|

Ýalñyzlyk

Ýalñyzlyk

ÝALŇYZLYK

Haçan bu hesretiň ahyry geler,
Gussaň gandalyndan sypyp bolanok.
Şatlygyňy bölüşseň — taýyn hemmeler,
Gam — hasratyň paýlaşan ýok, alan ýok.

Asmanyň şasy deý ýalňyz otyryn,
Jebri-jepa aldy ýüregmiň teýin,
Görýän, guly bolup agyr takdyryň,
Ýyllar geçip gidýär görlen düýş deýin.

Gaýdyp gelýär hyýallarmy dagydyp,
Gelýär şol ozalky arzuwlarym-da.
Göz öňümde garaşyp dur tabydym,
Diýýän ýaly: uzak eglenme munda.

Şeýle bolsa, günleriň bir gününde,
Men bilemok, kime agramy ýeter.
(Güman ýokdur) şatlanarlar ölenme,
Begenerler doglan günümden beter…M. Lermontow

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle