|

Pent

Pent

PENT

Nobatguly Rejebowa bagyşlaýaryn

Şeýle belent däldir ömür şahasy,
Haýyr-sogabymy asyp giderin.
Arzan däldir gara başyñ bahasy,
Namysy bagryma basyp giderin.

Dostlarym-diregim, söwüş etdigim,
Duşmanlam — ýigrenip, söweş etdigim.
Päli arassalar — höwes etdigim,
Ýüregimde ýugrup-susup giderin.

Şöhrata ýetmäge şükür golum bar,
Ýöne onuñ üçin ysmaz bognum bar.
Sag elimde göterjegim — oglum bar,
Çepimde ýar golun gysyp giderin.

Owazasy ýaýrap ugran bir şahyr,
Bir meniñ däl, köpleñ dilinde zahyr.
Şoñ diýşi deý, ömrüm bolanda ahyr,
Ajalymy parran kesip giderin.

* * *

Ýazyjy Akmyrat ŞIROWYÑ ýagty ýadygärligine

Güller owadan, owadan,
Söýgi bilen nikaly.
Bir ömür dogulan adam,
Tämiz tutsun-da päli.

Serinde bar sergezdanlyk,
Hem-de ap-ak pikiri.
Bir ömür dogulan adam,
Eder müñ bir şüküri.

Gülleriñ solmasy añsat,
Añsat adam ölümi.
Bir ömür dogulan adam,
Bir sürermi ömüri?!

Gül kibi gözlerde galsañ,
Galsañ hoşboý ys bolup.
Bir ömür dogulan adam,
Ötseñ söýlüp, ysgalyp.

Guwan gül deý ykbalyña,
Açylyp tamam bolsun.
Bir ömür dogulan adam,
Neberäñ aman bolsun.

1992.

Rejepgeldi MEJIKOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle