Mawy gözli äpet adam
Mawy gözli äpet adam
Mawy gözli äpet bir adam bardy.
Ol söýdi müçesi kiçi aýaly.
Bagda gurlan bir kiçijik jaýdady
emma ol aýalyñ pikir-hyýaly.
Gowy boljak äpişgäniñ düýbünde
açylsa burk ursa reýhan gülleri,
emma äpet adam hut äpetleriñ
söýüşi dek söýmekçidi dilberi.
Äpet iş küýseýär äpediñ göwni.
Aýnalary uly, binýady gaty
jaý gurup bermäge onuñ meýli ýok,
äpet-äpet işden agtarýar bagty.
Mawy gözli äpet bir adam bardy.
Ol söýdi müçesi kiçi aýaly.
Aýalyñ göwnüne makul bolmady
Äpediñ pygyly — ýöreýän ýoly.
Kiçijik aýalyñ göwni küýseýär
bag-bakja gark bolup oturan jaýy.
Mawy gözli äpet bilen hoşlaşyp,
saýlady ol hatyn bir göýdük baýy.
Aýnalary uly, düýbi reýhanly
bir jaýa aýaly äkitdi göýdük.
Äpetden ýüz öwren kiçijik aýal
göwün maksadyna gowuşdy şeýdip.
Emma äpet adam düşünýär indi:
tas ömrüni eden ekeni zaýa.
Onuñ äpet yşky sygjak däl eken.
Düýbi reýhan gülli kiçijik jaýa.
1930 ý.
Nazym HIKMET.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular