|

Eşege ot beriñ

Eşege ot beriñ EŞEGE OT BERIÑ!

Eşege ot beriñ

Garrapdyr arkasy ýagyr bolupdyr,
Mejaly ýok ýaly aññyrmaga-da.
Janawaryñ taby agyr bolupdyr,
Gidip bilenok añyrraga-da.

Dogry, eşet at däl, owadan kişñäp,
Jylawyny çeýnäp, toprak peşemez.
Emma göz öñümde, kiçiräjikkäk,
Gaty kän ot ýüklärdik biz eşege.

Indi birje gysym ot beriñ oña,
Garny dagy meñzäp barýar hepbige.
«Peýdasy ýok» diýip, harlamañ ony,
Başdan sowmañ, bolar-bolmaz gep bile.

Utanman diýýäñiz «Bize-hä şonuñ,
asyl ugruna-da garamzok» diýip.
Eşegem Allanyñ döreden zady,
Mojuk gep tapýañyz haram zat diýip.

Atlaryñ et üçin soýulýan döwri,
Bu eşegi «çüw» diýip kän çapdyg-a.
Gysganmañ ahyry bir gysym oty,
Janawaryñ garny meñzeş gapjyga.

Çary ÝEGENMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle