Zat gymmatlajakmyş / satiriki hekaýa
Zat gymmatlajakmyş / satiriki hekaýa
Öýümize myhman geldi. Ol gürrüñ arasynda:
— Gandyñyz barmy? — diýip sorady.
— Öz-ä bolmaly. Dek düýn bir kilo alypdyk.
Myhman ýylgyrdy.
— Päheý-de weli, bir kilo bilen gantly bolýañyzmy? Derrew birküç halta alyñ-da, beýläñize basyñ. Ýogsa, bu golaýda ganda gözüñiz düşmez…
Birküç kilo däl, birküç halta!.. Eý-ho!
Tanyşlarymyñ biri gelip:
— Nepýag satyn aldyñyzmy? — diýdi.
— Birnemejik bar.
— Tizara dükanda nepýag bolmaz. Şonuñ üçinem on-ýigrimi tüññüri dolduryp goýuñ…
On-ýigrimi litr däl, on-ýigrimi tüññür.. Bäý-bä!
Ýoldaşym gelip:
— Çaýyñyz barmy! — diýip sorady.
— Bar. Ýap-ýañyja bir gap aldyk.
— Siziñ zatdan habaryñyz ýok öýdýän? Eglenmäñ-de kyrk-elli gap çaý alyñ. Bir hepdeden soñ, siz ony gündiz çyraly gözleseñizem tapmarsyñyz.
Dostum maslahata geldi:
— Bilýäñzmi? Noýba gymmatlajakmyş. Derrew bäş-on ganar satyn alyñ.
Bäş-on kilo däl, bäş-on ganar!.. Püw-w!
Bir gün goñşym gelip:
— Sabynyñyz barmy? — diýip sorady.
— Birküç böleg-ä bolmaly.
— Uly iliñ ýüki sabyn weli, bularyñ arkaýyndygyny…
Goñşularymyñ biri:
— Hiç ýerde gürrüñ etmäñ weli, zeýtun ýagynyñ bahasy galjakmyş. Soñuna galaýmankañyz, gaplaryñyzy dolduryp goýaweriñ — diýip duýdurdy.
Dost-ýaryñ, tanyş-bilşiñ gepine gulak assañ, öýüñi azyk ammaryna öwrüp, özüñ myhmanhana göçüp ötägitmeli.
Asyl «haltalap daşañ», «çelekläp çekiñ», «beýläñize basyñdan» başga gürrüñ edenoklar.
Hudaýa şükür, arta-süýşe pulumyz bolmansoñ, biz-ä öñküje günümiz bilen mydar edip ýörüs. Zeýtun ýagyny litrläp, sabyny bölekläp, çaýy gadaklap, gandy kilogramlap alanymyz bilen oñýarys. Ýöne ol-bu gelip:
— Gandyñyz barmy? — diýip sorasa:
— Hawa-la, krowadymyzyñ aşagy gantdan doludyr — diýip jogap berýäris.
— Nepýagyñyz barmy? — diýseler:
— Ýüz tüññür dagy doldurdyk — diýip, agyzlaryna goýýarys.
— Çaýyñyz?
— Dolup ýatyr. Bäş ýüz gap alyp, beýlämize basandyrys.
Illee nyrhlaryñ gymmatlajakdygyny eşidip, azykdan ýüküni tutýarlar. Maşyn üstüne maşyn alýarlar. Hüjre-hüjre jaý gurýarlar.
Hiç zady artykmaç almaga ýagdaýym bolmasa-da, gymmatlaşyk hakynda eşidelim bäri, menem ýöne oturamok. Bütin günümi awtobusda geçirýän. Asyl Erenköýdäki öýümiz bilen Kadyköýüñ aralygynda gatnaýan awtobusdan düşemogam. Düýnem awtobus awtoparka gidýänçä, şonuñ üstünde boldum.
Konduktor maña:
— Bagyşlañ, biz eýýäm sekiz gezek öwrüm etdik. Siz şonda-da otyrsyñyz. Nirä barmakçydyñyz? — diýdi.
— Men günüñ ahyryna çenli awtobusdan düşmekçi däl.
— O näme üçin?
— Hiç ýerde diliñizden sypdyraýmañ, tizara awtobuslaryñ kireýi gymmatlajakmyş… Arzanjykka münüp keýpden çykaýyn diýýän.
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Rusçadan terjime eden: Atamyrat ORAZLYÝEW. Satiriki hekaýalar