Uzboýuñ uz boýunda
Uzboýuñ uz boýunda
 Uzboýuñ uz boýunda, 
 Alañlaryñ oýunda, 
 Bir topar alym bilen 
 Duşuşdyk güýz aýynda.
 Bu ýerler çöl beýewan, 
 Deñiz dej dury asman. 
 Golaýda gurt uwlaýar, 
 Biz otyrys gulak asman.
 Elektrik dwi£ok 
 Işläp, öndürip dur tok. 
 Çölde aýsyz gijeleñ. 
 Gündizlikden parhy ýok.
 Ak çadyrda ýerleşip, 
 Çaý içýärdik derleşip. 
 Iki sany ýaş alym 
 Gelip girdi tirkeşip
 Sergeý Leningraddan, 
 Sülgün bolsa Murgapdan, 
 Bular çöli suwarjak 
 Suw getirip Lebapdan.
 Sergeý diýdi Sülgüne: 
 »Men örän şat bu güne. 
 Häzir girdik ikimiz 
 Gök deñiziñ düýbüne.
 Şu ýerler deñiz bolar, 
 Tolkunlar şowhun salar, 
 Parahodlar Moskwa 
 Emgenmän dogry bakar.
 Kenarlarda şäherler. 
 Toý lybasyn geýerler, 
 Beýik halkyñ zorundan 
 Indi güllär bu ýerler.
 Tutup kanal kartasyn, 
 Yzlap kartañ ortasyn, 
 Ýiti gözi Sergeýiñ 
 Görýär çölüñ ertesin.
 Sazaklañ pürün darap, 
 Depeden — depä darap, 
 Daşarda bimaza ýel 
 Gezýär peşmek togalap.
 Sülgün örän sypaýy, 
 Süzüp içip gök çaýy, 
 Diýdi: »Sergeý, bir ýyl öñ, 
 Daşdy bize bu taýy.
 Jana-jan Leningrad, 
 Biz şonda tapdyk myrat 
 Gözel şäher görkünden 
 Ýadymda ýagty surat.
 Süýt kimin ak bir gije, 
 Mylaýym päk bir gije, 
 Puşkin gezen kenarda 
 Gezýärkäm men bir gije.
 Newada suw towlandy, 
 Tylla balyk köwlendi, 
 Aý yşygna teññeler 
 Ýaldyrap şöhlelendi.
 Balyjak dile geldi, 
 Näzik ses çala geldi, 
 Diýdi: Pýotr şu ýere 
 Bir türkmen bile geldi.
 Kenarda aýlandylar, 
 Gezip köp oýlandylar, 
 »Uzboý», »Uzboý» sözleri 
 Sözlerden saýlandylar.
 Olaryñ arzuwlary 
 Döndermedi suwlary, 
 Sergeý bilen sen barda. 
 Söz gadymy syrlary ㅡ
 Diýdi balyk söz bilen 
 Özüm gördüm göz bilen. 
 Teññelerne bat berip 
 Ýüzüp gitdi näz bilen»
 Sülgün sözün soñlady. 
 Sergeý ony diñledi. 
 Oturanlar bu sözüñ 
 Manysyny añlady.
 Uzboýuñ uz boýunda 
 Guran derýañ oýunda 
 Şu gürrüñiñ şaýady 
 Boldum men güýz aýynda.
Towşan ESENOWA
»GYZYL GÜLLER» Türkmenistan Döwlet Neşirýaty
Aşgabat-1962 Goşgular
