| |

Şahyrlaryñ edähedi jem bolup…

Şahyrlaryñ edähedi jem bolup… ▶ ADA

«Şahyrlaryñ edähedi jem bolup,
Çykarmakdyr bir-birini püçege…

Dmitriý Kedrin.»

Ol şeýle çarbagdy, ozaly-ahyr
Goýnunda saýrapdy bir oýnam şahyr…
Birisi Maşrykda,
biri Magrupda,
Birisi Jenupda, birisi Şamda.
Hüjre içre eläp söz gyryndysyn,
Çañyny ýuwdardy…
Dürüni bolsa
Paýlardy ile!

Her biri aşykdy bir hili güle…
Al gülleri wasp ederdi maşrykly.
Magruply — ak güli, —
Şamly — gök güli.
Jenuply gezerdi aýdym edinip
Dünýädäki ýok güli…

Şol güllerden çemen bogup, adamlar
Äkitdiler bir-biriniñ toýuna:
Ilerkiler gaýrakylañ öýüne,
Gaýrakylar ilerkileñ öýüne.
Soñra näme bolanyna
Gulak goý ine:

Al gülüñ şahyry ak güli görüp,
Ak gülüñ şahyry gök güli görüp,
Gök gülüñ şahyry ýok güli görüp,
Turdy bir goh-gopgun, turdy topalañ,
Tolkunlar çyrpynyp, çarpaýa galdy
Bolşuna olañ.

— Kimmişin ol gülüñ reñkin üýtgeden! —
Gygyrdy magruply…
Soñra maşrykly…
Gygyrdy jenuply…
Şamly gygyrdy:
— Gül waspyn etmäge täk özüm hakly!

Çakyşdy kelleler, çakyşdy döşler,
Çakyşyp, bir-birin kenara itdi.
Men-de men bolşuldy. Şeýdip, birdenem
Dördüsem ummana gapgarlyp gitdi.

Depişdi bir-birin bir oýnam şahyr,
Sygman dünýe ýaly äpet bir ada.
Sargardy, süllerdi benewşe güller,
Hazan ýeli urdy ada şo bada…

…Güller akmy, güller gökmi, parhy ýok
Şahyrlañ mesgeni ýaşyl adadyr!
Çyn şahyrlar tagzym eder şahyra,
Çyn şahyrlañ asly ýagşyzadadyr!

1974

MEÝHANA

(D.Kedrinden)

Jübüsinde müşki bolan müşküm bar diýip, köçä çykyp jar çekmez. Onun barlygyny ysy habar biýr.
Sagdy.

Şahyrlaryñ edähedi jem bolşup,
Bir-birini çykarmakdyr püçege.
Muhammet Omara barmak çömmeldip,
Ters mündürip otyr ony eşege.

Ters öwürip o pahyryñ imanyn,
Art aýakdan ala tozan sowurýar:
«Sen ahyry, haram ogry, diwanmyñ
On bäşinji setirini ogurlan!

Seniñ ýaly haramynyñ ýolundan
Aýak sekjek telbe tapylmaz ylla!»
Gojalar baş atýar ýatan ýerinde,
Juwanlar gop berýär «Aý, berekella!»

Omar bolsa daş işikde jöwjerip
Jyzýar: «Näletkerde, tök haramzada,
Huda seni ýalkamasyn eý görüp,
Ýüzleriñ düşmesin sypaýy zada!

Gorsuz ýören gorra, ajy garyn sen,
Sen gazal ýazara hakyñ ýok ylla!»
Gojalar baş atýar ýatan ýerinden,
Juwanlar gop berýär «B-o-oý, berekella!»

Diñe ýalñyz biri meý süzüp ümsüm,
Diýdi: «Ýat edeliñ Hakyñ adyny.
Ýeri, nätjek munça ajyny pürküp!..»
Ol şygyr ýyldyzy beýik Sagdydy.

Döwür döndi. Ýañky iki diwana
Dönüp gitdi haşal basan meýdana.
Sagdy bolsa döndi kümüş surnaýa,
Sagda gulak goýdy gadym meýhana.

Hoşboý güller deýin burk urup sözler,
Süýjedi bal bilen miwe deý ylla.
Törden baş atmady çal saç gojalar
Juwanlar diýmedi bir «Berekella».

Ýürekler joş urdy, söze meýmiräp, —
Doldy guş owazly ýaýla-gujaga.
Şahyrlaryñ edähedi şeýleräk,
Bir-birini çykarmaklyk püçege.

1962

◆ ◆ ◆

Şahyry şahyryñ garşysna goýmañ,
Şahyry şahyryñ deñinde goýuñ!
Il-günüñ üstüne bela abansa,
Şahyry şol belañ öñünde goýuñ!

Şahyry şahyryñ garşysna goýmañ,
Şahyrlary şahyr ornunda tutuñ!
Şahyrlar ýüregin tutan pursaty
Şol näzik ýüregiñ dadyna ýetiñ!

Şahyry şahyryñ garşysna goýmañ,
Şahyrlaryñ baryn bir gözden görüñ,
Başarsañyz,
çyn şahyrlañ öñünde
Goluñyz gowşuryp, hyzmatda duruñ!

1977 ý.

Annaberdi AGABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle