Jikjikiler
Jikjikiler
 Jikjikiler iş etdiler: 
 Iň ulusy odun çapdy. 
 Ortanjysy çörek ýapdy. 
 Jigileri işsiz ýatdy.
 Jany ýanyp jigilerne, 
 Jikjikiler jik-jikleşdi. 
 Jigileri gulak goýman, 
 Jedelleşdi, 
 Heçjikleşdi, 
 Diýdi: «Entek iş ederden 
 Men ejizje! 
 Men kiçijik! 
 Bilip goýuň, araňyzda 
 Men jikjiki däl-de Jik-jik! 
 Odun çapjak bolup, birden 
 Aýagymy çapsam näder?! 
 Çörek ýapjak bolup, birden 
 Eljagazmy ýaksam näder?! 
 Şonuň üçin, iň gowusy, 
 Iş etmänjik ýatsam näder?!»
 Jikjikiler nahar etdi: 
 Ulusyna kersen ýetdi. 
 Ortanjysna tabak ýetdi. 
 Jigilerne okarajyk!
 Öýke edip jigileri, 
 Çekiläýdi bir gyrajyk.
 — Öýke etme! 
 Köp iýerden 
 Sen ejizje! 
 Sen kiçijik! 
 Bilip goýgun, aramyzda 
 Sen jikjiki däl-de, Jik-jik!
 Eger saňa kersen bersek, 
 Ýa-da uly tabak bersek, 
 Öz çakyňdan köp iýipjik, 
 Ýarylmagyň mümkin, Jik-jik! 		 	  Çagalar edebiýaty
