| |

Üçden soň puç / tymsal

Üçden soň puç / tymsal ÜÇDEN SOŇ PUÇ

Üçden soň puç / tymsal

Bir habarçy, äri bilen 50 ýyllap ýekeje gezegem sene-mene etmän ýaşan zenana sowal berýär:
— Hanym, siz nädip öz ýanýoldaşyňyz bilen şunça ýyllap şeýle agzybir we parahat ýaşaşmagy başardyňyz?
— Munuň ullakan bir syry ýok. Biz nikalaşanymyzdan soň ärim meni iki ýaby goşulan paýtunyna mündürdi-de, öz mülküne alyp gitdi. Ýolda barýarkak ýabylaryň biri büdredi welin, ärim jinnek ýalam gaharlanman, asudalyk bilen: “Bir!” diýdi. Soňra biz ýolumyzy dowam edenimizde, takmynan 15 minutdan soň şol ýaby ýene-de büdredi. Ýanýoldaşym: “Iki!” diýdi. Ýöne, ýaby janawere gamçam çalmady, sögünmedem. Haçan-da biz mülkümize ýetip barýarkak ýaňky alaşa üçülenji saparam südenekläp gitdi. Şonda adamym: “Üç!” diýdi-de, kemerine iltelen gabyndan sapançasyny çykarakga, ýaby janaweri atyp goýberdi…Menem elbetde, ol janawere dözmän aglap-eňräp, uly gykylyk turuzdym…
Şu ýerde äri bilen bütin ömrüne agzybir ýaşan hatyn sözüne dyngy berip dymypdyr. Bu wakanyň soňuny bilesi gelip içi byjyklaýan habarçy saklanyp bilmändir:
— Ýeri, onsoň?-diýip sorapdyr.
— Onsoňmy,- diýip göreldeli aýal sogduryp, uludan demini alypdyr:-Ärim şonda maňa garap: “Bir!” diýdi…

• ÜÇ ELEK

Bir adam bir akyldaryň ýanyna gelipdir-de, oňa ýüzlenipdir:
— Eý dana! Sen öz “dostum” diýip ýören adamyň sen barada näme diýendigini bilýärsiňmi?
— Az-kem aýtman tagapyl et,-diýip akyldar ondan haýyş edipdir:-Sen maňa aýtmakçy bolýan zadyňy ilki bilen üç sany elekden geçirseň gowy bolar.
— O nähili üç elek?
— Kimdir birine nämedir zat aýtmakçy bolsaň, ilki bilen şol aýtmakçy bolýan zadyňy aklyňdaky üç sany elekde eleseň ýalňyşmarsyň. Birinji elek – hakykat elegi. Sen öz aýtmakçy bolýan zadyň doly we gutarnykly çyndygyny anyk bilýärsiňmi?
— Ýok. Men diňe onuň sen barada ýaman sözleri aýdýandygyny başga birinden eşitdim…
— Bolýar. Diýmek, sen öz aýtmakçy bolýan zadyň çyndygyny ýa-da ýalandygyny takyk bilmeýän ekeniň. Onda seniň aýtmak isleýän habaryňy ikinji elekden – ýagşylyk eleginden geçirip göreli. Sen maňa meniň dostum barada haýsydyr bir ýagşy habary aýtmakçy bolýarsyňmy ýa-da seniň aýtjak zadyň maňa, meniň dostuma ýa-da başga kimdir birine nähilem bolsa bir ýagşylyk getirip bilermi?
— Ýok. Gaýta tersine…
— Onda,- diýip akyldar dowam edipdir:-sen öz aýtmakçy bolýan zadyň gümürtikligine göz ýetirip durkaňam kimdir biri babatda ýaman zatlary aýtmakçy bolýarsyň-da? Şeýlemi? Indi bolsa, seniň diliňi gijedýän zady üçünji elege – peýda elegine salaly. Seniň aýtmak isleýän zadyňy eşitmek maňa zerurmy ýa-da saňa şony maňa aýtmak seniň üçin zerurmy?
— Ýok. Munuň, meniň üçinem, seniň üçinem jinnek ýaly-da zerurlygy ýok.
— Onda,- diýip akyldar sözüni jemläpdir:-eger-de, seniň aýtmak isleýän zadyňda hakykatam, ýagşylygam, bähbidem, zerurlygam ýok bolsa, onuň ýaly zatlary diliňe almak nämä gerek? Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle