|

Gitme diýerin

Gitme diýerin GITME DIÝERIN…

Gitme diýerin, gidersiň sen,
Bary indi puç diýip,
Sen meni hiç söýmediň
Aňyrýana gaç diýip,
Wagtyň barka git diýdiň
Özge birin gu:ç diýip.
Ýoluk halda bilmediň sen,
Ganatyň bar uç diýip.
Öz-özüme käýindim,
Sensizlige duş diýip.
Köp pikirim ýalňyşdy,
Ýüregimi aç diýip,
Doýarynmy bilemok?
Bişirmeden aş iýip.
Bar dilegim Alladan,
Keremiňi sa:ç diýip.
…Käte ynsan ýalňyşýar
Göz ýerine gaş diýip.
Diýerinmi bilemok,
Golaý ara: «daş» diýip…

✍Ahally Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle