Göwünlik / goşgular
Göwünlik / goşgular

▪︎ GÖWÜNLIK
Haýp, şat günleň geçişine sered-ä,
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.
Muny göre-göre gelýän durmuşam,
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.
Toýuň bolar şol sähetli senede,
Galman bilmez monjuklaryň düzülmän.
(Bolmajagna gözüm ýetýär, şoňa-da
ýüregim agyrýar, juda üzülýän.)
Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň
Garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym —
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi.
Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň — gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günde hem köteklemek aýypdyr.
▪︎ BILSEÑ…
Bilseň, bu günleňem möwriti öter,
Eglenmez başyňda kelpeň ýaşlygyň.
Hat-da aňarsyňam, giden mahalyň
Ýaňagma syrygan tuşdyr öýdeniň —
gara ýaşdygyn.
Hawa,
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar,
Diskatekaň bolmaz öňki şowhuny.
Götärsiň gursakda, günlerde bir gün
Öz-özüňi ýitiräýmek howpuny.
Ýene Sella bara eňersiň, emma
Portugal çakyram keýpiň götermez.
Ýüregiň joşsa-da, agramly ruhuň
Keýpihonlaň gürmegine itermez.
Alnyňda bulanýan ýarym-ýalaňaç
Näzeninler hyjuwyňa joş bermez.
Misli buthana dek, gijeler dynman
gatnan haremhanaň gujagyn germez.
Özüňe gelersiň, soňam gün-günden,
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar.
Birsellem dymarsyň. Gözüň öňünden
Birin-birin menli günleriň geçer.
Meň ýüregmi wagt tebibi seýiklär,
Gel, günäňi geçip biljek beýikkäm.
* * *
“Bu başyma degip giden
Ýaprakmyka?
Elmikä ýa?”
Mämmetnazar Babanazarow.
Bilýän, göwnüň mendedigni,
A meň göwnüm dagda, düzde.
Sen bir ýaşa! Berk gandally
Şol dünýeden örküň üz-de.
…Wi, ýogsa-da, görmändirin…
Kimdir biri bu öýmüzde
Ýa, kemmikä?
Jemmikä ýa?
Şundan akan bolsa aryk
Ýene şundan akyp gider.
Mundan soňky diýiljek söz
Ýyldyrym deý çakyp gider.
…Wi, ýogsa-da, senmi şol gün
Penjirämi kakyp giden?
Ýa, delmikä?
Ýelmikä ýa?
Barybir aljak galaň ýok.
Elewreseň o ýan, bu ýan.
Şu gün men bar, düýnde ýokdur,
Erte bilmen, ol – nägüman.
…Wi, ýogsa-da, daga çykyp,
Ho-ol atama golun bulan
Ýa, senmikäň?
Menmikäm ýa?
* * *
Ir sagat 6:30, şowly penşenbe.
Sämän serim säher ýaly durlanan.
Daş işikde sazyn çalýar daň şemal
Radioda-da “Durnalar”…
Guşlaryň däl, işe sary haýdaşýan,
Gulaga hoş ýakýar adamlaň sesi.
Edil şu ahwalda, edil şu günde
Säherler döredýär ertä höwesi.
Täze güne gadam basan dünýäni,
Görmeseň-de, duýmak juda lezzetli.
(Meger, sähel zada begenmek üçin
Durmuş meni –
Polýannanyň ykbalyna meňzetdi…)
Başujyňda kakaň otyr. Güneşem
Gözlerine öz nuruny çaýypdyr.
(Şu gün ol özüni iň bagtly kaka,
Menem iň bagtly perzent saýypdym.)
Günlerime gözün dikýän täleýim,
Nazaryňy uzaklarda egläber.
Ýogsa-da gel.
Ýöne entek kakamyň
Şu günki deý säherlerne degmäwer.
* * *
Bir bar eken…
Soň ýok eken nurly meňizde ýylgyryş.
Dünýe birsellem togtady,
Hereket ýok. Ýok hiç bir yş.
Bir bar eken…
Ýerleşerden dar eken Zeminiň asty.
Nirä gitjek? Ýer ýüzünem
Alasarmyk duman basdy.
Ýerden ýer tapmadyk janlar,
Han-ha urunýar ikiýan.
Nirä sumat boldy birden
Daglar, baglar hem okean?
Ýok, ýok, bu beýle däl. Asla
Bolubam bilmez beýle zat.
Heniz hiç zadyň soňy däl.
Bolsa-da hemmesi berbat.
Miwe ýygnar bir bag eken.
Sen görýäňmi, hol tarapda
Bir üýtgeşik ýer bar eken.
Seretsene, gözellige
Gül bar eken…
Gülzar eken…
▪︎ KAKAMA ÝAZAN HATLARYM
Kybla o ýan, a men weli şu gezek
Saňa bakyp, sežde kylsam eger-de…
Dünýe döräp, Ýer ýüzüne gelmezek
Perişdeler meň ýanyma geler-de
Hakyň huzuryna göterer meni.
Geçen günlem üçin goýman eleme,
Sorarlar islegim, men şonda seni
ýatlaryn…Gowşuryp elimi ele
Dilärin özüme ikinji ömri,
Entek soňky pellä ýetmezim üçin.
Hawa, kaka, ýaş dilärin özüme
Bagyr awusyny çekmeziň üçin…
* * *
Ýok, gyýylma, bujagaz dert –
Çekibilmez dert däl, kaka.
Naçar diýme, her telpeklem
Meniň kimin mert däl, kaka.
Sen bilýäň-ä, bu durmuşam
Synamaz her kimi, kaka.
Günler ýene gaýdyp berer
Görkümi, erkimi, kaka.
Ýükläbersin, onça ýüki
Göterer gerdenim, kaka.
Bu ýolda yza tesermi,
Heý, seniň merdemiň, kaka?!
Görýäňmi, ýognan bilegim,
Bedenimem berkän, kaka.
Maňa sen bilen birlikde
Ynamyňam derkar, kaka.
Ganyma ornapdyr zoruň,
Hem gaýratyň, dogmuň, kaka.
Men biriniň gelni borun,
Seniň weli ogluň, kaka.
* * *
Salam, kaka. Men Arzyman. Birwagt –
Arasyna siňip giden türkleriň…
Türkmeniň düzünden üzüldiň diýme,
Düzüldiň diýmegin hatarna durnaň.
Bu aýralyk agyr deger ejeme,
Emma doganlarym boýnuny burman
ýaşar, hem oňlar meniň gaýdanym.
(Aýdanym bilenem ýeňlemez ýüküm,
Gowusy bar zatda gysaýyn dişim.)
Bu ýerde ähli zat gülala-güllük,
Ugruna işim.
Razy, ykbalymdan, müňde bir razy,
Agyr günler agsap galdy ýeňsede.
Bilip bolmaz, ömrüň galan günleri
Belent serim dik başaşak egse-de,
Ýyllar öwürse-de enter pelegim,
Köwlenmerin, näçe agyr degse-de…
Bilýäň-ä,
Meni bu ýerlere getirdi birçak,
Ters aýlanan täleýimden ürkmegim.
Şoň üçin göwnümi bire baglaryn,
Hem galaryn arasynda türkleriň…
Aýbölek ABDYÝEWA. Goşgular