Ýesir
Ýesir

Adamzat adama dözen mahaly,
Tebigat adama dözenok herhal.
Ýesir barýar aýakýalañ köçeden,
Aýagnyñ astynda ereýär ak gar.
Awtomatly symsyklaýar ýesiri,
Sowuk gözler biri-birine garşy.
Biri eziz Watan üçin söweşýär,
Emma nebsi üçin beýlekiñ urşy.
Ikisi-de Adamatañ perzendi,
Ikisi-de jigerbendi How enäñ.
Haýran heniz düşünemok eý dünýä,
Açylmadyk syrmyñ ahyr owal-a?
Awtomatly alyp barýar ýesiri,
Şeýdip maksadyñy soñlaýan ýaly.
Ýesir barýar belent tutup başyny,
Urşy özi bilen jemleýän ýaly.
Toýly ÖWEZOW. Goşgular