|

Ahwalat

Ahwalat Orazguly ANNAÝEW

▶ AHWALAT

Öten agşam giç dolandym öýmüze,
Aýlawly ýollardan öwrülip geldim.
Çagalaryñ bary uka batypdyr,
Garaşyp-garaşyp ýatypdyr gelnim.
Howlyñ ähli çüñki tüm garañkylyk,
Gara tümlük bakýar penjirelerden.
Düşnüksiz duýgular üýşüp daşyma,
Kalbymy howsala gurşady birden.
Howly,
daş-töwerek,
giden bu dünýä,
Ömürylla ýagty bolmajak ýaly,
Şu mahal ukuda ýatanlañ bary
Ömürylla gaýdyp galmajak ýaly.
Aýrylyp gitmedi dörän duýgular,
Daşlaşmady menden näçe kowsamam,
Göwnüme bolmasa öñdenem meni
Heläk edýän ýaly hut şu howsala,
Gorkup duýgylaryñ dogrulygyndan,
Otyryn ysgynsyz,
çyrany ýakman,
Gowy boljak kimdir biri ses berse,
Älem-jahan agyr ukuda ýatman.
…Dym-dyrs dünýe doñýar,
älem asuda,
Soragly bakýaryn garañky gijä.
Aýlawly ýollardan gelenim üçin
Galaýan bolmaýyn bar zatdan gijä?!

* * *

Bu ýagdaýa, belki, beletdir her kim,
Aýyl-saýyl wagty şatlykdyr gussa
Duýýarsyñ özüñi mydama erkin.
Ýöne çylşyrymly durmuş jerhedi
Yzyny hiç üzmän damyp duransoñ,
Bozýar aradaky baky serhedi.

* * *

Ummanlar köşeşýär,
Köşeşýär, ynha,
Gaýdañ soñ mazaly bady gaýdansoñ.
Ýöne üýtgeşikkä bu syrly ynsan,
Köşeşýär dünýäden baky gaýdansoñ.

* * *

Gurt çagasy
Özbaşdak ädimi ätmänkä heniz,
Dogmanka gözünde ilkinji şapak.
Durmuşyñ kynlygy,
Şatysy hakda
Enesinden alýar ilkinji sapak. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle