Pyşdyl
Pyşdyl
PYŞDYL
Düşjek bolup belent ýerden,
 Düňderildi
 Pyşdyl birden.
 Turup bilmän indi ine,
 Ýatyr
 Jyzzyk bolup Güne.
 Geçip barýar bir begemot,
 Pyşdyla haýry degenok:
 "Ýykylypmy,
 Özi galsyn!
 Ýol ýörände
 Ägä bolsun!"
 Penjek geýip bir üýtgeşik,
 Geçip barýar semiz pişik.
 Geçip barýar synçgap dişin:
 "Pyşdyl bilen
 Ňeň nä işim!"
 Tirkäp ekiz owlagyny,
 Şahlak geçi,
 Barýar geçip:
 "Ýatsa-ýatsyn,
 Serhoşdyr ol,
 Ýykylandyr aşa içip!"
 Barýar horaz,
 Barýar towuk,
 Ýüzlerini kese sowup —
 Esetmän pyşdyla taýa:
 "Kömek bersek bordy welin,
 Üst-başymyz bolar zaýa!"
 Geçip barýar
 Bir epeý şir:
 "Mertebäňi sakla, eý şir!
 Herýetene kömek etseň,
 Il saňa:
 "Ýukaýürek" diýr!"
 Geçip durlar
 Parhsyz bakyp.
 Ýatyr pyşdyl
 Aýak kakyp.
 Ýatyr
 Ýaş aýlap gözüne.
 Ýatyr
 Jyzzyk bolup Güne…
Hemra ŞIROW.
Çagalar edebiýaty
