Tüweleý
Tüweleý
 Gaçsam, 
 Kowalaý, 
 Kowalaý, 
 Ýetdi yzymdan tüweleý.
 Sepip maňa hapa gumy, 
 Alyp gitdi papagymy.
 Eltäge-de otluk düze, 
 Örän gyňyr bir öküze, 
 Sowgat diýip beren eken, 
 Öküz geýip ýören eken.
 Diýdim öküze: — Bagyşlaň, 
 Şu papak-papagy başgaň!
 Öküz diýdi: — Baş üstüne, 
 Beýle bolsa, alyň ine! 
 Bu-meniňki diýip bilmen, 
 Iliň zadyn geýip bilmen! 		 	  Çagalar edebiýaty
