Küştdepdi
Küştdepdi

Aýaklar towsanda,
Galganda eller,
Owazyň süňňüme ýaýrap başlanda,
Üýtgeşik bir duýgy döreýär tende,
Göwnümem, seretmän näçe ýaşanma:
" Bök, bök! — diýýär. — Bök şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!"
Aýlanyp, aýlanyp, epersiň dyzyň,
Bir eliň şapbadyn urarsyň ýere,
Soňra iki eliň uzar Asmana
Hem güwwüldi dolan ýalydyr sere:
"Ho-op! Hop! Hop şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!"
Üýtgeşik güýç bilen galarsyň ýerden,
Ýene aýlanarsyň, ýene bökersiň,
Hak dälisiň düşünerden, duýardan —
Hem bökersiň, hemem dyza çökersiň:
"Huw-w-w, hak, hop şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!"
Daljygarsyñ, demiñ etmez demiñe,
Bir dem hušuñ göçer, gözleñ zat görmez,
Ortadan çykmaga çalşarsyñ, ÿöne
Bu jadyly aýlaw seni goýbermez:
"Hopba-na, hopba-na, hop şeÿle!
Küştdepdini dep šeÿle!"
Töwerege ýaýrar bir jady,
Onsoñ
Ýuwaş-ýuwaş daşyñ gallar halaýyk,
Çawlanansoñ gözleñdäki ataşa,
Olañam her biri bökmäge taÿyn:
"Ho-op! Hop! Hop şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!"
Bagşyñ sesi uzaklaşar,
Bu sazam
Indi seniñ durkuñ çalýan ýalydyr,
Göwnüñe bolmasa, indi Ýer şaram
Hut señ bilen deñ aÿlanÿan ýalydyr:
"Ho-op! Hop! Hop şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!"
…Saz bireýýäm gutarandyr,
Seň bolsa
On iki süňňüňde — bütin durkuňda
Aýlanyp durandyr agyly gülki
Ýa gülküli agy, menzäp horkulda:
"Ho-op! Hop! Hop şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!
Ho-op! Hop! Hop şeýle!
Hop-ba! Hop-ba ! Hop şeýle!
Hop, hop, hop, hop, hop şeýle!
Küştdepdini dep şeýle!.."
Çary ATAÝEW. Goşgular