|

Geläýjek ýaly

Geläýjek ýaly GELÄÝJEK ÝALY

Garaňky gijäniň tümlügin böwsüp,
Ýarym maňa tarap geläýjek ýaly.
Gülleriň içinde al-elwan öwsüp,
Maňa garap birje güläyjek ýaly.

Gözelligin bütin äleme ýaýyp,
Owadan bulut deý asmanda gaýyp,
Asmandan ýol ýasap damja deý taýyp,
Ýarym maňa tarap geläyjek yaly

Güneş kimin bir gün hoş habar buşlap,
Meniň jahyl duýgularmy taraşlap,
Ak gollary arzuwymy gulaçlap,
Ýarym maňa tarap geläýjek ýaly

Bir tohum deý ýeriň gabygyn ýaryp,
Gözelligne bahar howasyn garyp,
Köp ýol geçip, belki, azajyk aryp,
Ýarym meň ýanyma geläýjek ýaly…

Aman NOBAT. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle