Seýilgähdäki ahwal
Seýilgähdäki ahwal

Seýilgäh. Ýüregi suwluja baglar,
Guşlary bagryna basmaga taýyn.
Şeýle bir köz reňkli gülleri bardyr,
Hatda oňa gözi degäýjek Aýyň.
Bir-biregiň elin gysan agaçlaň
başynda bar ýaly söýgi heseri.
Öňküden has dili süýji guşlaryň,
Owazyna gulagymy keserin.
Dem alsaň demiňe heser ýetişer,
Janyň süýjäberer, süýjär diliňem.
Bir-birini gözi bilen gujaklan
aşyklar hem meňzär yşkyň gülüne.
Üstünden gül ysy gelýän bu ýerler,
Bu yşkbaz başymy aýlaýjak bolýar.
Seýilgäh…
Gül, baglar, ýigit hem-de gyz,
Gözlem bilen ony ýuwdaýjak bolýan.
Men oty:ryn yşka başymy büräp,
Güller maňa öz goýnundan berdi ýer.
…Ýanymda hem kebelegi kowalap,
Oglum bilen gyzym oýnap ýördüler..
Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. Goşgular