|

Eşek hem gürmek hakynda hekaýat

Eşek hem gürmek hakynda hekaýat

EŞEK HEM GÜRMEK HAKYNDA HEKAÝAT

Şeýle hekaýat bar: günleñ bir güni
Kyn ýagdaýa düşdi eşek görgüli.

Guýrugnyñ astyna gürmek ýapyşdy,
Şeýdibem, biçäräñ mazasy gaçdy.

Eşek jyrtlap gördi, agynap gördi,
Gaýta öñküdenem agraldy derdi.

Bar eden azaby boldy tersine,
Birden kimdir biri depdi syrtyna.

Eşegiñ şunça wagt mazasyn alan
Gürmek aýrylaýdy añsatlyk bilen.

Oñ agyryly jany rahatlyk tapdy…
Şöhrat saña, dertden gutarýan depgi!

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle