| | |

Orta Aziýa syýahat

Orta Aziýa syýahat ORTA AZIÝA  SYÝAHAT

Wengriýa akademiýasynyň agzasy Arminiý Wamberiniň 1863-nji ýylda Tährandan ugrap, türkmen çölüniň içi bilen, Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça Hywa, Buhara hem Samarkanda syýahatynyň beýany.

Ýazaryň sözbaşysy

Men­ 1832-nji­ ýyl­da­ Du­na­ýyň­ uly­ ada­la­ry­nyň­ bi­rin­de,­ Du­na­ Şer­da­he­li­ at­ly­ ki­çi­jik­ şä­her-de ­dün­ýä ­in­dim.­ Soň­ra­ dil ­ylym­la­ry­na­ aý­ra­tyn­ ýykgyn edenim üçin men has ýaş döwrümden baş­lap, Ýew­ro­pa­nyň ­hem­ Azi­ýa­nyň­ dür­li ­dil­leri­ni ­öw­ren­mä­ge ­baş­la­dym. ­Öňi­ bi­len ­üns­ be­rip­ öw­re­nen ­za­dym ­gün­do­gar ­hem ­gün­ba­tar ­ede­biýat­la­ry­nyň ­dür­li ­ta­ryh­la­ry ­bol­dy.­ Soň­ra­ dil­le­riň­ öza­ra­ gat­na­şyk­la­ry ­bi­len ­gy­zyk­la­nyp ­ug­ra­dym. «Özüň­ özü­ňi ­ta­na» ­di­ýen ­na­ky­la ­eýe­rip, ­esa­sy­ ün­sü­mi­ ene ­di­li­miň­ aý­ra­tyn­ly­gy­na ­hem ­ge­lip ­çyky­şy­na­ gö­nük­dir­me­gim­de ­hiç ­hi­li­ geň ­zat ­ýok.
Wen­ger ­di­li­niň ­al­taý­ dil­le­ri­ to­pa­ry­na ­gir­ýä­ni­ köp­den ­bä­ri­ bel­li.­ Ýö­ne ­onuň ­fin­ ýa-da ­ta­tar ­dilleri­ toparyna ­de­giş­li­di­gi-däl­di­gi­ ba­ra­da­ky­ me­se­le­ öz­ çöz­gü­di­ne­ ga­raş­ýar¹.

[¹Biz — wengerleriň Aziýadan hiç wagt göçmän oturan öz taýpa­ daşlarynyň nesillerini gözleýändikleri hakdaky pikir ýalňyşdyr. Bu etnografk taýdanam, flologik taýdanam asla mümkin däl. Bu bizi çuňňur nadanlykda aýyplamaga delil bolup biljek ýagdaý.]

Biz ­di­ňe­ öz­ di­li­mi­ziň­ eti­mo­lo­gik­ gur­lu­şy­ny ­bilmä­ge­ ça­lyş­dyk.­ Şol­ se­bäp­lem,­ anyk­ mag­lu­mat­ al­mak­ üçin­ taý­pa­daş­ dil­le­re­ ýüz­len­ýä­ris.­ Biz,­ wen­ger­le­re­ yl­my­ taý­da­nam,­ mil­li­ nuk­daý­na­zardan­ ala­nyňda-da­ gy­zyk­ly ­bo­lan ­şol­ der­ňew­ ma­ňa­ Gün­do­ga­ra ­sy­ýa­hat­ et­mä­ge ­iter­gi ­be­ren ­esa­sy ­sebäp­di.­ Men ­jan­ly­ dil­le­ri­ amaly­ taý­dan ­öwrenmek ar­ka­ly­ ola­ryň ­peý­da­ly­ gat­na­şyk­la­ry­ny ­anyk­la­mak­ is­le­dim.­ Nazaryýet­ bi­len­ gy­zyk­la­nan­ ma­ha­lym­ göw­nü­me ­bol­ma­sa,­ en­tek­ gow­şak­ hal­da ­bol­sa-da,­ wen­ger­ hem­ türki-ta­tar­ dil­le­ri­niň ­ara­syn­da ­ýakyn­lyk ­bar­ ýa­ly ­du­ýul­ýar­dy.
Men ­il­ki­ Kons­tan­ti­no­po­la­ ug­ra­dym. ­Bir­nä­çe ­ýyllap ­türk­le­riň­ ara­syn­da ­ýa­şa­ma­gym,­ ýy­gy-ýy­gy­dan­ ola­ryň­ mek­dep­le­rin­de­ hem-de­ ki­tap ­dü­kan­la­ryn­da­ bo­lup­ gör­me­gim­ me­ni ­tür­ke,­ hat­da ­epen­dä ­meňzet­di.­ Ling­wis­tik­ der­ňew­le­rim­dä­ki­ üs­tün­lik­le­rim­ men­de­ alys­ Gün­do­ga­ra­ ta­rap­ ýo­la­ düş­mä­ge­ hö­wes­ dö­ret­di.­ Or­ta­ Azi­ýa­ sy­ýa­ha­ta­ ug­ra­mak­ hy­ýa­ly­na­ mün­düm. ­Mu­nuň­ üçin­ epen­di­niň ­hä­si­ýe­ti­ni ­sak­lap,­ Gün­do­ga­ry­ şol ­ýurt­la­ryň ­ýer­li­ ada­my ­ýa­ly­ gör­nüşde­ aý­lan­mak ­ba­ra­daky­ paý­has­ly­ pi­ki­re ­gel­dim.
Mun­dan­ öň­ki ­ma­ka­la­lar­ me­niň ­Bos­for­dan ­Samar­kan­da­ çen­li ­sy­ýa­ha­ty­myň­ mak­sa­dy­ny­ aý­dyňlaş­dyr­dy­lar.­ Geo­lo­gi­k ­ýa-da­ ast­ro­no­mi­k­ der­ňewler­ me­niň­ maksatnamama­ gi­re­nok­dy.­ Ol­ özü­me­ der­wüş­ hä­si­ýe­ti­ni­ ka­bul­ et­me­gim­ bi­len­ bir­ ýe­re­ sy­gyş­jak ­däl­di.­ Me­niň­ esa­sy­ ün­süm ­Or­ta ­Azi­ýa­da­ ýa­şa­ýan ­taý­pa­la­ra,­ ola­ryň ­jem­gy­ýet­çi­lik­ hem ­sy­ýasy ­gat­na­şyk­la­ry­na,­ däp-des­sur­la­ry­na,­ en­dik­le­ri­ne­ gö­nü­gen­di.­ Oky­jy­lar­ bu­ zat­la­ryň­ hem­me­si­ ba­ra­daky­ gow­şak­ oçerk­le­ri­ ki­ta­byň ­in­di­ki­ sa­hy­pa­la­ryndan ­ta­par. ­Ýö­ne­ müm­kin­çi­li­giň ­ýü­ze­ çy­ky­şy­na­ hem­ öň­den­ gel­ýän­ taý­ýar­ly­gy­ma­ gö­rä,­ geog­ra­f­ýa­dyr­ sta­tis­ti­ka ­de­giş­li­ zat­la­ryň ­hiç ­bi­ri­ni ­göz­den­ sal­mady­gam ­bol­sam,­ öz­ sy­ýa­ha­ty­myň­ baş ­ne­ti­je­si ­hökmün­de,­ f­lo­lo­gik­ der­ňew­le­re ­has ­köp­ üns ­ber­dim.­ Kä­mil­ taý­ýar­lyk­dan­ soň,­ men ­ola­ry ­ylym ­dün­ýä­si­ne­ hö­dür­le­mek­çi.­ Gel­jek­ki­ sa­hy­pa­lar­da ­be­ýan­ edil­ýän­ ol­ zat­lar ­–­ şaýatnamalar­ däl-de,­ der­ňew­ler­dir.­ Birnä­çe ­aý­lap ­ýyr­tyk­ jin­de­li, ­ýa­rym ­aç ­hal­da,­ he­mi­şe­ ýo­wuz,­ has ­dog­ru­sy,­ ejir­li ­ölü­me­ se­ze­war ­edil­megiň ­how­py ­as­tyn­da­ eden ­sy­ýa­ha­ty­myň ­önü­mi­ bo­lan­ bu­ der­ňew­ler­ me­niň ­gö­zü­me­ diý­seň ­ys­sy ­gö­rün­ýär.­ Gö­ren eşi­den­le­ri­mi­ ju­da ­gys­by ­hem ­gys­ga ­be­ýan­ ed­ýä­nim­ üçin ­ma­ňa ­ige­nil­me­gi­ müm­kin…
Ýaz­gy­la­ry­myň ­sy­ýa­hat­na­ma­la­ra ­diý­seň ­baý­ bolan­ Ang­li­ýa ­ýa­ly ­ýurt­da ­ne­şir ­edil­me­gi­ bu­ ugurda­ tä­ze­ adam­ bo­lan­ me­niň ­öňüm­de­ kyn­ me­se­le­ goý­ýar.­ Me­niň ­mak­sa­dym­ äh­li ­eşi­den­le­ri­mi­ hem­ gö­ren­le­ri­mi,­ ha­ky­dam­da ­aý­dyň­ sak­la­nan­ zat­la­ry­ ýö­ne­keý­ gör­nüş­de­ be­ýan­ et­mek­den­ yba­rat­dy.­ Bu­ ýaz­gy­la­ry­ma ­üs­tün­lik ­hem­ra ­bol­ja­gy­na ­örän ­şübhe­len­ýä­nim ­üçin­ adam­lar­dan­ ge­çi­rim­li­ bol­mak­lary­ny­ to­wak­ga­ ed­ýä­rin.­ Oky­jy­lar­ hem­ tan­kyt­çy­lar­ bu ­ýaz­gy­la­rym­dan­ kän ­kem­çi­lik­ ta­par­lar,­ belki-de, gö­ren­ gör­gü­le­rim­ bi­len­ de­ňeş­di­re­niňde-de,­ be­ýan ­ed­ýän­ zat­la­ry­myň ­ju­da­ bär­den ­gaýd­ýa­ny­ny­ bel­lär­ler.­ Men ­olar­dan­ özü­miň­ se­ret­me­giň­–­biha­ýa­lyk,­ so­ra­ma­gyň­–je­na­ýat,­ ýaz­ma­gyň­–­ölüm­ howp­ly ­gü­nä­ ha­sap­ edil­ýän ­ýur­dun­dan ­do­la­nyp­ ge­len­di­gi­mi­ unut­maz­lyk­la­ry­ny­ ýal­ba­ryp ­ha­ýyş­ etmek­çi.
Öz­ sy­ýa­ha­ty­myň­ se­bäp­le­ri­ni­ hem­ mak­sa­dyny­ dü­şün­dir­mek ­üçin ­şu­ aý­dan­la­ry­mam ­ýe­terlik.­ Ki­ta­byň­ özi­ ha­kyn­da ­aý­dy­lan­da­ bol­sa,­ ara­ ju­da ­açyk ­bol­ma­syn­ di­ýip,­ ony ­iki ­bö­lü­me­ böldüm.­ Bi­rin­ji­ bö­lü­me ­Täh­ran­dan­ Sa­mar­kan­da­ çen­li ­hem ­on­dan ­yzy­ma­ eden­ sy­ýa­ha­tym­ gir­ýär,­ ikin­ji ­bö­lü­m ­bol­sa ­Or­ta­ Azi­ýa­nyň­ geog­ra­fi­ýasy, ­sta­tis­ti­ka­sy,­ sy­ýa­sy ­hem ­jem­gy­ýet­çi­lik ­jikme-jik­lik­le­ri­ ba­ra­da­ky­ ma­ka­la­lar­dan­ yba­rat.­ Ol­ bö­lüm­le­riň­ iki­sem­ oky­jy­la­ry­ gy­zyk­lan­dy­rar­ di­ýip ­umyt­ ed­ýä­rin.­ Se­bä­bi ­– ­bi­rin­ji­den-ä,­ men­ he­ni­ze­ çen­li­ ýew­ro­pa­ly­nyň ­aýa­gy­nyň ­düş­me­dik­ ýol­la­ryn­dan­ ýö­re­dim,­ ikin­ji­den­ bol­sa,­ me­niň­ ýaz­gy­la­rym­da­ Or­ta ­Azi­ýa ­ba­ra­da ­ýa­zy­jy­la­ryň­ gyl­tyz ­de­gip ­ge­çen ­ýa-da­ as­la­ deg­me­dik ­zat­lary ­ba­ra­da ­söh­bet ­açyl­ýar. ­

1864-nji ýylyň 28-nji sentýabry. London.

I bap

Parsystanda iýul aýynyň ortasynda bolup gören­ler meniň Töwrizden Tährana çenli syýahatymyň tamamlanmagyna nähili şatlanandygyma düşüner­ler. Kerwene on bäş, eger­de has anygyny aýtsaň, − on üç menzil bolan bu aralyk juda surnukdyry­jy. Ýükli gatyrlaryň üstünde bir menzilden beý­lekä haýallyk bilen ýol aşyp barýarsyň. Gün edil ýakyp ­ýandyraýsam diýýär. Bütin Parsystan üçin häsiýetli bolan hasylsyz, ýanyp ýatan giňişlikden başga gözüňe ilýän zat ýok. Bu ýagdaý Parsystany Sagdynyň, Hakanynyň, Hapyzyň goşgulary arkaly göz öňüne getirenleri, ondan­da beter – Gýotäniň «Günbatar­ Gündogar diwany», Wiktor Gýugonyň «Gündogar» ýa­da Tomas Muruň ajaýyp ýazgylary esasynda Gündogar hakynda ideal düşünje alanlary edil serpmeden gaýdan ýaly edýär!
Tährandan iki menzilem geçmänkäk kerwen­ başynyň kellesine syýahaty gije dowam etdirmeli diýen pikir geldi. Ýöne bu ýerde­de amatsyzlyk ýüze çykdy: Parsystanyň gijeleriniň serginligi­niň uka meýil etdirişi üýtgeşikdi. Münüp barýan gatyrlarymyzyň endigan ädim urup baryşlary­da ukyňy tutdurýardy. Şonuň üçinem eýerden berk ýapyşaýmasaň ýa­da özüňi oňa daňmasaň, gyý­çak daşlaryň üstüne agyp gaýtjagyň gümansyzdy. Bu synaglara näçe diýseň öwrenişen gündogarly adamlar islendik eýerde­de arkaýyn uklap bilýär­ler. Özem münüp barýanlary atmy, düýemi, ga­tyrmy, eşekmi – olar üçin parhy ýok. Uzyn boýly, arryk, uzyn geýimli parslaryň kellelerini münüp barýan çydamly jandarlarynyň boýnuna ýaplap, aýaklaryny bolsa ýerden süýräp diýen ýaly ba­ryşlaryny synlap, kän gezek gülkim tutdy. Olar şo hili ýagdaýda edil öýde ýaly uklap, birnäçe menzil geçmegi başarýarlar. Şol wagt herki ýag­daýdan baş alyp çykmagyň enesi bolan mätäçlik maňa zerur tejribäni bermändi. Ýoldaşlarymyň köpüsiniň eýerde çaýkanyşyp, süýji ukynyň goý­nunda meýmireşip barýan wagty men ähli ünsü­mi jemläp, Kerwenkuş ýa­da Perwine ýyldyzlar toplumyny synlaýardym. Sýugeýliň hem Sitarei Sýubgiň (daň ýyldyzy) dogjak tarapyna düşündi­rip bolmajak gussa bilen garap, täze günüň baş­laryna, barmaly menzilimiziň golaýlaşyp, çekýän ejirimiziň tamamlanaryna garaşýardym. 1862­nji ýylyň iýulynda Parsystanyň paýtagtyna golaýla­şanymda ýagdaýymyň bişeňkirlän balygyňkydan öwerlik däldigini geňläp oturasy iş ýok. Biz iki iňlis mili aralyk galanda kerwenimizdäki jandar­lary suwa ýakmak üçin bir çeşmäniň boýunda düşledik.
Düşleg ýoldaşlarymy ukudan oýardy, olar uku­ly gözlerini owkalaşyp, öňümizdäki – demirga­zyk­ gündogar tarapdaky Tähran şäherine tarap ümlediler. Ol tarapa nazar salanymda, gögümtil uzyn inçe tüsselere gözüm düşdi, kä ýerde tüs­säniň arasyndan gümmezleriň şekili görünýär­ di. Ahyrsoňy duman gatlagy büs­bütin aýrylyp, parslaryň öz aýdyşlary ýaly, Darýul Hilafeni ýa­-da ýokary hökümet adamlarynyň bolýan ýerini bütin haýpyňy getiriji ýalaňaçlygynda görmek eşretine miýesser boldum.
Men derwezeden girdim. Ýöne ýolumy do­wam etdirmek üçin ýeňip geçmeli bolan päsgel­çiligimi bäri­-bärde unutmasam gerek. Arpa sa­manydyr pars hem ýewropa harytlary ýüklenen eşekler, düýeler, gatyrlar derwezäniň agzynda görlüp­ eşidilmedik tertipsizlikde gyslyşyp dur­dular. Eýerde çök düşüp durşuma menem ýoldaş­larym ýaly, bogazyma sygdygyndan: «Habardar boluň! Habardar boluň!» diýip gygyrýardym. Ahyrsoňy gaty kynlyk bilen maňa­da şähere girmek başartdy. Bazaryň içi bilen geçip, gysly­şykdanam, urgulardanam hiç hili zyýan çekmän, türk ilçihanasynyň jaýyna ýetdim. Wengriýada doglan, wenger akademiýasy tarapyndan Orta Aziýa ylmy maksat bilen iberilen adam bolan meniň türk ilçihanasyna näme dahylym bardy? Ol sözbaşyda düşündirilendir. Ähli sözbaşylar­dyr girişleriň içgysdyryjy hem gerekmez zat hasap edilýändigine garamazdan, men hormat bi­len okyjylaryň ünsüni şoňa çekýärin.
Pars köşgüne garaşly deňiz duralgasynyň we­kili Haýdar ependi bilen men entek Konstanti­nopolda tanşypdym. Ol şondan ozal Peterburgda hem Parižde ilçi bolup işläpdir. Şahsy tanyşly­gymdan başga­da, mende onuň ýakyn dostlary­nyň iberen haty­da bardy. Türkleriň myhmanpa­razlygyny ozalam kän gezek görenim üçin gowy kabul ediljegime ynanýardym. Şonuň üçinem türk ilçihanasyna geljekki ygtybarly mesgen hökmünde garaýardym. Onsoňam, ol jenaplaryň tomusda Jizere (Tährandan on iki werst daşlyk­da) gitmek endigi bolany üçin men geýimleri­mi çalşyryndym­da, ukusyz geçiren gijelerimiň öwezini dolmak üçin birnäçe sagat ukladym. Soňam şäheriň daşyna gitmek üçin kireýine alan eşegime münüp ýola düşdüm. Iki sagatdan epen­diniň bolýan ýerine ýetdim. Olar ajaýyp ýüpek çadyrda günortan naharyny edinmäge taýynlanyp oturan ekenler. Bu zatlaryň bary maňa nepis hem ünsi çekiji görünýärdi.
Ilçiniň hem onuň kätipleriniň kabul edişligi aň­rybaş mähirlidi. Maňa dessine saçak başyndan ýer tapdylar. Birnäçe minut geçensoň, biz Stambul hem onuň gözel ýerleri, soltan hem onuň döwleti edara edişi hakyndaky söhbede gyzyşdyk. Tähranda Bos­for baradaky ýatlamalaryň lezzetini diýsene! Şu hi­li gürrüňçilikde pars hem türk durmuş terzleriniň tiz-­tizden deňeşdirilmeginde heý­de geňlär ýaly zat barmy?
Ilkinji täsirlere aňsat ynanýan adam üçin Eý­ran göçgünli şahyrana mowzuklaryň ýurdy bol­sa­da, hakykat ýüzünde kalbyňa dowul salýan çölden başga zat däl. Onuň bilen deňeşdire­niňde, Türkiýe, hakykatdanam, ýerdäki jenne­te meňzeýär. Men parslardaky mylaýym kabul edişligiň, ugur tapyjylygyň hem ýiti paýhaslyly­gyň osmanlylara ýetmeýänini bilýärin. Ýöne os­manlylardaky päklik, hoşniýetli gönümellik şol ýetmeziň öwezini daş ýany bilen dolýardy. Gar­şydaşlarynyň şeýle häsiýetler bilen öwünmäge ýagdaýy ýok. Parslar özleriniň beýik şahyrlary hem gadymy siwilizasiýasy bilen magtanmaga hakly. Osmanlylaryň artykmaçlygyny subut ed­ýän zat – olaryň ýewropa dillerine üns bermek­leri hem ýewropaly alymlaryň himiýa, fzika, taryh ylymlary boýunça derňewlerini özleşdir­mäge bolan ymtylyşlarydyr.
Biz gijäniň bir wagtyna çenli gürleşip oturdyk. Ertesi gün Ýewropadan gelen beýleki wekillere niýetlenilendi. Imperatoryň ilçisi graf Gobinony men bagyň içindäki edil gazan ýaly gyzgyn, kiçi­jik çadyrdan tapdym. G.Alison Gýulagek bagynyň içinde has rahat, hemme zady üpjün jaýda ýaşaýar eken. Jaýy onuň hökümeti öz ilçisi üçin kireýine alypdyr. Ol örän sypaýydy. Biz onuň myhman­söýer saçagynyň başynda oturyp, iňlis ilçileriniň beýleki diplomatlardan tapawutlylykda gowy üp­jün hem bol­telki durmuşda ýaşaýandyklarynyň sebäpleri barada kän gezek pikir alyşdyk. Ýew­ropanyň diplomatik korpusynyň daşyndanam, men şol gezek Tähranda birnäçe fransuz, italýan serkerdelerini, birem awstraliýaly inžener fon Gasteýgeri tapdym. Olaryň hemmesi ganymat aýlyk bilen şaha gulluk edýärdiler. Eşidişime görä, ol jenaplar bu ýurda wepaly gulluk etmäge gelipdir­ler, olarda munuň üçin ähli zerur häsiýetler bardy. Ýöne olaryň bu ugurdaky ähli synanyşyklary Pars ýurduna häsiýetli bolan ulgamyň ýetmezçilikleri, ýurduň adamlarynyň ýaramaz hem gizlin hileleri arkaly puja çykarylýardy.
Ferruk hanyň Ýewropa boýunça diploma­tik syýahatynyň maksady biziňkilere Eýranyň özüni abadan döwletleriň tarapyna goşmak ba­radaky meseläni nähili gyzgyn goldaýandygyny görkezmekden ybaratdy. Ol öz ýurduna siwili­zasiýanyň jadyly melhemini mümkin boldugyça tizräk ornaşdyrmakda kömek berilmegini haýyş etdi. Bütin Ýewropa Parsystanyň özlerindäki başlangyçlary hem däpleri kabul etmäge taýýar­dygyna ynandy. Uzyn sakgaly, uzyn geýimi, be­lent telpegi Ferruk hany diýseň abaýtoş görkez­ýärdi. Biziň ministrlerimiz özleriniň göwnaçyk türkanalygy bilen oňa çäksiz ynam bildirýärdi­ler. Hökümete hormat goýup, Pars ýurduna serkerdeler, artistler, hünärmentler tapgyr­-tapgyr bo­lup dökülip ugrady. Soňra bolsa şanyň adatdan daşary ilçisiniň saparyna jogap edip, ilçileri ýol­lamaly boldy. Şonuň netijesinde, Belgiýa ep­esli çykdajy edip, söwda işlerini öwrenmek, söwda şertnamalaryny baglaşmak hem syýasatyň beý­leki köpsanly zatlary bilen baglylykda, Pars ýurduna öz ilçisini ýollady. Özüm­ä ol ilçi ilkinji ýollan maglumatyny: «Bardym, gördüm, ýeň­dim» diýen sözler bilen başlandyr ýa­da onda «Ajaýyp Parsystana» gaýtadan dolanmak islegi bolandyr diýip, kepil geçip biljek däl.
Belgiýadan soň Prussiýa ol ýere öz ilçisini ýol­lady. Alym, diplomat baron fon Minutoli bütin öm­rüni özi üçin täze bolan bu wezipä bagyşlady. Ylma teşneligi onda işe günorta Parsystandan başlamaga höwes döretdi. Parslaryň atlandyryşlary ýaly, «ma­wy Şirazdan» iki günlük aralykda ol mergi keseli ýaýran howanyň pidasy bolup, häzir Hapyzyň bir­ näçe ädim gapdalynda, Bagy­-Tahtanyň arka ýüzün­de baky ukuda ýatyr.
Men gelenimden birnäçe gün soň täze Italiýa ko­rollygynyň ilçihanasy­da geldi, olar diplomatik, har­by hem ylmy bölümlere bölünýärdi. Olaryň maksady meniň üçin hemişelik syr bolup galdy. Olaryň kabul edilişi hakynda men birnäçe zatlary aýdyp bilerdim, ýöne ol jikme-­jiklikleri has amatly wagta goýup, diňe öz niýetime düwen syýahatyma taýýarlyk bilen meşgullanasym gelýär. Türk ilçihanasyndaky dost­larymyň ünsli aladalary netijesinde, men öz saýlap alan ýoluma – gedaý derwüşiň hal­-ýagdaýyna ters gelýän şertlerde ýaşadym. Ýaşaýan elpe-­şelpe dur­muşym şeýle bir degnama degeni üçin Tähranda on gün dem-­dynç alyp, Maşada hem Hyrada çenli ýolu­my dowam etdiresim gelip, içimi it ýyrtýardy. Edil şol wagt köpden bäri gorkup ýören päsgelçiligim ýüze çykdy. Entek Konstantinopoldan ugramankam, gazetlerde Dostmuhammet hanyň öz giýewisiniň — Hyradyň ozalky ýapjasy Soltan Ahmet hanyň gar­şysyna uruş yglan edendigini habar berdiler. Muňa onuň öz gaýnyna eden kasamyndan dönüp, pars şa­syna elgaramalyga geçmegi sebäp bolupdyr. Göw­nüme bolmasa, biziň Ýewropa gazetlerimiziň bu işi gereginden artyk çişirendikleri üçin men oňa bolma­lysyndan ýokary baha beremokdym. Men bu päsgel­çiligi piňime alman ýola düşdüm. Ýöne tiz wagtdan, uruş hereketleriniň gidýän ýerinden otuz iki günlük ýol aralykda urşuň bu ülkelerde, hakykatdanam, äh­li gatnaşyklary kesenini, gabawyň başlanmagy bilen kerwene­-de, ýeke özi geçmek islän syýahatça­-da Hy­rada girmegem, ondan çykmagam bolmaýandygyny ygtybarly çeşmelerden eşidip, gaty gynandym. Pars­laryň özlerem janlaryndan hem harytlaryndan jyda düşerin gorkusy bilen bu işe töwekgellik edip bilenokdylar. Ýewropalylaryň üstüne abanýan howp ola­ryňkydan bäş beterdi. Aziýanyň bu wagşy ýurtlaryn­da kese ýerli adamyň ýüz keşbi hatda parahatçylykly döwürde­-de gündogarlylaryň kalbynda ynamsyzlyk döredýärdi. Uruş wagtynda welin, has­da howply ýagdaýlaryň üstünden eltmegi mümkindi. Göwnü­me bolmasa, şol töwereklere aralaşaýsam, hiç hili buýtar­-suýtarsyz owganlar tarapyndan çapylyp taşla­naýjak ýalydym. Men öz hakyky ýagdaýymy ölçe­rip­ döküp, edil häzirki şertlerde syýahatymy dowam etdirmek mümkin däl diýen pikire geldim. Gyşda Orta Aziýanyň çöllerinde galmazlyk üçin men ha­ýal etmän syýahatymy ýylyň gowy wagtyna – indi­ki mart aýyna çenli yza çekmegi müwessa bildim. Belki, şol wagta çenli Orta Aziýanyň derwezesi bo­lan Hyrat bilen ähli gatnaşyklary kesip duran häzirki syýasy ýagdaýlar kadalaşar diýip pikir öwürdim. Bu zerurlyk bilen ylalaşan wagtym sentýabryň başlary­dy. Soňky döwürlerde köpsanly ajaýyp ýazgylarda waspy ýetirilenem bolsa, meniň gyzyklanmalarym üçin ikinji derejeli bolan bu ýurtda ýene bäş-­alty aý wagty geçirmegiň nähili ýakymsyzlygy düşnüklidir. Eýsem, men näme etmelidim? Men myhmanparaz türk dostlarym bilen hoşlaşdym­da, ýarym derwüş lybasyna girip, Yspyhanyň üsti bilen Şiraza ugra­dym. Bu − Parsystany çynlakaý öwrenmek maksady bilen däldi­-de, geljekde syrymy açyp biljek hakyky keşbimi gizlemek üçin gerekdi. Şeýlelik bilen, men Eýranyň gadymy siwilizasiýasynyň belli ýadygärlik­leriniň ählisine aýlandym.

(Dowamy bar)

Arminiý Wamberi

Terjime eden: Kakabaý Gurbanmyradow
­ Ýol ýazgylary

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle