Uruş ýyllarynyñ çöregi
Uruş ýyllarynyñ çöregi
Nirä baksañ görünip dur gyñagy —
Gözüñ açýan diriligiñ geregi.
Gahatlykda bildiripdi özüni,
Uruş ýyllarynyñ ýiten çöregi.
Tötekmi,
Arpa nan,
Zagara, köje,
Haýsysy bolsa-da bersene, eje.
Keýpi köklük küje,
Nan ysy küje,
Açlyk jugurdysyn salyp dur içe.
Köwüş — çagarykdyr,
Köýnek — jyýrymdyr,
Açlykdan gorarsyñ sarsyz ýüregi.
Diliñ däl, gözleriñ ýalñyz soragy:
Uruş ýyllarynyñ gahat çöregi.
Ýeñiş üçin gaýgyrmadyk güýjümiz,
Açlyga,
Horluga,
Kyn güne bakman.
…Biz şol açlyk bilen ýeñdik duşmany,
Aç urşa dok ruh hökmandy, hökman!
Ata ATABAÝEW. Goşgular