Ýiti pero / satiriki hekaýa
Ýiti pero / satiriki hekaýa

Ýazyjysumak kişi bolan bolup, oduk-buduk çyrşap, redaksiýalara, baý, irginsiz gatnadym-ow. Ahyrynda işim şowuna boldy öýdýän zatlarymyñ biri çykaýan ýaly-la. Hany, göreli, men öýe gelen adam bilen bir gürleşip göreýin. Neneñ, niçik, soñ belli bolar.
Hawa, öýde eser çyrşap, kagyz garalap otyrdym. Gapy kakyldy.
— Salawmaleýkim Gully aga! — diýip, ýanymyzdaky mekdebiñ mugallymy Eýeberdi öýe giräýdi. — Ýoldaş ýolbaşçy, siziñ peroñyz gaty ýiti ekeni — diýip, ol ýüzüni kürşertdi. Ýeri gelende bir zat aýtmaly, iller maña ýazyjy däl-de ýazuwçy diýýärler. Hawa, onsoñ men Eýeberdi mugallymy güller ýüz bilen garşy aldym.
— Sag bol, ýoldaş mugallym, meniñ peromyñ ýitidigini, ine, diñe sen ilkinji gezek aýtdyñ — diýip, men oña minnetdarlyk bildirdim. Şeýle hem ony kürsüde oturtjak boldum.
— Ýok, ýok, ýoldaş ýazuwçy, men oturyp biljek däl. Perosy ýiti ýazuwçynyñ öýünde otursañ çyr-çyr çyrlabersersiñ — diýip, ol gülmän-yşman aýtdy.
— Sag boluñ. Men sizden gaty minnetdar. Meni öwüp arşa çykarýañyz. Hawa-da, peroñ ýiti bolmasa, kütek pero bilen nädip satira, ýumor ýazjak. Neneñ edip ile täsir etjek. Kütek pero bilen erbet tipleri guluñ ýaly gygyrdyp bolmaz ahyry — diýip, begenip ýüregimdäkijämi orta okladym. — Aýu, Bibi, gelsene bäri, eşitsene Baýryjanyñ klas ýolbaşçysynyñ aýdýanlaryny — diýip, kuhnýada jaz ýakyp oturan aýalyma gygyrdym.
— Sag boluñ, mugallym, biziñ Gullymyzam-a kagyz köküni zaýalapdyr öz-ä. Enteg-ä zady çap bolanokdy — diýip, aýalym dylym-dylym etdi.
— Oturyñ, oturyñ, ýoldaş mugallym — diýip, men Eýeberdä oturgyç görkezdim.
— Aý, how, oturmaga inim ez-bezdir — diýip, ol ýaýdandy.
— Çekinme-de otursana. Men tankydy zat ýazamda-da edil seni ýazman ahyry — diýip, mugallymyñ egnine elimi goýdum.
— Siziñ peroñyz, ýoldaş ýazuwçy, soñky döwürde ýitileşäýdimi, ýa göwnümemi?! — diýip, Eýeberdi ýylgyrdy.
— Sag boluñ. Minnetdar. Ähtimal, ýitileşendir. Men şu günler köp okap başladym. Illeriñ eserleri maña güýç berýär — diýip, Eýeberdini ýene oturtjak boldum, teý-ahyr etmedi.
— Şu ruçkada, şu ýiti peroda gudrat bar-ow! — diýip, ol meniñ ýazuw stolumyñ üstündäki ruçkamy alyp alyp elinde saklap durşuna dodagyny dişläp, kellesini ýaýkady.
— Berekella, ýoldaş mugallym. "Zer gadyryn zergär biler" diýenleri-dä. Şu perony men soñky döwürde ulanyp başladym. Munuñ ýaly pero bilen diñe ýazyjy Marietta Şaginýan ýazýandyr. Menem şolar ýaly ökde ýazyjy bolmak üçin şarikli ruçka bilen däl-de, şunuñ ýaly pero bilen syýa batyryp ýazyp başladym. Muña gadymlar doktor pero hem diýerdiler, ýadyñdamy — diýip, Eýeberdiniñ ýüzüne seretdim.
— Şoña doktor pero diýip dogry at dakypdyrlar. Men siziñ ýiti peroñyzyñ awusyna çydap bilmän doktora-da ýüz tutmaly boldum — diýip, mugallym naýynjar görnüşde ýüzüni sallady.
— Be, be, ine täzelik! Näme, meniñ ýazan eserimde size dahylly zat barmydy?! Aýtsana, dogan-garyndaşlaryñyzyñ degnasyna degýän biderek bir zat çyrşapdyrynmy?! — men Eýeberdiden çynymy edip soradym. Ol agraslyk bilen gabagyny galdyryp, meniñ aýalymyñ ýüzüne seretdi-de:
— Daýza, biziñ Gully bilen özara gürrüñimiz bar — diýdi. Biz ikiçäk galdyk. Eýeberdi:
— Dördünji klasda okaýan garagol ogluñ Baýry klasdaky oturgyçda pero dürtüp goýan ekeni. Menem bilmän üstünde oturaýan bolsam nätjek. Indi şondan bäri pero görsem gerşine alahekge gonan ýagyr eşegiñ bar-da, ýöne zagyrdyklap durun — diýip, Eýeberdi diwana gyşardy.
Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar