|

Baýdeniñ täze ministriniñ asly siliwrili bolup çykdy…

Baýdeniñ täze ministriniñ asly siliwrili bolup çykdy… BAÝDENIÑ TÄZE MINISTRINIÑ ASLY SILIWRILI BOLUP ÇYKDY…

Jo Baýden ABŞ-nyñ Içerki howpsuzlyk ministri wezipesine Alehandro Maýorkasy belledi. Bu ýagdaý ABŞ-nyñ taryhynda ilkinji gezek bolup geçýär.
O nämäniñ ilkinji gezegi?
Ýagny, Maýorkas häzire çenli apparatda ýer alan ilkinji sefarad jöhidi. Ýeri, Alehandro Maýorkas kim bolýar?

■ LAKAMY: ALY MAÝORKAS

1959-njy ýylda Kubada dünýä indi… 1960-njy ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýar… Kaliforniýada ýetişdi.
«Bize näme?» diýmäñ… Gaty täsin habar bu.
Çünki Maýorkas ata tarapdan sefarad-osmanly jöhitlerinden, ejesi bolsa asly rumyniýaly aşkenaz jöhitlerinden.
Geçen asyryñ ýigriminji ýyllarynda täze kontinente göçüp barýarlar…. Göçmezden öñ onuñ ata-babalary tegelek bäş asyrlap Siliwri taraplarda ýaşapdyrlar.
Täsin aýratynlygy bar. Mundan 500 ýyl öñki döwürden söz açýarys, şoña görä baha beriñ: osmanly dilinde MaýorKas “C” däl-de, “K” harpy bilen ýazylýar… Maşgala häzirem familiýasyny asyl durkunda (osmanlyça) ýazmagyny dowam edýär.
Maýorkasyñ ýaşlygy Miamide geçýär.
Miamide häli-häzirlerem türk-sefarad sinagogy işleýär.
Çagalygyndan bäri deñ-duşlarynyñ we dost-ýarlarynyñ oña dakan bir lakamy bar: Aly Maýorkas.
Näme etsekkä? 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ çäginde borekas ýa-da keftikas hödür-kerem edäýsekmikä, Ala?… Bir peýdasy degermikä, Türkiýä?

Halit KAKYNÇ.

29.11.2020 ý.

Odatv.com Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle