|

Mähribanlarym

Mähribanlarym

MÄHRIBANLARYM

Sen meniñ başdaşym
                                     Ilkinji söýgim
Sen meniñ syrdaşym
                                       Elýetmez duýgym
Sen meniñ gamdaşym
                                        Tükenmez gaýgym
Sen dünýäniñ añry ujunda bolsañam
Men dünýäniñ bäri ujunda bolsamam
Senden umydymy üzüp bilmerin
Sendedir ýüregmiñ ýarpy parçasy
Ol parça teniñde tene öwrülip
Ýaşap ýörkä çepiksije göwräñde
Men söýerin seni,
                               Söýerin mydam
Garaşaryn saña
                              Arman-ýadaman.
Emma häzir kalbyñ karar tapmasa
Ýa iýesiñ gelse mähriban käbäñ
Mährine ýuguryp bişiren nanyn
Gäwürleñ tagamsyz kefirin içip
Drožly dohadan kanagat tapman
Öz-özüñ aglañda,
Kösense janyñ
Syzlar meniñ dert-hasratdan gert bolup
Mal ýatagnyñ ençe wagt aýrylman
Siýdik siñip giden goñras dersine
meñzeş sadyr atyp ýatan ýüregim.
Her gideñde
                      aýralyga gan aglap,
Her geleñde
                      unudyp bar derdimi
Diýsem-de: "Hoş-sapa geldiñ geregim!"
Indi ne gidenñe
                           Ne-de gelenñe
Parh etmerin,
Çünki soñky wagtlar
Göwnüm atyñ gulagy deý bolupdyr.
Öz göwrämde galan ýarpy ýüregim
Gaýnadylan ergin muma batyrlyp
Hem-de ak biýz mata oralyp mäkäm
Piramidañ ortasynda goýulan
Fyrgun ýaly birçak ölüp gidipdir.
Şonuñ üçin her gezekki bolşumyñ
Tersine hereket etmekçi indi
Sen menden aýrylyp Magryba gitseñ
Men Maşryga sary gitmekçi indi.
Git!
      Mara git
                     Lebaba git
                                        Balha git!
Töwrize git
                   Gazmine git
                                         Parhy ýok!
Guşluk Stambulda bir bardak çay iç
Giçlik Andalusda şamlygñy edin.
Günüñ ýaşýan çagy şapagy synlap
Gezim eýle Ak deñiziñ kenaryn
Eger-eger pikriñe-de girmesin
Meniñ munda ýoklugym ýa barlygym.
Git!
       Gitseñ gidiber
                                Ýalbarar öýtme!
Hor etmeseñ bolýar jigerbendimi.
Bir towakgam: hergiz onuñ ýanynda
Ýagşydan, ýamandan diliñ ýaraýma
Gatañsy gursagmy torfa öwürip
Gemre baglap giden dertlerim hakda
Diñe öwret,
                    Gulagyna guýup dur!
Ömrüni meñzetme meniñ ömrüme
Üç günlük dünýäde çekmesin arman
Diñe başyn egsin Allañ emrine
Diñe namazlykda epsin dyzyny
Ýaşasa-da ata mährini görmän
Gömmesin dirikäm goýan yzymy…
Sen meniñ başdaşym
Gunçam, bägülim.
Ol meniñ nyşanym
Söýgüli oglum.
Siz meniñ ömrümiñ hamyrmaýasy
Mähribanlarym…

HAS TÜRKMEN.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle