmaň. Her neneň myhmanparazdykla­ryna garamazdan, alysdan gelenlere hemişe şübheli garaýarlar. Has beterem – siz bu alys syýahatdan nä­dip bizsiz, ýeke özüňiz yzyňyza gaýdarsyňyz?»
Bu sözleriň maňa nähili güýçli täsir edendigini göz öňüne getirmek kyn bolmasa­da, ýüregime dü­wen maksadymdan dönderip bilmedi. Dostlarymyň howsalasyny köşeşdirmek üçin men olara her dür­li kynçylyklara werdiş bolandygymy, zeminiň ähli elpe-­şelpe ýaşaýşyny, aýratynam, franklaryňkyny ýigrenýändigimi, olary terk etjegime ökünmeýän­digimi aýtdym.
«Zeminimizdäki ýaşaýşymyzyň myhmanhana çalymdaşdygyny, onda birnäçe gün myhman bolup, ornumyzy başgalara goýup gitmelidigimi bilýän» diýdim. Häzirki musulmanlaryň ömürlerini minutlar bilen ölçemän, ýene onlarça ýyl ýaşamaga bil baglaýandyklarynyň meniň üçin gülkünçdigini aýt­dym. «Mähriban dostlar, meni öz ýanyňyza alyň, günäniň bu ýigrenji şalygyny tizräk terk edesim gelýär. Ol halys ýüregime düşdi!» diýdim.
Bu ynandyrmalarym ähli päsgelçilikleri böwüs­di. Olar maňa garşy çykyp bilmediler. Derwüşler kerweniniň baştutanlary haýal etmän meni özleri­ne ýoldaş edip aldylar. Olarda kabul edilen bu dä­bi keşdim çekmese­de, biz gujaklaşyp ogşaşdyk. Olaryň özlerine hem her hili yslar siňip, aňkap du­ran geýimlerine beýle ýakynlaşmak aňrymy bärik getirdi. Näme­de bolsa, iş bitdi. Maňa diňe öz ho­wandarym Haýdar ependi bilen görşüp, ýüregime düwen niýetimi habar bermek, haýal etmän gaşyna eltip biljek hajylaryma hemaýatkärlik etmegini ha­ýyş edäýmek galypdy.
Özümden ozal gitmegi küýlenýän ýerlerime ug­rap, sag­aman dolanyp gelenler azam bolsa, herki kynçylyklara garamazdan, syýahata gitmäge göw­nümi bire baglanym üçin bu niýetime has güýçli garşylyk bolar öýdüp tijendim. Ýol azabyndan eý­menmeýänimi bilensoňlar, olar meniň bilen ýoldaş boljak adamlaryň ýanymdaky sähelçe pul üçinem başyma ýetmekden gaýtmajakdyklary hem başga­-da biri­-birinden aýylganç zatlar barada gürrüň ber­diler. Meni raýymdan gaýtarmak üçin çeken ähli azaplarynyň ýer tutmaýanyny görübem, maslahat berip ugradylar. Özleriniň bu işde maňa nähili kö­mek edip biljekdikleri barada çynlakaý oýlanmagy­my tabşyrdylar. Haýdar ependi hajylary kabul edip, olara meniň göwnüme düwen maksadym barada öz aýdyşym ýaly görnüşde gürrüň beripdir, maňa göz­ gulak bolmaklaryny sargyt edipdir. Soltanyň hyz­matkäri bolan ependä eden hyzmatlary üçin olaryň gadyryny biljekdigini duýdurypdyr. Men ol kabul edişlikde bolmadym. Ýöne olaryň birgiden zady boýun alyp, şonam ýerine ýetirmäge söz berendik­lerini maňa habar berdiler.
Meniň mynasyp dostlarymyň öz beren sözlerini nähili berjaý edendiklerine hem hoşniýetli türk il­çisiniň hemaýatkärleriniň kän gezek meniň dady­ma ýetişendigine okyjylaryň özleri göz ýetirerler. Takwa ýoldaşlarymyň päkgöwünlilikleri hem we­padardyklary iň bir jygba­-jygly ýagdaýlarda ma­ňa penakär boldy. Duşuşyk mahalynda Buharadan gürrüň çykanda Haýdar ependi Emiriň hereketle­rini ýazgarypdyr. Soňra ol pukara syýahatçylaryň ählisiniň sanawyny talap edipdir. Olaryň hersine on bäş dukat töweregi pul paýlapdyr. Suw bilen nan­dan başga zada ýüzi düşmeýän adamlar üçin bu ul­lakan elpe­-şelpelikdi.
Biziň syýahatymyz ýene bir hepdeden başlanmalydy. Şol wagt Bilal hajy aksuwly, ýarkentli, kaşgarly ildeşleri bilen tanyşdyrdy. Dogrymy aýtsam, men olary takwa zyýaratçylyklaryndan beter murdar başdan geçirmeleri gözleýän adamlara meňzetdim. Ol aýratynam, öz ogullygy, ýigrimi bäş ýaşlarynda­ky tentek Abdylkadyry öňe tutup, ony maňa hyz­matkär hökmünde tanyşdyrdy. «Ol biraz çemesiz diýmeseň, gowy oglandyr. Sizden köp zatlary öwre­ner. Ýolda näme ýumşuňyz bolsa, oňa tabşyryberiň. Siz üçin nanam ýapar, çaýam gaýnadar. Bu zatlara ökdedir» diýip, Bilal hajy düşündirdi. Bilal hajynyň esasy maksady – ogullygynyň maňa çörek bişirip bermegi däl­de, meniň çöregime şärik bolmagydy. Onuň ýanynda başga­da bir ogullygy bardy. Ol iki iýermen ýigit paýu-­pyýada ýol söküp ýören dostu­myň ýanyna göteren azygyny derrew bokurdakla­ryndan ötürjekdi. Bu şerte kaýyl bolmaga söz ber­megim olary şatlandyrdy. Dogrymdan gelsem, Bilal hajynyň ýanyma ýygy-­ýygydan gelmegi maňa bir­ hili, şübheli görnüp ugrady. Ol meni özi üçin amatly olja hasaplaýandyr öýtdüm. Ol meniň özleri bilen gaýtmagym üçin kän alada etdi. Birden niýetimden dänäýerin öýdübem gara jany galmady. Ýöne men ol hakda erbet pikir edibem biljek däl, beýtmek kü­ýümde­-de ýok. Özüne gürrüňsiz ynanýandygyma göz ýetirer ýaly, ýol üçin ýanyma alan sähelçe pu­lumy görkezdim. Näme edenimde öz ýoldaşlarym­dan tapawutlanmaz ýaly, hiç kimiň ünsüni özüme çekmezim ýaly nähili geýinmelidigim, özümi nähili alyp barmalydygym barada ondan maslahat sora­dym. Şu hili ynam bildirmegim oňa ýarady. Şonuň üçinem, onuň maňa nähili geň maslahatlar berendi­gini göz öňüne getirmek kyn däldir.
Ilki bilen ol saçymy syrdyrmalydygymy hem türk-­ýewropa lybasymy buhara lybasyna çalşyrmalydygymy düşündirdi. Soň ýorgan-­düşek, ýor­gan-daşlyk ýaly zatlarsyz oňmaga endik etmegimi sargady. Men onuň ähli aýdanlaryny berjaý edip, tiz wagtdan—ugramagymyza üç gün galanda ýö­nekeýje ýol şaýymy jemledim. Indi men alys syýa­hata bütinleý taýýardym.
Bir gezek men ýoldaşlarymyň ýaşaýan kerwen­saraýyna bardym. Olar iki sany hüjräni eýeläp, bi­rinde on dört, beýlekisinde bolsa on adam bolup ýaşaýardylar. Hüjreler maňa ogry-­jümrüleriň ýa­şaýan hütdükleri ýaly ýigrenji göründi. Özem şu duýgy mende hemişelik saklanyp galdy. Olaryň az sanlysynda syýahat üçin zerur zatlaryň käbiri bar­dy, köpüsiniň welin ýeke­täk emlägi gedaý taýagy­dy. Men baran wagtym olar hajathana zeruryýetleri bilen meşgul ekenler. Soňra zerurlyk menem şeýle etmäge mejbur edenem bolsa, okyjylaryň salyhatly duýgularyny masgaralamazlyk üçin ol zatlary ýa­zyp durjak däl.
Olar meni şatlyk bilen gujak açyp garşyladylar, gök çaý hödür etdiler. Men ejire döz gelip, ullakan buhara käsesine guýlan gögümtil suwy gantsyz iç­meli boldum. Ikinji käsänem hödür edenlerinde, ýalbaryp, zordan içmän saklandym. Soňra täze ýol­daşlarym bilen ogşaşmak däbi başlandy. Olaryň her­si meni edil öz dogany ýaly mübärekledi. Çörekden herimiz bir döwüm döwüp, başymyzy jemledik­de, saýlap alan ýolumyz barada maslahatlaşmaga baş­ladyk. Öňde belleşim ýaly, biziň öňümizde iki ýol durdy. Olaryň ikisem howpludy hem türkmenleriň çöllük welaýatynyň üstünden geçýärdi. Ýeke­täk tapawut – ol ýa­da beýleki ýolda göçüp-­gonup ýö­ren taýpalaryň dürlüliginden ybaratdy.
Maşat-­Merw­-Buhara ýoly olaryň iň keltesi bol­sa­da, teke taýpasynyň ýurdunyň üstünden geçýär­di. Beýleki ýoluň ugrunda kalby päk, myhmanperwer ýomut türkmenleri ýaşaýardy. Ýöne ol ýoldan gitseň, kyrk menzili içere ýaramly suwsuz çölden geçmelidi.
Kän ölçerip ­döküp, ahyry Uly çölüň, Hywa­nyň üstünden geçip, Buhara barýan ýoly saýladyk. «Adamyň ýowuzlygyna duçar bolandan, tebigatyň ýowuzlygy bilen göreşen aňsatdyr, dostlar. Hudaý rehimdardyr. Biz bolsa Onuň ýolunda gezip ýören adamlar. Ol bizi bela­-beterlerden aman saklar». Bilal hajy şeýle diýdi­de, aýdanlaryny berkitmek üçin, doga sanap ugrady. Doga okap bolan badyna biz öňden galdyryp oturan ellerimizi ýüzümize sy­lyp, sakgalymyzyň üstünden ýöretdik­de: „Omyn!“ diýdik. Ornumyzdan turanymyzda, olar meniň hemmämiz bile ugrarymyz ýaly, iki güni geçirip, üçülenji güni irden gelmegimi sargadylar.
Men öýe dolanyp gelemsoň, galan iki güni öz­ özüm bilen ýowuz söweşde geçirdim. Ýolda gabat geljek howplar, öz syýahatymyň berip biljek ne­tijeleri barada kelle döwdüm. Men özümi bu ýola ataran sebäplere hem onuň bu töwekgelligimi aklap biljek netijelerine akyl ýetirmäge synanyşdym. Ýö­ne göýä jadylanyp, oýlanmak başarnygymy ýitiren ýalydym. Bile syýahatda bolmaly geljekki ýoldaş­larymyň öz hakyky ýaramaz keşplerini gizlin saklaýandyklaryny, Konolliniň, Stoddartyň, Murkraftyň hem türkmenleriň eline ýesir düşüp, 10 müň dukat berlip, gulçylykdan satyn alnan Blokwiliň uçran betbagtçylyklary baradaky gürrüňleriň hiç birem meni raýymdan gaýtaryp bilmedi. Ol mysallara tö­tänlik ýaly garaýanym üçin hiç birem meni howsa­la salanokdy. «Tebigatyň ýowuzlyklaryna döz gel­mäge güýç­-gurbatym ýetermikä, adaty däl iýmite, ýaramaz egin­-eşige, açyk meýdanda goragsyz ýat­maga öwrenişip bilermikäm?» Meni howsala sal­ýan pikirler, ine, şulardy. «Öz şu gowşak halymda pyýada ýöräp, argynlyga çydam edip bilermikäm?» Meniň göwnüme düwen işimiň esasy töwekgelligi şunda jemlenýärdi. Bu ruhy söweşiň näme bilen gu­tarandygy barada aýdyp oturmak gerekmi?
Ugramazymyzyň öňüsyrasyndaky agşam türk il­çihanasyndaky dostlarym bilen hoşlaşdym. Meniň syýahatym diňe iki adama aýandy. Beýlekiler meni Maşada ugraýandyr öýdýärdiler. Men bolsa Tähra­ny yzda goýup, Astrabatda hem Hazar deňzine tarap ýolumy dowam etdirmek hyýalyna münüpdim.

III bap

1863­nji ýylyň 28­nji martynda säher bilen şert­leşen ýerimiz bolan kerwensaraýa ugradym. Dost­larymyň pars serhedine çenli gatyr ýa­da eşek satyn almaga harjysy barlary geýinmäge howlukdylar, pyýada gitmeliler bolsa eýýäm çaryklaryny geýip­diler. Elleri hurma agajyndan ýasalan taýakly ol adamlar göräýmäge, ugramak barada beriljek duý­duryşa sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Olaryň eg­ninde Tähranda gören sal­sal jindelerimiň bu ben­deler üçin hakykatdanam, toý lybasydygyny aňyp, diýseň haýran galdym. Olar ony adaty ýagdaýlarda geýenokdylar. Häzir welin şol lybaslaryny müňläp esgiden ybarat, bili ýüp guşakly geýim bilen çalşy­rypdylar. Düýn özümi hakyky gedaý geýmindedirin öýdüpdim, bu gün welin, beýlekiler bilen deňeşdi­reniňde şa lybasynda ýaly görünýärdim.
Ahyrsoňy Bilal hajy ak pata bermek üçin elini göterip, bizem «Omyn» diýip, sakgalymyzy sypa­lan badymyza pyýadalaryň ählisi ulaglylaryň gapdalyndan dazlaşyp geçip, derwezeden çykdylar. Biziň ýolumyz Tährandan demirgazyk­ gündogara – sekiz menzilden ýetmeli ýerimiz bolan Sarä ta­rap uzalýardy. Biz Jadjerud hem Firuzkuhyň daşyn­dan aýlanyp, hökümdaryň kiçijik aw köşgi bolan Towşandepäni çetde galdyryp, bir sagatdan dag geçidine ýetdik. Ol ýerden eýýäm düzlügem, Täh­ran şäherem görnenokdy. Men öňüni alyp bolmajak isleg bilen yzyma garadym. Gündogarda aýdylyşy ýaly, Gün naýza boýy galypdy. Onuň şöhleleri di­ňe bir Tährana däl, ondan has aňyrdaky Şa Abdyl Azymyň altyn çaýylan başlaryna­da nur çaýýardy. Ýylyň häzirki döwründe Tähranyň tebigaty birgeň­si gök öwüsýärdi. Bir ýyl mundan ozal mende ýa­kymsyz täsir galdyran şäher häzir ajaýyp görünýär­di. Bu hili nazar meniň Ýewropa siwilizasiýasynyň iň soňky diregi bilen hoşlaşýandygymy aňladýardy.
Indi öňde maňa wagşy hem nadançylykly dur­muşyň aňry çetlerini synlamak garaşýardy. Aňry­ baş tolgunmamy ýoldaşlarymdan gizlemek üçin men ýabymyň başyny jülgä tarap burdum.
Şol wagt ýoldaşlarym Gurhanyň sürelerinden bö­lekleri gaýtalamaga, dabaraly aýdymlary aýtmaga başladylar. Hakyky zyýaratçylar şeýle­de etmeli eken. Olar meniň takwa adamlara mahsus bu hereketlerine goşulmaýanyma haýpy gelijilik bilen garaýardylar. Olar rumlularyň (osmanlylaryň) türküstanlylar ýa­ly dindar däldiklerini bilýärdiler. Galyberse­de, olar mende zerur ylahy ylhamyň öz aralarynda bolmagym netijesinde dörejegine ynanýardylar. Men olaryň yzy bilen ýuwaşja ädim urup barýardym…
Sizi olaryň ählisi bilen tanyşdyrmagy zerur ha­sap edýärin. Sebäbi, birinjiden­ä, biz uzak wagtlap bile syýahatda bolduk, ikinjiden bolsa, olaryň ählisi ak göwünli gowy adamlardy. Öz ülkelerinde olar ýaly adamlar beýle köp tapylmasa gerek. Ine, ola­ryň atlary hem teswiri:
1. Bilal hajy, Aksuwdan (Hytaý Tatarystanyn­dan). Şol welaýatyň hytaý­ musulman häkiminiň köşk ymamy. Ýanynda ogullyklary hem bar;
2. Iza hajy, on alty ýaşly oglan;
3. Abdylkadyr hajy, ol barada men öňde aýtdym. Olaryň ikisem Bilal hajynyň ýanyndan aýrylman, onuň penakärligindediler. Ýene­de şular bardy:
4. Ýusup hajy, Hytaý Tatarystanyndan bolan baý daýhan. Ýanynda ýegenem bardy;
5. Aly hajy, on ýaşynda, kiçijik gyýyk gyrgyz gözli oglan. Ikisinde­de segsen dukat ýol harjylary bolany üçin olar baý hasap edilýärdiler. Ýöne olar muny gizlin saklajak bolup, ikisi bir ýabyny kireýi­ne alypdyrlar, oňa­da gezekleşip münýärdiler;
6. Ahmet hajy, bütin ýoly gedaý taýagyny söýget edinip geçen garyp molla. Onuň bilen häsiýeti hem ýagdaýy meňzeş ýene biri bar, ol:
7. Hasan hajy, kakasy ýolda öleni üçin öz wata­nyna ýetim halda barýar;
8. Ýakup hajy, gedaýlygy kakasyndan miras alan adam;
9. Gurban hajy (ulusy), gelip çykyşy boýunça daýhanam bolsa, çalgyçy hökmünde bütin Aziýany aýlanypdyr, Konstantinopolda, Mekgede, Tibetde, Kalkuttada, iki gezek gyrgyz sähralarynda, Oren­burgda hem Taganrogda bolupdyr;
10. Gurban hajy (kiçisi), ýolda onuňam kakasy bilen dogany ölüpdir;
11. Seýit hajy;
12. Abdyrahman hajy, on dört ýaşyndaky näsag oglan. Gamadanyň garynda aýagyny so­wuga aldyrany üçin Samarkanda çenli aralykda diýseň ejir çekdi.
Öňde atlary agzalan zyýaratçylar Hokantdan (Kokant), iki sany ýanaşyk welaýat bolan Ýarkent hem Aksuwdandyklary üçin Hytaý Tatarystanyn­dan bolup, Bilal hajynyň toparyna degişlidiler. Bi­lal hajy bulardan başga­da, şular bilen dostlukly gatnaşykdady:
13. Kaşgarly Şyh Soltan Mahmyt hajy. Şadyýan häsiýetli ol tatar Kaşgarda jaýlanan belli keramat­ly hezreti Afagyň neberesindendi. Meniň dostum Şyh Soltan Mahmydyň kakasy şahyr eken. Özem Mekgä barmak onuň baş arzuwy bolany üçin kän külpetlere döz gelip, ol keramatly şähere barypdyr­da, şol ýerde-­de amanadyny tabşyrypdyr. Oglunyň ol ýere zyýarata gitmekden maksady – kakasynyň hemem pygamberiň mazarlaryny görmekdi. Onuň ýanynda başga­da şular bardy:
14. Hüseýin hajy, onuň garyndaşy;
15. Ahmet hajy, ozalky Şiiwan polkundan bolan hytaý esgeri. Musulmanlardan düzülýän ol polkuň esgerleri tüpeň göterýär eken; Hokant hanlygyndan şular bardy:
16. Saly hajy, işanlyga dalaşgär (şyhyň tituly), ýarym dini ordene degişli bolsa gerek. Örän oňat adam bolan ol hakda biz entek kän gürrüň ederis. Onuň ýanynda ogly:
17. Abdylbaky hajy hem onuň dogany;
18. Abdylkadyr Mejub («Hudaýyň söýgüsi bilen ylhamlanan» diýmek) hajy bardy. «Alla!» diýip, yzyny üzmän iki müň gezek gaýtalanda, onuň ag­zyndan ak köpük gelip, telbe hala düşüpdir (Ýew­ ropada ol ýagdaýy «tutgaýly» diýip atlandyrýarlar);
19. Kary Messut hajy (Türkiýede hafyzlar, ýag­ny Gurhany ýatdan bilýän adamlar «kary» diýlip atlandyrylýar);
20. Iýaseddin hajy;
21. Mürze Aly hajy;
22. Ahrarguly hajy; bi iki zyýaratçynyň haltasynda ýola gerek beýleki zatlar bilen birlikde birnäçe teňňe pullary bardy. Olar iki bolup bir ýabyny kire­ýine alypdyrlar;
23. Nurmuhammet hajy. Özüniň däl­de, başga biriniň deregine eýýäm iki gezek Mekgede bolup gören söwdagär.
Biz barha belende galýan Elbrus dagynyň eň­ňidi bilen gidip barýarys. Meniň ruhdan düşenim dostlarymyň nazaryndan sypmandyr. Olar her hi­li ýollar bilen meni şatlandyrjak, ruhumy göterjek bolýardylar. Hemmelerden beter Saly hajy alada galýardy. Ol hemmeleriň meni edil doganlary ýa­ly görmelidigine, eger, biz Hudaýyň kömegi bilen, şaýylaryň mesgenini yzda goýup, özümiz bilen bir mezhebe uýýan sünni türkmenleriň ýaşaýan ýurdu­na sag­aman aralaşsak, hemme zadyň gülala-­güllük boljakdygyna ynandyrýardy. «Ýagşam bir teselli berdiň!» diýip oýlandym­da, ho­ol öňden barýan pyýada derwüşleriň yzyndan ýetmäge howlukdym. Ýarym sagat haýdamsoň, olara goşuldym. Adatdan daşary şadyýan hem gujurly ädim urup barýan bu adamlar Türküstanyň alys künjeginden Mekgä çen­li hem ondan yza bolan aralygy paý­-pyýada geç­mäge werdiş bolanlardy. Olaryň aýdýan şadyýan aýdymlarynyň äheňi wengerleriňkä örän çalymdaş­dy. Olaryň käbiri ýolda başyndan geçiren geň­-ena­ýy wakalaryny gürrüň berýärdi. Ol gürrüňleri hezil edip diňleýärdim. Sebäbi, olar meni alysdaky taý­palaryň pikirleniş aýratynlyklary bilen tanyşdyr­ýardy. Şonuň üçinem Tährandan ugran badymyza, özümi Orta Aziýa durmuşynyň içindemikäm öýdüp göz öňüne getirip ugradym.
Gündizlerine howa maýlam bolsa, irden, aýraty­nam, daglyk ýerlerde mazaly sowaýardy. Egin-­eşi­gimiň ýukalygy hem ýabyly barýanym üçin sowuga çydaman, pyýada ýöränimi kem görmedim. Ýabymy bolsa pyýada barýanlaryň birine berdim. Olam deregine maňa öz hasasyny berdi. Şeýlelikde, uzak wagtlap pyýada ýöräp barşyma olaryň öz watanlary hakyndaky gyzgalaňly gürrüňlerine gulak asdym. Haçanda Margilanyň, Namanganyň hem Hokandyň baglary baradaky ýatlamalar gyzyşyp, aňry hetde ýetende, olar ses goşup telkin (Sena) aýtmaga başla­ dylar. Sesimiň ýetdiginden: «Alla, aý, Alla!» diýip, gygyryp, menem olara goşuldym.
Her gezek şeýdip olaryň duýgularyna hem here­ketlerine ýakynlaşmagym ýaş derwüşlere hoş ýak­ ýardy, olaryň üsti bilen bolsa ýaşuly zyýaratçylara ýetýärdi. Olaram öz ýanlaryndan hoşal bolup «Reşit hajy (meniň olaryň arasynda tutulýam adym) hakyky derwüş, mundan tama bar» diýip, häli-şindi gaýtalaýardylar.
Alys ýol söküp, dördülenji gün biz ep­esli be­lentlikde ýerleşen Firuzkuh şäherine ýetdik. Oňa eltýän ýoluň ýaramazlygy diýip­ aýdar ýaly däldi. Dagyň eteginde ýerleşen bu şäheriň daşyna haraba öwrülip giden berkitme aýlanypdyr. Şäheriň gowy tarapy – bu ýerde Arak-­Ajemi welaýaty gutaryp, Mazendaran welaýaty başlanýar. Ertesi irden ýolu­myz dogry demirgazyga tarap uzalyp, üç ýa dört sa­gat çemesi wagtdan äpet jülgede ýerleşip, Hazaryň kenaryna çenli ýaýylyp ýatan Mazendaran welaýa­tyna bardy. Eger syýahatçy kerwensaraýdan çykyp, daga tarap birnäçe ädim ätse, Güne ýanyp ýatan hasylsyz giňişlik bir gudrat bilen adatdan daşary baý hem gül açyp oturan ýurda öwrülene dönýär. Daş­-töweregindäki göm-­gök ajaýyp tokaýdyr ekin­leri synlap, bu ýeriň Parsystandygynam unutmak mümkin. Mazendaranyň ähli gözelligini beýan et­jek bolup oturmagyň zerurlygy ýok. Olar onsuzam Frazeriň, Kanolliniň hem Berniň ussatlyk bilen ýa­zylan oçerkleri arkaly hemmelere mälim!
Biz Mazendarandan baharyň joş urýan wagty çykdyk. Jadylaýjy tebigat meniň aňymdaky howsa­laly pikirleriň ählisini süpürip aýyrdy. Men saýlap alan syýahatymyň howp­-hatarlary hakynda oýlan­mamy bes edip, ýolumda indi gabat geljek ýerler, her dürli taýpalar, däp-­dessurlardyr ahlaklar bara­daky süýji ýatlamalara gümra boldum. Dogrymdan gelsem, hyýalyma getirýän bu hili zatlarymyň bü­tinleý tersine bolan ýagdaýlary­da synlamaly bolja­gymy bilýärdim. Eýlesine-­beýlesine göz ýetmeýän äpet, gorkunç çöldür düzlüklerde uzak günläp teş­nelik jebrini çekmeli boljakdygymy aňýardym. Tiz­den hoşlaşmaly boljagym üçin bu ýerleriň eşret ­sa­pasy öňküsindenem iki esse artan ýaly duýulýardy.
Mazendaran meniň ýoldaşlaryma­da täsirini ýe­tirmän durmady. Jennete berimsiz bu şäheriň şaýy­laryň elindedigine olaryň janlary ýanýardy. «Ähli gözel ýerlere şaýylaryň eýeçilik edýäni geň zat. «Bu dünýä dindarlar üçin zyndan, kapyrlar üçin jennet» diýip, pygamber dogry aýdypdyr». Bilal hajy şeý­le diýdi­de, sözüni delillendirmek üçin Hindistanyň iňlisleriň golastyndadygyny mysal getirdi. Orsýetiň hem Pereňistanyň gözelliklerini bolsa ýerdäki jen­net hökmünde suratlandyrdy. Ýoldaşlaryna göwün­lik bermek islän Soltan hajy aýdanyny subut etmek üçin Oş (Hokandyň serhedinde) bilen Kaşgaryň aralygyndaky daglyk welaýaty mysal getirdi. «Ol ýerler Mazendarandanam has gözel» diýip tekrar­lasa­da, muňa onçakly ynanmadym.
Zirab diýlen ýerde biz Mazendaranyň daglyk jülgesiniň iň demirgazyk çetine ýetdik. Şol ýer­den Hazar deňziniň kenaryna jähek bolup aýlanan ägirt uly tokaýlyk başlanýardy. Biz Apbas şanyň gurduran, ýöne häzir weýran bolaňkyrlan bendiniň gapdaly bilen barýardyk. Gije ajaýyp buk agaçla­ryndan ybarat tokaýlygyň ortasynda ýerleşen Gef­ten diýen ýerde düşlemelidik. Biz ol ýere barmaly wagtymyzda bardyk. Ýaşlar çaý gaýnatmak üçin suw gözlegine gitdiler. Birden aýylganç arryldy eşidildi. Olar ylgaşyp düşleg ýerimize geldiler­de, çeşmä golaýlan wagtlary gorkunç haýwanlaryň giň böküp tokaýa siňenlerini gürrüň berdiler. Ilkibada, men olar ýolbars görendirler öýtdüm. Elime gyly­jymy alyp gidip barşyma, olaryň görkezen ýerin­den has aňyrda agaçlaryň arasynda iki sany ajaýyp alabeder gaplaňa gözüm düşdi. Aýdyşlaryna görä, bu tokaýda wagşy haýwanlar köpem bolsa, olaryň adama topulýan wagtlary örän seýrekmişin. Ýö­ne bize şagallar ynjalyk bermedi. Olar taýakdan gorkýanam bolsalar, şeýle köpdükleri üçin zordan gorandyk. Şagallar tutuş Parsystanda köp. Tähran­da­da az däl. Gijelerine olaryň uwwuldylary eşidi­ler durardy. Şeýle­de bolsa, olar bu ýerdäkiler ýaly adama golaýlaşanokdylar. Şagallar uzak gije maňa ýazylganlyk bermedi. Ýol alapasy salnan haltam­dyr ädigimi aldyrmajak bolup, ellerim, aýaklarym bilen ýetişip bildigimden gorandym.

(Dowamy bar)

Arminiý Wamberi

Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow

­ Ýol ýazgylary

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle