| |

Türkmenem-türki men, türki türkmenem

Türkmenem-türki men, türki türkmenem

TÜRKMENEM-TÜRKI MEN, TÜRKI-TÜRKMENEM

Eý, agalar, diýsem Oguzdyr aslym,
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.
Gör, Ýeriñ ýüzüne ýaýrapdyr neslim,
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.

Saz-söhbete ezber, ezber hata türk,
Wah, bu türkler bir-birinden öte türk.
Bir dogandyr Gorkut ata, Ata Türk,
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.

Ýomut, çowdur, teke, saryk, ýemreli,
Dost tutundy Turgut Ozal, Demireli,
SEÝITNAZAR SEÝDILI, ÝUNUS EMRELI —
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.

Dagda-düzde Gyratyny segreden,
Duşmanynyñ azysyny owradan,
Önüp-örñän Göroglyly degreden —
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.

Kerwenini çar tarapa gatnadyp,
Bile bolup, rysgyn aýra tapmadyk,
Ýalan ada, galp şöhrada çapmadyk —
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.

Ýagşylygy pent eýlemiş pederlem,
(Pederleñ pendine amal ederler!)
Ykbaly oýanyp, bagty göterlen,
Türkmenem-türki men, türki türkmenem.

■ ERKANA ŞEÝLE

"Aslynda türki halklar beýik bir daragtdyr".
Süleýman DEMIREL.

Illerim bar özge ile meñzemez,
Dilleri türkidir — türkana şeýle!
Ýyllar geçer, aý aýlanar, mizemez,
Gurulmyş binasy berkana şeýle!

Türkmenistan — ýüzük, halky — gaşydyr,
Gadymy sährasy ýaşan ýaşydyr,
Jeýhun derýa ýüreginiñ joşudyr,
Içi-daşy tutuş görkana şeýle!

Aýdymy bar, goşsa saza ýaraşar,
Edebi-ekramy ýaza ýaraşar.
Kölleri bar gonsa gaza ýaraşar,
Sözleri ajaýyp, erkana şeýle!

Gyzlary bar başdan-aýak uz bolup,
Bahar bolup, tomus bolup, güýz bolup,
Çyksa gyzyl-elwan geýip — köz bolup,
Alys iller haýran kürtäñe şeýle!

Beýik bir daragtyñ synmaz şahasy,
Müñ dürli miwesi — köñül höwesi,
Watan eziz, jandan zyýat bahasy,
Örän baý topragy dür-käne şeýle!

Ahmet bu gün kemal tapdy çynlardan,
Şükür, ara açyp ýörüs tünlerden,
Sapak alyp, geçen agyr günlerden,
Umytly seredýäs ertäñe şeýle!

Ahmet MÄMMEDOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle