Indi mende ýürek ýok!
Indi mende ýürek ýok!

Indi ýüregim ýok, aglamda saña.
Seni ýat edemde ýok meñ ýüregim.
Sen hakda illere aýdyp beremde
Öñküler deý gürsüldänok ýüregim.
Ýürek tirpildänok hatda düýşde-de,
Bigänä öwrülen roýuñ göremde.
Isleýşiñ deý boldy; meñ ýüregim ýok!
Top deregne depip, oýnasyn diýip
Kiçijik bir çaga berdim men ony.
Şo durşuna köçä zyñyp goýberdim
Aç itler doýursyn diýip garnyny.
Suwa saldym gamak bölegi deýin
Kän garaşdym onuñ çümüp gitmegne.
Misli garaşýan deý ýanýan gäminiñ
Aglaý-aglaý deñze özün atmagna.
Isleýşiñ deý boldy; meñ ýüregim ýok!
Öñden galan köne suratlaryña
Syn edemde bökjekleýän ýürek ýok.
Seni küýsän çagym,
Göresim gelse,
Indi mende galan-gaçan ýürek ýok!
Derek ýok!
Küçük İSGENDER.
Terjime eden: Has TÜRKMEN. Goşgular