|

Durmuş sapaklary

Durmuş sapaklary DURMUŞ SAPAKLARY

■ El adama özüni ele almak üçin berlipdir.

■ Juluñy ters geýdiren bolsalar, öñ ony çöwre geýensiñ.

■ Ogry tutulsa gowy,
Hassa ~ gutulsa.

■ Çybyn hem beýiklik küýseýär. Şonuñ üçin ol biz ýaly boýy gysgañ däl-de, uzynyñ burnuna gonýar.

■ Geýmiñe görä garşylap,
Akylyña görä ugradýanlar.

■ «Şerap içip, serhoş bolup segresem» diýen setiri ýazmak üçin şerabyñ edýän täsirini bilýän adam bolmaly.

■ Iýen agyz ~ ulalar.

■ Aeroportyñ kassasynyñ agzyndaky ýazgy: «Berim gökden ýol ýasar!»

■ Keýpiñe sogan dogralanda, gözüm ýaşarýar.

■ Daýaw adam diýilýänem ogurlykda tutulanda, syçanyñ hinine sygýar.

■ Köprüde kürtdürmese, ol eşek däldir.

■ Görip adam añsat kesellemez, sebäbi bahyllyk hem oña kiçi kesel däl.

■ Dert ýamany sanjy, gep ýamany pyşyrdy.

■ Akylly akyl satmaz.

■ Gyzyl görse, Hydyr azar, Gyzyl köýnekli görse ~ Ylýas.

■ Mañlaýyñ şoruny ýere siñdirseñ, topragyñ şorlamaz.

■ Öñem biri toýda «gyzmaýan» bir bagşa ýüzlenip: «Bagşy aga, arasynda bir nas atyp, hezil beräýmäñ bardy-la» diýipdir.

■ Näziñi köp çekdiriberseñ ~ üzüläýýär.

■ Para ~ ite berlen iññe ýalydyr.

■ Juluñy ters geýdiren bolsalar, özüñ düzüw dälsiñ.

■ Balykçy balygy çeññek bilen däl, sabyr-takat bilen tutýar.

■ Mesligiñ soñy peslik.

■ Halal gazanylan pul az hem bolsa, hümmetlidir.

■ Jürüñi dikdirmejek bolsañ, hakyña jür bol!

■ Jübi kesene ýyl kesýärler.

■ Başyñy galdyranyñdan başlygyñy galdyr.

■ Eli boş baran ~ eli boş gaýdar.

■ Gaçan gutular, gaçyran tutular.

■ Geljegi görjek bolsañ, geçmişe seret.

■ Agzy baryñ ~ arzy bar.

■ Neşesi ýeten ~ ýetdirmez.

■ Kelläñ bolmasa, teññäñ bolsun, teññäñ bolmasa ~ kelläñ.

■ Buza gaçan buz bolar.

■ Ot gorsaýan diñe kesewi däl.

■ Düýe hernäçe uly bolsa-da çybyn ony ejizledýär.

■ Der çyksa ~ dert çykar.

■ Ýatanyñ üstüne telefon gelmesin.

■ Enesi ýalamadyk göle semremez.

■ Guşkelle bolmasa, garga peýnirini tilkä aldyrarmydy?!

■ Barlynyñ banky ýanynda.

■ Goşgyñy ogurlany kaza eltip bolanok.

■ Näzi bolmasa, näzenin bolmaz.

■ Baýy mal basar, garyby ~ myhman.

■ Myhman myhmany gysganar, öý eýesi ~ ikisinem.

■ Susagyñ sapy saña ýetýänçä, gazan boş galar.

■ Toýa barsañ, arakdan doýup bar.

■ Gyzyl köýnekli bolsañ, öküzden ägä bol!

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle