|

Nobatguly Rejebowa hat

Nobatguly Rejebowa hat NOBATGULY REJEBOWA HAT

Nobat, ikimize az ýol harjy bu,
Zyýarata gitjek ýollarmyz, gör, daş.
Bir ilde bir şahyr eger galmasa
Men tenha gideýin,
                             gel munda gardaş!

Dogada dilärin aman gezerin,
Sen dileg et!
                    Aman gaýdyp gelerin!
Ýoluñ gara daşy aýagym diler,
Men jüp mazar üçin bagrym dilerin.

Magşuk degresinde taparyn birin,
Magrup degresinde taparyn birin.
Mazar daşa dönüp dertli başymy,
Goşa mazar daşa arzymy diýrin.

Iki ýowuñ, iki dana ýagynyñ,
Gözýaşyma ýuwup mazar daşyny.
Özüm hem sen üçin aglaryn, Nobat!
Nadanlar aldy — diýip — señ, meñ
                                   daşymy.

Çyn merdiñ sadygy Çingiz Kagandan,
Mert kişä sadaga Jelaletdinden.
Men özüme,
                   saña medet dilärin,
— Aýyrmañ — diýerin — bizi şu günden.

Sebäp duşman nadan,
                               dostlar has nadan,
Şu deñlik ýagşyrak,
                           Şu hal ganymat.
…Müjewüri bolsam Jelaletdiniñ,
Çingizi eýesiz goýmawer, Nobat!

Аmаnmyrat ВUGAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle