Yrymlar düwünçeginden
Yrymlar düwünçeginden
■ Naharlananyñda aýna seredip iýseñ, öz görküñi iýýärsiñ.
■ Gije aýna seretseñ ruhuñ pese gaçýar.
■ Ertir irden aýna «Bismilla» diýip seretseñ, gözelleşýäñ.
■ Üç sany garga bir şahada otursa, oñatlykdan habar gelýär.
■ Keselhanadan çykanyñda, yzyñda zat (hatda zibil hem) galdyrmaly däl. Şeýle etseñ yzyña gelmeýärsiñ.
■ Gyz maşgalanyñ eli, aýagy tüýlek bolsa baý ýere durmuşa çykýar.
■ Ikindi bilen şamyñ arasynda suwa düşmeli däl. Adam keselleýär.
■ Gözüñe ittirsek çyksa, pul sürtüp, ýedi ýoluñ üstünde goýup, yzyña seretmän gitmeli. Ittirsek gaýdyp çykmaýar.
■ Gözüñe ittirsek çyksa, ony ite ýalatsañ hem aýrylýar.
■ Düýşüñe göwreli aýal girse, baýlyk gelýär.
■ Ak zat dökülse (süýt, gatyk, tüwi, şeker, duz we ş.m.) üstünden bassañ gözüñ agyrýar.
■ Ýanyñda syrtlanyñ tüýüni ýa-da dişini göterseñ, hemmeleriñ gözüne mähriban görünýäñ.
■ Uzak ýola şaýlananyñda, ýol dogasyny okasañ, ýoluñ hemişe açyk bolýar.
■ Egniñ çekse, görüşýäñ. Sag egniñ çekse ýakynyñ bilen, çep egniñ çekse ýat adam bilen görüşýäñ.
■ Çöregiñ iki ýerinden bölseñ, rysgalyñ bölünýär.
■ Iki adam birden okara çemçe uzatsa, oñat habar gelýär.
Taýýarlan: Oguljemal ÇARYÝEWA. Halk döredijiligi we rowaýatlar