Şäherdäki oglanjygyñ obadaky atasyna haty
Şäherdäki oglanjygyñ obadaky atasyna haty
Ata, salowmaleýkim!
Haty ýazýan — agtygyň!
Aýtmasam-da bilýänsiň,
Çäklidigin wagtymyň.
Futbol oýnamak üçin,
Oglanlar gelip durlar.
«Uzak eglenme!» diýşip,
Gapyny alyp durlar.
Şonuň üçin haty men
Ýazdym gyssagarada.
Goýmadylar oglanlar,
Gaýtalap okara-da.
«Gysga ýazypdyr» diýip,
Nägile bolaýmagyn.
Eger ýalňyşly bolsa,
Üstümden güläýmegin!
Göz öňünde tut meniň
Çäklidigin wagtymyň.
Kanikulda bararyn,
Haty ýazan: AGTYGYŇ. Çagalar edebiýaty