Erteki aýdyp bereýin
Erteki aýdyp bereýin

Gel, oglum, erteki aýdyp bereýin,
Ýöne gorkaýmagyn jynlardan –
Döwden.
Üstün çykar gara güýçden adyllyk,
Tutsaň atalaryň pendin-öwüdin.
Birbada hopukdyr haýbatly gelşi,
Ahmal bolsaň, agzyndaky ot çawlap.
Sähel gowşaklygňy aňladaýdygyň,
Telim kelle bolup üstüňe düwlär.
Eýläňden-beýläňden geler duýdurman,
Düýpsiz derýa taşlaýmagam daş däldir.
Şonda oňat ýarag – ygtybar ýoldaş,
Asmandan arassa – päkize päldir.
Netiň düzüw bolsa, galany oňun,
Çykgynsyz zadyňam bolar alajy.
Gowluga çözüler, ýan berer ýaman,
Diýseler-de “bar taýagyň iki ujy”.
Göwnüň açyk bolsa, açykdyr ýoluň.
Bu Watany söýen hergiz hor bolmaz.
Dosta ganat geren, topragyn söýen,
Merde arwah-döwler kär edip bilmez.
Gel, oglum, erteki aýdyp bereýin,
Çekinme arwahdan,
Döwlerden, jyndan.
Edermenler ýeňilmeýär hiç haçan,
Päli düzüw bolsa, söýgüsi çyndan.
Begmyrat USSAÝEW. Goşgular