| | | | | | |

50-60-njy ýyllaryň edebi-çeperçilik gory we tankydyň derejesi

50-60-njy ýyllaryň edebi-çeperçilik gory we tankydyň derejesi 50-60-njy ÝYLLARYÑ EDEBI-ÇEPERÇILIK GORY WE TANKYDYÑ DEREJESI

Ellinji  ýyllaryň  başlary  we  altmyşynjy  ýyllaryň  aýaklary türkmen  çeper edebiýatynyň  we edebi  tankydynyň  iň  görnükli  wekilleriniň  öndümli  işlän  döwrüdir. Onuň sebäpleri  barada eýýäm  girişde  bellenilip  geçilmegine  garamazdan, gös-göni  şol  taryhy  aralyga  giren  döwürde Beýik Watançylyk  urşundan sag-aman  gaýdyp gelen  we ondan  öň  tylda  galan, ýöne  ady  Türkmenistanyň  çäklerinden  uzakda  tanalýan  uly  şahyrdyr  ýazyjylaryň  hem  eserleriniň  girýänligini  aýtman geçmek  bolmaz. Emma  biz  olaryň  atlaryny  ýa-da  eserlerini  agzamak  meýlinden  uzakdadygymyzy  aýratyn  nygtamak  bilen, 50-60-njy  ýyllaryň  edebiýatynyň  we  tankydynyň  tematik  hem  problematik    çägine  nazar  aýlamagy  maksat  edinýäris.Şonuň  üçin  bu  ýerde, bir  tarapdan, taryha, ikinji  tarapdan, edebi-çeper  paýhasa  ähmiýet  bermek  logika  dogry gelýär.
Beýik Watançylyk  urşy  ýeňiş  bilen  tamamlanandan  soň, biziň  edebiýatymyzyň  ösüşinde  täze  etap  başlandy. Bu etap  çeper  edebiýatyň  mundan  beýläk  hem  has  pajarlap  ösmegine  ýardam  etdi. Muňa B.Kerbabaýewiň, A.Gowşudowyň, H.Ysmaýylowyň,  B.Seýtäkowyň,  proza  eserlerini, A.Kekilowyň, Ç.Aşyrowyň, G.Seýitiýewiň, D.Haldurdynyň, A.Atajanowyň, M.Seýidowyň, liriki  ýygyndylaryny  mysal  getirmek  bolar.  Uruşdan  soňky  döwürde B.Kerbabaýew we G.Muhtarow  ajaýyp  eserleri  üçin  SSSR-iň  Döwlet  baýraklaryna  mynasyp  boldular .
Ylaýta-da  1945-nji  ýylyň  sentýabrynda  türkmen  edebiýatynyň Moskwada  geçen  birinji  ongünligi  ýörite  agzalmaga  mynasypdyr. Bu  wakalar  biziň  edebi  durmuşymyzyň  ösüşiniň  şaýadydyr. Bu  döwürde  roman  žanry  özüni  görkezdi. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly  ädim” romany 1949-njy  ýylda  doly  çap  edildi. 1948-1949-njy ýyllarda “Sowet edebiýaty” žurnaly A.Gowşudowyň, “Bahar-Hoşgeldi” romanyny  okyjylara  hödürledi. Aman Kekilowyň “Söýgi” romanynyň  birinji  kitaby 1947-nji ýylda  özbaşdak  kitap  bolup  çykdy. 1948-nji ýylda Ç.Aşyrow, “Ganly saka” trilogiýasyny  ýazyp  başlady. B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan” powesti  uruşdan  soňky  metbugatda  peýda  bolup,ol 1951-nji ýylda  aýratyn  kitap  bolup  çykdy.
Uruşdan  soň  Durdy Gylyç, Ata Salyh, Nury Annagylyç, Ata Köpek  ýaly  halk şahyrlarynyň  sesi  has  belentden  çykdy.Durdy Gylyç respublikanyň  zähmet  prossesini  görkezýän “Demir ýol”, “Pagta”, “Sendedir” ýaly hyjuwly goşgularyny  ýazdy. Ata Salyh 1949-njy ýylda “Agzybirlik  hemme  zatdan  güýçlüdir” atly  belli  syýasy  lirikasyny  döretdi.
Uruşdan  soňky türkmen  edebiýatynyň  esasy  temasy  dikeldiş  we parahatçylyk boldy. Parahatçylyk  problemasyny  döwür  öňe  sürdi. Bu  temadan A.Kekilowyň, R.Alyýewiň,  G.Seýitiýewiň, R.Seýidowyň,  otlukly  syýasy  goşgulary  peýda  boldy. Bularyň  bary  birleşip, türkmen  edebiýaty  öwreniş  ylmyna, edebi  tankydyna, onuň ileri  gitmegine  uly  goldaw  etdi. Ellinji ýyllarda edebi  tankyd  ugrundan Aman Kekilow, M.Annagurdow, A.Kerimow, A.Aborskiý  dagy has  köp çykyş  edipdiler.Ýöne  olaryň  esasy  ünsüniň “Aýgytly  ädim” romany  bolandygy  hem  dogrudy.
Uruşdan  soňky ýyllarda türkmen  edebiýatynyň  taplanyşy, ösüşi  ýaly türkmen  edebi  tankydy, edebiýaty öwreniş  ylmy-da  ösýär. Uruşdan öňki we uruş  döwrüniň tankyt  obýekti  esasan  klassiki edebiýatdy.
Bulardan  başga-da,  täze  dörän  edebi  eserler  barada-da  içgin  gyzyklanyp  ugraldy. Ýazyjylaryň  aýry-aýry  eserlerine, şahyrlaryň  ýygyndylaryna  syn  ýazmak  bilen  olaryň  döredijiliginiň  gowşak  ýerleri  hakda  netijeli  gürrüň  edildi.
Şeýle  makalalar  bilen birlikde, kiçi  hem  bolsa, edebiýatymyzyň  belli  döwürindäki  ýagdaýyny  kesgitleýän  möhüm  meseleleri  ylmy  taýdan  analizleýän  işleriň  hem  ýazylandygyny  aýtmalydyrys. Olardan: N.Aşyrowyň “Häzirki  döwür türkmen  edebiýaty”,Aman Kekilowyň “Edebiýat  teoriýasy”,A.Ýazkulyewiň“Edebiýat teoriýasyna giriş”, S.Garaýewiň, “Tworçestwo  narodnogo  şahyra Ata Saliha” atly  monografiýalaryny  agzamak  bolar. Bular  bolsa  edebi  tankydyň  pajarlap  ösmeginiň şaýadydyr. Şeýle-de  bolsa, entek  bu  döwürde  tankytçy  derňeýän  problemasyna  ýa-da  eserine  dogry   hem-de  taýýarlykly  çemeleşip, oňa  çuň,c hemme  taraplaýyn  obýektiw  baha  berýär. Eseriň gowşaklygynyň  sebäplerini  doly  açyp,derňewinden  degişli  teoretiki netije  çykarýar  diýip  aýdyp  bolmaz. Sebäbi  entek  ylmda-da, edebi  tankytda-da  professional   ýokary  baha  berijilik  ýetmezçilik edýärdi. Bu ýetmezçilik  ellinji  ýyllaryň  tutuş  dowamynda, hatda  altmyşynjy  ýyllaryň  başynda  hem saklandy. Ýurtda  umumy  ýagdaý  nähili  bolsa,onuň Türkmenistan ýaly  çetki  ýerlerinde  hem  şoňa  göräräk  proses  gidýärdi. Çeper edebiýat  hem şoňa  golaý ýagdaýy  başdan  geçirýärdi.
Köplenç  halatda  çeper  eserlere, esasan  hem  şahyrlaryň  ýygyndylaryna  baha  berlende,syn ýazylanda, shematizimiň   çäklerinden  çykyp  bilmezlik,  üstünliklerine, ýetmezçiliklerine obýektiw  baha  bermezlik  ýaly  kemterlik  duýulýar. Çeper  eserleriň obrazlar  sistemasy  ideýa  sagdynlygy, tema  aktuallygy, olaryň  her  biriniň  özlerine  has  bolan  çeperçilik  aýratynlyklary  bu  döwriň edebiýat  tankytçylarynyň  üns  merkezinde  durmaýar.Ýazylan  makalalarda  ilki  eserleriň  oňat  taraplary  hakynda  gürrüň  edilip, “eser  şowly  çykypdyr”, “çeper ýazylypdyr”  “şahyryň  tejiribeligi duýulýar” ýaly pikirler  hemmesinde  gaýtalanýar. Soňra  yzyndan  az-kem  kemçiligi  barada  gürrüň  edilýär,ýazyjynyň  niýeti  kesgitlenilýär, maksady  aýdynlaşdyrylýar. Çeperçiligiň  kadalaryny  berjaý  etmändikleri  üçin  igenilýär. Döwriň, hatda häzirki döwriň-de  oňat  eserleriniň  biriligine  garaman, “Aýgytly  ädim”, “Mugallymyň gyzy” we ş.m. birnäçe  eserlere  bilmersiň  näme  üçindir obýektiw  baha  berilmän,ýetmez  ýerleri  barada  gaty  gödek tankytlanýar,oňat  ýerleri  hakda  az  durulýar. Käbir  eserler  ýa-da  şahyrlaryň  ýygyndylary aşa  çişirilip, “gowy-gowy” diýmek  bilen,  arşa  çykarylýar. 1946-njy ýylyň  14-nji  iýulnda. “Sowet  Türkmenistany” gazetinde G.Wladykin,E. Kowalçuk, B.Suçkow “Edebiýat  tankydy  hakynda” atly  makala  bilen çykyş edip, şonda  döwriň  tankydy  barada  şeýle  pikir  ýöredýärler: “Häzirki zaman  tankydynyň  iň  uly  kemçiligi,onuň  özüniň  aýry-aýry  edaralara  we  ýazyjylara  hyzmatkär  edilenliginden,şol ýazyjylaryň  öwerliksiz  eserlerini  onuň  öwýänliginden  hem-de  başga  ýazyjylaryň gymmatly  eserlerini  alpetinden  alýan   mahalynyň-da  seýrek  bolmaýanlygyndan  ybaratdyr” . Bu  pikir  türkmen  tankydy  barada  aýdanyňda-da  jebis  gelýär. Obýektiw tankydyň  taplanýandygy, öwginiň  ýazyjy üçin-de, okyjy üçin-de,  peýdasyzdygyny,oňat  eseri  okyjynyň  saýlaýandygyny  hemmeler bilýän  bolsa  gerek.
Elbetde, şu  döwürde  metbugat  sahypalarynda  çap  edilen  makalalaryň  sany az  däl.Ýöne  olaryň  operatiwligi,originallygy, çeperçilik  derejesi  okyjylaryň  isleglerinden  pesde  durýar.Käbir  awtorlaryň  makalalarynda  ozal  aýdylan  bir  pikir  olaryň  beýleki makalalarynda  gaýtalanyp  durýar. Käte biri  beýlekisiniň  pikirini gaýtalaýan  ýerine  hem  duşmak  bolýar.Öňki  ýatlanylan  makalada  döwrüň  tankydy  barada  aýdylan  şu  pikir  bilen  doly  ylalaşmak  bolar: “Edebiýatyň  halk  öňünde  öz  borjuny  berjaý  edip  bilmegi, durmuşyň  çylşyrymly  köp  taraplygyndan  baş  çykaryp  bilmegi,biziň  ýurdumuzda  bolýan  jemgyýetçilik  işleriniň   düýp  manysyna  akyl  ýetirip  bilmegi  üçin  prinsipli,  abraýly  edebi  tankyty  oňa kömek  bermelidir…
Emma  heniz  bizde  beýle  tankyt  ýok.Biziň  tankydymyzyň  ýagdaýy  kanagatlanarlykly  däl, onuň  jemgyýet  içinde  abraýy  ýokary  däl.Tankyt  sowet  edebiýatynyň  kemala  gelmegine  zerur  täsiri salmaýar,durmuşda  we  sungatda  bolan  täzeliklere ýaramaz  halda  gulak  salýar  hem-de  biziň  jemgyýetimiziň  ýüregini  gopdurýan  örän  möhim  ideýa  meselelerini  edebiýatyň  öňünde  goýmaýar.Tankyt  eserleriň  çeper  formasy  barada  juda  talap  edijiliksiz  halda, pikir  we  jemlemek  barada  garyp  halda  durýar”
Soňra  makalada  döwrüň  tankydynyň  kemçilikleriniň  sebäplerini  görkezilip  şeýle  diýilýär:
“Häzirki  zaman  tankydynyň  durmuşdan üzňeligi, sowet edebiýatynyň  örän  uly  eserlerine edebiýat  tankydynyň  dogry  baha berip  bilmezligine  we  olaryň  analizläp  bilmezkligine, onuň  ösüş  meýlini  kesgitläp  bilmezligine, öňde  baryjy  zady, sungatda täze  gözýetimleri  açýan  netijeli  zady  götergiläp  bilmezligine  we  yza  galak  ýekeme-ýekeleýinçi  daşary  zady  pisläp  bilmezligine  eltýär. Şu  sebäpli  tankytçylar tekrarlanan  hakykatlary  gaýtalaýarlar, ahwalatlaryň  ýüzünde  çawýarlar  we  şonluk  bilen  işiň  düýpli,hemme  taraplaýyn  özleşdirilmegini, durmuşa  işeňňirlikli  täsir  edilmegini  talap  edýän  sosialistik  realizim  usulyndan  dänýärler” .
Umuman  alanyňda, ýokarda  agzalan  ýetmezçilikleri  hasaba  almasaň,  edebiýaty  öwreniş  ylmynda, edebiýat  tankydyna  işleriň  belli-külli  aýaga  galandygyny  aýtmalydyrys. Ýazylan  işler  mukdar  taýdan  köpeldi,  edebiýat  älemine  täze  adamlar  aralaşdy, ylmy  işler  ýazyldy, edebi  tankydy   makalalaryň  tematikasy  giňeldi. Respublikan  gazet-žurnal  makalalary  yzygiderli  çykyp  başlady.Bu  döwür edebiýaty öwreniş  ylmynyň  we edbiýaty tankydynyň  kämilleşiş  ýoluna  düşendigini, ugrugup  gidendigini  aýdyp  bileris.Şu  döwürde edebi  tankydy makalalar  bilen  gündelik  metbugatda G.Gurbansähedowyň, B.Jütdiýewiň, R.Alyýewiň, A.Mämmetgulyýewiň,A.Aborskiniň, O.Abdalowyň, , A.Kekilowyň, Ata Gowşudowyň, B.Kerbabaýewiň, D.Haldurdynyň,  B.Annagurdowyň, G.Seýitiýewiň, B.Hudaýnazarowyň,  B.Seýtäkowyň, B.Welmyradowyň, N.Esenmyradowyň, G.Weselkowyň, A.Atajanowyň,  K.Işanowyň, H. Ysmailowyň, Hasymguly Gurbanowyň, Ç.Aşyrowyň, M.Söýünowyň, H.Şahberdiýewiň  atlaryny ýygy-ýygydan  görmek  bolýar. Ýokarda  atlary  agzalan  awtorlaryň  birnäçeleri  edebiýatymyza  köpden  bäri  hyzmat  edip  gelýän  professional edebiýatyçylardyr, tankytçylardyr.Meselem, A.Kekilow, H.Şahberdiew, R.Alyýew.Bulardan  soňky  awtorlar  hem  biziň  derňeýän  döwrimizde  aktiw  çykyş  etdiler.Emma  hemmesine häsiýetli  bir  zady  hem  aýtmaly  bolýarys. Şol  tankydy  çykyşlaryň  problemalaýyn bolman,synçylyk  ruhy  güýçlüdi.Synlar  dürli-dürli  bolup,  biri-birine  dogry  we nädogry  gelýän  garşylykly  pikirler hem bardy.Şeýle-de  bolmaly, çünki  tankydyň  özi  şol  ýol  bilen  ösýän  žanrdyr.
Uruşdan  soňky  döwür  türkmen  edebiýatynyň  bir  bölegi  bolan  edebi  tankyt  hem  täze  ýagdaýa  uýgunlaşýardy, ol  edebiýatyň  beýleki  žanrlary  bilen   ugurdaş  gidýärdi.Bu  ýyllarda edebi — tankyda makalalar bilen  köplenç  ýazyjylar  çykyş  edýärdiler.Tankytçylar  şol  döwürde  täze  çykan  ýygyndy  hakda, edebi  terjime  hakda,  tanymal  ýazyjylardyr tankytçylaryň  ýubileý  seneleri  mynasybetli, edebiýaty  ösdürmegiň   çäreleri  hakda, edebi  konkurslar  we  olaryň  netijesi  hakda, täze  çykan  powestlerdir  romanlaryň  hili  hakda  seslenýärdiler.
Gürrüň tankydyň romanlar hakdaky pikiri barada gidýän ýerinde biz (Aýgytly ädim) romanyna aýratyn orun berilýänligini aýtmalydyrys. Bu roman sozüň doly manysynda taryhy rewolision romanlaryň birisidi we doly gutarylandy.Şonuň üçin Muny A. Aborskiý “Perwyý romanist  Türkmenistana” atly  çykyşykda / “Literaturnaýa  gazeta”,1947-nji ýyl, 25-nji ýanwar/ dogry  belledi.Roman  tankytda  obýektiw  baha  aldy. Aman Kekilow   “Taryhy  roman”/ “Sowet edebiýaty”, 1948-nji ýyl,№8/, B.Morozow “Reşaýuşi  şag” Berdi Kerbabaewa / “Turkmenskaýa  iskra” 1949-nji ýyl,15-nji maý / ýaly makalalarynda  oňa  giňden  baha  berdiler. Şol  synlarda  esere  söýgi, roman  žanrynyň  çen  alada  duýulýar. Emma M.Annagurdowyň   , “Aýgytly  ädim “ romany”/” Sowet edebiýaty”, 1951-nji ýyl, № 4/ diýen makalasynda  birtaraplylyk  açyk  duýulýar.
Bu  döwürde  şahyr  we  ýazyjylarymyzyň  aýry-aýry eserlerine  bagyşlanan, olary  her  taraplaýyn  analiz  edýän  makalalar  bilen  aktiw  çykyş  edýän  tankytçylar  peýda  bolup  ugrady.Şolardan O.Abdalowyň,  “Keýmir  kör”  ady  bilen  çykan, G.Burunow  we  B.Amanow tarapyndan  ýazylan “Keýmir  kör” dramasy  hakyndaky makalasyny  ýatlamak  ýeterlik. Bu  makalada  awtor“Keýmir  kör” dramasynyň  uly  terbiýeleýjilik  ähmiýeti  hakda  giňden  durup,onuň ideýa  taýdan  sagdynlygy,halky  eserligi  barada  gürrüň  edýär. Şol  pýesanyň  ýetmezçiligi  barada: “Edebiýat  we  sungat  işgärleri  köne  zaman  hakynda  ýazan  wagtlarynda  şol  wagtda  bolan  wakalara  täzeçe  göz  bilen  garamagy  gazanmalydyr…ikinji  tarapdan, pýesada  hereket  edýän  gahrymanlar  hiç  haçan özleriniň  ýaşan  sosial  ýagdaýlaryndan  aýaklaryny  üzmeli  däldirler. Nedir  şany/ umuman  öz  duşmanlarymyzy/ näçe  gowşak, ejiz  edip  görkezsek,  biz şonça-da  öz  güýjümizi, halkyň  gudratyny, onuň  azatlyga  bolan  joşgunly göreşiniň  derejesini  peseldýäris”  diýip  aýdan  setirleri  awtoryň  aýytjak  pikiriniň  jemlemesi  ýaly  duýulýar. Soňra  Keýmiriň   şanyň  öňünde  has  aşa  gönümel, gödek  gürledilmegi,Aýly  batyryň  obrazynyň  hem  has  gönümel  çykanlygy  hakdaky  bellikleri  makullamaga  laýyk. Bu makalada“Keýmir  kör” pýesasynyň  çeperçilik   taraplary-da, ýetmezçilikleri-de, gaty  dogry  kesgitlenilýär. O.Abdalowyň,  awtorlaryň  geljekde  has  oňat  işlemeklerine  itergi  berjek  sowatly,  düşünjeli  maslahatlary  maňzyňa  batýar.
Uruşdan  soňky  döwürde  dramaturgiýanyň  ösmeginde  G.Seýitliýewiň, G.Muhtarowyň  hyzmaty  uly  boldy.Olar  bilelikde we  aýry-aýrylkda köp pýesalar döretdiler.Pýesalaryň  käbiriniň  içki  gurluşynda gowşaklyk  bolsa-da, temasy aktualdy, täzäni ündeýärdi. G.Seýitliýewiň A.Garaýew  bilen  ýazan  “Bagt derýasy” pýesasy  1950-nji  ýylda  “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 2-nji sanynda  çap  edildi.Ol ýumaristik  äheňde  bolsa-da,  tema  zerurdy.Eýsem-de  bolsa,onda  konfliktiň  ýoklugy  pýesanyň  esasy  kemçiligidi. Emma  tankyt  muňa  üns  bermedi.Şol  döwürde  “konfiliktsizlik  teoriasynyň” dramaturgiýanyň  ösmegine  päsgel  berşi  hakda  tankyt  seslenmedi.
Tankytçylar O.Abdalow  we  Mämmetgulyýew Gara Seýitliýewiň “Jahan”  pýesasyna  bagyşlap, “Jahan” hem-de “Jahan pýesasy hakynda”  diýen  tankydy  makala  bilen  çykyş  edýärler.Olar  öz  çykyşynda  pýesanyň  temasynyň  aktualygy,  türkmen  intelligensiýasy  hakda  ýazylan  ilkinji  synanşykdygy,emma  eseriň  zamananyň  okyjysyny  kanagatlandyrardan  juda  pesligi  barada  giňden  gürrüň  gozgap,şeýle diýýär:  “…Häzirki  zaman  türkmen  teatrynda  oturan  türkmen  ýigidi  1924-nji ýyldan  ozalky  türkmen  däl. Ol  ösdi,  onuň  dramaturgdan, teatrdan  edýän  talaby  biçak  artdy. Ol  ýigit  Köpetdaglarynyň  eteginden  çykyp, Karpat  daglarynyň  jülgelerini  sökip  geçdi. Ol  Ỳewropanyň  gadymy  şäherleriniň  ýaş  bilen  suwarylan  köçelerinden  ýeňijilik  bilen  geçip, söweşler  gurap, Berline   bardy.  …Şu  zatlaryň  hemmesi  onuň  ruhuny  Kapdagyna  çykardy, onuň  gözýetimini  has  giňeltdi. Ol  indi  şol  geçen  gahrymançylyklardan, edermenlikli  işlerden  doly  ýoluna  mynasyp  pýesa  görmek  isleýär” .
Tankytçylaryň  ikisi-de,  pýesanyň  kemçiliklerini  ýekän-ýekän  yzarlap, degerli  pikirleri  ýöredip,ony  ylmy  esasda  delillendirýärler. O.Abdalowyň  makalasynda“Jahanyň” awtory  Gara  Seýitliýewi  türkmen  durmuşynyň  bir  bölegi- aýallar  meselesi   gyzyklandyrypdyr, emma  nebsimiz  agyrsa-da Gara  Seýitliýew  bu  meseläniň  içine  giripdir-de,  çykyp  bilmändir. Çünki  awtor  durmuşa,  onuň  örän  çylşyrymly  proseslerine  ýüzleý  garaýar, batyrgaý  çözülmeli  meseleleriň  duşundan  geçýär”  diýip, pikir  ýöredýär.
Emma  bu  ýerde  tankyt  pýesadaky  esasy  zady  görkezmändir. Intelligensiýanyň  ajaýyp  obrazyny  döreden  eserleriň  hatarynda G.Seýitliýewiň, “Jahan” pýesasy  hem  giryär. Ol  türkmen  we  rus  sahnalarynda  üstünlikli  geçdi. Ol  uly  ahlak  meselesini  gozgaýar. Adamyň  jemgyýetdäki  orny  hakda  gürrüň  edyär. Pýesada  türkmen  aýalynyň  ýokary  hünäri, medeniýeti  real  suratlandyrylýar.Tankytçy,şol  üstünligi  görmän, ony açman,  umumy  gürrüň  bilen  çäklenýär. Onda  kemçilik  bardy. Ol  hem  ýene  konflikte  syrygýar. Ine, şuny  dramaturga  ýetirmekde   tankyt  kemterlik  edýär.Sebäbi  tankydyň  öz  derejesi, synyň  professionallygy  kemterlik  edýärdi.
BK /b/ P  MK-nyň  “Drama  teatrlarynyň  repertuary  we  ony  gowulandyrmak  çäreleri  barada” çykaran  kararyndan soň Gara  Seýitliýewiň  oňa  jogap  hökmünde, ilkinji  bolup, intelligensiýanyň  durmuşyny  suratlandyryp  ýazan  pýesasy  bolany  üçin,  goýberen  kemçiliklerini ýuwmarlajak  bolup  synanşyk  edenleri-de  bolanlygy  barada  gürrüň  edilýär.Emma A.Mämmetgulyewiň,  makalasynda  isleg  her  näçe  gowy  bolsa-da, Gara  Seýitliýewiň  eden  oňat  isleginiň  ol  heniz  edilen  iş  bolan, islegligine  galýanlygy,onuň  bilen  beýle  ýalňyşlygyň, kemçiligiň  üstüni  perdelemegiň  mümkin  däldigi  dogry  bellenilýär.
Tankytçylar, pýesa  barada  adalatly, ýerlikli  bellikler  edip, netijeli  pikirler  bilen  öz  pikirlerini  delillendirýärler.Edebi  tankytda  şonuň  ýaly  ýüz  görmezlik  bilen  eseriň  kemçiligini  açýan  makalanyň  gymmatynyň  uludygy  ikuçsyzdyr.
Şol  ýylaryň  edebi  tankydyna  ýazyjy  G.Gurbansähedowyň  hem  adyna  ýygy-ýygydan  duşmak  bolýar. Tankytçy D.Haldurdynyň, “Meniň ýaragym” diýen  goşgular  ýygyndysy  hakda /Aşgabat, TDN,1947./  “Meniň ýaragym” atly  makala  bilen  çykyş  edýär. Bu makalada  şahyryň   söweşjeň  syýasy  lirikanyň  wekilidigi,harby  poeziýany  döretmegiň  ussadydygy, onda  duşmana  ýigrenç,dosta  wepalylyk  ýaly  häsiýetleriň  suratlandyrylandygy  hakda  giňden  gürrüň  edilip,soňra  ýygyndynyň  kemçiliginiň  üstünde  adalatly  durulýar.Tankytçy  ýygynda  girizilen  goşgularyň  akgynsyzdygy, gowşakdygy,olarda  köp  sözlülige  ýol  berlenligi  mysallar bilen  subut  edilýär .
Hasymguly Gurbanow  hem D.Haldurdynyň, ýokarda  agzalan  ýygyndysy  hakda  “Ýaş  kommunist” gazetiniň  1948-nji  ýylyň 12-nji fewralyndaky  sanynda “Şahyryň  ýaragy” atly  makala  bilen  çykyş  edýär.Ol ýygyndyny  has  dabaraly  sözler  bilen  öwýär. Yzyndan  bolsa  sypaýçylyk  bilen G.D.Gurbansähedowyň  bellikleri  ýaly  ýygyndynyň  ýetmezçiligini  tankytlaýar. Onuň  kä  goşgularyndaky  pikiriň   okyjylara  asla  düşnüksiz  bolup  galýandygy, meňzetmeleriniň  şowsuzlygy,setirleriniň  agyr  okalýanlygy, asla  çeperçilik  taýdan gowşaklygy  ýerlikli  bellenilýär.Umuman, tankytçylaryň  ikisi-de  ýygyndynyň  kemçiligi  barada  obýektiw   bellikleri  aýytýarlar.
G.Gurbansähedow  Hajy  Ysmaýylowyň “Öküz  gödek” powesti  hakda“Öküz  gödek”   ady  bilen  makala ýazýar. Tankytçy  bu makalada  awtory  turuwbaşdan  tankytlap  ugraýar.Asla  “Öküz  gödek”  sowet  jemgyýetinde  bolup  bilmejek  tip, beýle  obraza  sowet  adamlaryny  masgaralaýar” diýen ýaly  gürrüň  edýär.Şonuň kimin jümleler  şol  döwriň  tankydynda  häli-şindi  gabat  gelýär.
Hajy  Ysmaýylowyň “Öküz  gödek” powesti, elbetde, kemçilikden  halas  däl, şeýle-de  bolsa, tankytçynyň  aýdyşy  ýaly,ony  püçege  çykarmak  bolmaz.Zehinli  söz  ussady  jemgyýetimizde  ahlak  tarapdan-azgyn, döwletiň  emlägine  göz  gyzdyryp  ýaşaýan  adamlaryň  obrazyny  gaty  synçylyk  bilen  suratlandyrypdyr.Durmuşdaky  ýaramaz  ýagdaýlaryň, pis  häsiýetli  adamlaryň  zyýanly  taraplaryny  açyp  görkezipdir.Merhum  tankytçy A.Kerimow  bu  eseriň  položitel  hem-de  otrisatel  taraplary  hakda  we  tankytçynyň  aýdan  tankydy  bellikleri  babatda  ýerlikli  gürrüň  edip  şeyle diýýär: “Dogry, bu  satiriki  eser  kemçilikden-de  halas  däldi. Emma  ol  kemçilik, G.Gurbansähedowyň görkezişi  ýaly, hamala,  eserde beýan edilýän otrisatel wakanyň  we  satiriki tipiň biziň jemgyýetimizde bolup  bilmeginde-bilmezliginde däl-de, eýsem  başga  meselededi. Ýazyjy Öküz gödegiň  pozgakçylyklaryny durmuş  hakykatyna  laýyklykda çeper we ynandyryjy  suratlandyrsa-da, eseriň  položitel  gahrymanlaryny juda passiw, görünip  duran  kemçilikler  bilen-de ylalaşýan  ýagdaýda  görkezipdir. Hekaýanyň bir gahrymany Öküz  gödegiň  azgynlygyny  we ýykgynçylygyny  oňat  bilse-de, oňa  garşy çykmagyň, ony paş  etmegiň deregine: “etse  edibersin, uruş  gutarandan  soň  göreris” diýen  pikiri  aýdyp, hiç  bir esaslandyrylmadyk  ýerden ony  jezalandyrmaklygyň  wagty  däl  diýen  netijä  gelýär.Ine,  hekaýanyň  düýp  kemçiligi, biziň  pikirimizçe, şundady” .Soňra  awtor,öz  pikirini  ösdürip,şeýle  ýazýar: “Ýazyjynyň  uruş  döwründäki  we  uruşdan  soňky  ençeme  feletonlaryna  mahsus  ýiti  synçylygy, durmuşdaky  otrisatel  ýagdaýlary  we  pis  häsiýetli  adamlaryň  iň  zyýanlylaryny  saýlap  alyp, olary  tipleşdirip, rehimsiz  näletlemegi  onuň“Öküz  gödeginde” jemlenipdi. Hekaýanyň  bu  tarapy  onuň  şeksiz  üstünligidir.
G.Gurbansähedow  öz  makalasynda  Gotjagyň  maşgalasy  Gülälegiň, öz  öyini  taşlap, hatda  ejesiniň  öyüne-de  barman, Öküz  gödegiň  öyüne  barandygyny  ýazgaryp, adalatly  bellik  edýär. Umuman  alanyňda, bu  powest  barada  tankytçynyň  pikiri  has  gödek bolup eseriň  ähmiýetli  tarapy  ünüsden
düşirilýär.Haçanda  tankytçy  tankyt  edýän  obýektine  aşa  gödek  çemeleşse,eseriň  awtory-da,okyjy-da  nägile  bolýar. Beýle  diýdigimiz  eseriň  ýetmezçiliginiň  üstüni  örtmeli  diýdigimiz  däl.Her  bir  eseriň  hem  özine  ýetesi  kemçiligi bolup biler, onuň  tankyt obýekti.bolmagy —  eseriň köpçilik  tarapyndan  okalýanlygynyň alamaty. Eger ol okalýan  bolsa, okyjylar tarapyndan  söýilýändir, beýik rus ýazyjysy L.N. Tolostoýyň dili bilen aýdylanda. “Ode net lýubwi k iokustwu i kratika ,, .
G.Gurbansähedow we B.Jürmenek bilelikde ýazyjy Hajy Ysmaýylowyň “Iki atanyň bir ogly ”eseri barada “Sowet  Türkmenistany ”gazetiniň 1947-nji ýylyň    8-nji we 9-njy ýanwardaky sanlarynda çykyş edýärler. Bu eseriň türkmen sowet çagadar edebiýatynda ideýa taýdan sagdyn, çeperçiligi taýdan ussatlyk bilen ýazlandygy, respublikan konkursda 50-den gowrak eseriň içinde baýraga mynasyp bolandygy bellenilýär .
Uruşdan soňky döwür Hajy Ysmaýylowyň  döredijilik belentligine galkynan döwrüdir.Ol çagalar edebiýatynyň  düýbüni tutujy hökmünde 1946-1948-nji ýyllarda ajaýyp eserler döretdi. Okyjylara hödürlän “Mugallymyň gyzy”ady bilen ýazan belli eseri hem şol döwrüň önümi bolup durýar. Onda oba oglany Rejep Keçjalyň hünärli  işçi  bolup  ýetişişi, Dursun  bilen  arasyndaky inçe  duýgusy  çeper  suratlandyrylýar. Hajy  Ysmailow, Türkmen  ýazyjylarynyň  arasynda  ikinji  bolup, oba  ýaşlaryny  senagat  merkezlerine  çykmaga, mähir   durmuşy  bilen  tanyşdyrmagy, şäheriň  şöhrat  gazanan  işçileri  we  şol  sanyň  wekilleri  bilen gatnaşygyny real  beýan  etdi.Onuň  “Iki  atanyň  bir  ogly” powesti  hem, Beýik watançylyk  urşy  ýylarynda  ene-atasyndan  galan  ýetim  çagalaryň  terbiýelenşi  olara  adamlaryň  hossar  çykyşy  hakda  bolup, juda  tolgundyryjy  ýazylypdyr.Ol  eser  hem  yazyjynyň  söýgüli  temasy  bolan  çagalar edebiýatynyň  dowamy,onuň  ösüşi  boldy  diýsek  ýalňyşmarys.Ýöne  esere  baha  beren  tankytçylar  ony  ýagty  aýdyňlaşdyryp  bilmändirler.Diňe  eseriň  şowly  çykandygyny  aýtmak  bilen  kanagatlanypdyrlar.
Hakykatdanda, Hajy Ysmaýylowyň  “Iki atanyň bir ogly” eseri öwgüsine mynasyp. Bu uruş döwri bilen baglanşykly bolan waka barada bolup,munda halkyň dostlugy, doganlygy biri-birine bolan asylly söýgüsi örän çeperçilik we reallyk bilen ynandyryjy açylyp görkezilýär.Sada formada gyzykly ýazylan bu eseriň öz döwründe hatda häzirki döwürde-de çeperçilik ähmiýeti örän ulydyr. Bu çagalar edebiýatynda görnükli orny eýeledi çagalaryň söýgüli kitabyna öwrüldi we häzir hem şeýleligine galýar. Ýazyjy, öz zamanasynyň ýagdaýyna oňat düşünip halkyň göwnünden turjak temany saýlap bilipdir .
A.Aborskiniň  “O Tworçestwo Hadjy Ismaýylowa”  atly makalasynda , “Bäsdeşler”, “Öküz gödek ”powestlerine analiz berilmek bilen, bu hekaýanyň üstünde giňden durulýar onuň şowly çykanlygy hakynda gürrüň edilýär.
Tankytçylar G . Gurbansähedow we B.Jürmenek  Rähmed Seýidowyň
“Bahar geldi”  ýygyndysyna  “Şahyryň raporty”  ady bilen ýazan synlarynda ýöreden pikirleri bilen hem  ylalaşmak bolar. Bu makalada eseriň üstünlikli tarypyda  bolşy ýaly  adalatly  açylypdyr. Şahyryň  döredijiligine  mynasyp  baha  berilipdir.
Şol  döwürde  ýazyjy  Ruhy Alyýew, edebiýatyň  dürli  meseleleri  bilen  gyzyklanyp,  metbugatda  aktiw   çykyş  edýär.
R.Alyýew-biziň  edebiýat  ylmymyzyň  we  tankydymyzyň  köne  soldaty. Ol   ýigriminji    ýylardan bäri  şu  meýdanyň  aktiw   wekili  bolup   gelýär. R.Alyýewiň  tankydy  çykyşlarynda  hem  alymlyk,  hem  tankytçylyk  we  şahyrçylyk   ruhy  duýulýar.Ol  meselelere  töwerekleýin  garamagy, oňa  taryhylyk  prinsipinde  baha  bermegi, umuman  gozgaýan   temasyny  dowam  edýän  edebi  proses  bilen  baglamagy  unutmaýar. Galyberse-de, ol  beýleki  birnäçe  awtorlar  ýaly  metbugatda  gabat  gelşine  görä  däl-de, mydama,yzygiderli  çykyş  edýär. Ýylda  birnäçe  gezek  çykyşlarynda  ol  köplenç  syn  žanryna  ýykgyn  edýär.Emma  şonuň  bilen  birlikde  edebiýaty  öwrenişiň  problemalaryna-da  seslenýär.
Metbugatda   onuň  “Gorkiý  we  biziň  edebiýatymyz” , “Beýik  arzuw  we  umytlar  şahyry” , “Poeziýamyzyň  täze  soldaty” . “Çagalar  edebiyatynyň  käbir  meseleleri  hakynda” , “Perwyý sbornik  molodoga  poeta” , “Biziň ýazyjylarymyz  talaba  laýyk  düýpli  eserler  döretmelidirler”we ş.m. makalalar  bilen  çykyş  edýär. Tankytçynyň   “Gorkiý  we  biziň  edebiýatymyz” diýen  makalasy M.Gorkinyň türkmen  ýazyjylaryna  eden   oňaýly  täsiri,  ondan  görelde  alandyklary,proletar  ýazyjysynyň  eserleriniň  çeper  terjimesinden  soň   türkmen  edebiýatynyň  realistik  ugur  bilen  ösüp  başlandygy  barada  gürrüň  gozgalýar.Ol “Beýik  arzuw  we  umytlar  şahyry”diýen  makalasynda, Gara  Seýitliýewiň  döredijiligi barada  söz  açyp,onuň  lirizime  ýugrulan  setirlerinde  ruhy  belentlik  çäksiz  söýgi,watançylyk, dostluk  ýaly  asylly  häsiýetleriň  wasp  edilýänligi  barada  maglumat  berilýär.
Tankytçy “Poeziýamyzyň  täze  soldaty” atly  makalasynda G.Gurbansähedowyň “Soldat  gaýdyp  geldi” diýen  ýygyndysyny  analizleýär. Ruhy Alyýew, bu  ýygyndyny, turuwbaşdan  öwüp,arşa  çykarýar. Elbetde,şahyryň  ýygynda  giren  eserleriniň  ideýasynyň  sagdynlygyna, watançylygynyň  belentligine, niýetiniň  gowylygyna söz   diýen  ýaly  däl. Şeýle-de  bolsa,  beýle  öwginiň  ýazyjy  üçin  ol  diýen  ähmiýetiniň  ýoklugy  bolsa  mälimdir.Makalanyň  ahyrynda, adaty  bolşy  ýaly, “Zoýa” poemasynyň  çeperçilik  babatda  çig  işlenendigine  hem-de  uruş  wakalar  barada  gürrüň  gozgap, “şahyryň  öz  gahrymanlaryny Görogly, Keýmir  kör  ýaly  halk  gahrymanlaryna  meňzedendigini,Gurbandurdy,Gostella, Matrosow  ýaly  gahrymanlara  meňzetmändigini” aýdyp, şahyra  igenýär. “Şahyryň  oz  gahrymanlaryny”halk  gahrymanyna  ýa-da  Beýik  Watançylyk  urşunyň  gahrymanlaryna  meňzedendiginiň  tapawudy  ýok,  olaryň  hemesi-de  halkyň  söýgüli  gahrymanlary, halk  ogullary. Onuň üçin  agyz  dolduryp,kemçilik  höküminde  ýatlap  durmagyň  geregi  ýok  bolsa  gerek.Kemçilik  höküminde  poemanyň  gowşak  işlenişi, käbir  gahrymanlaryň  häsiýetiniň  açylman  galyşy,akgynsyzlygy  barada-da  aýdara  zat  kän. Tankytçy   makalasynda  ýygyndynyň  edebiýat   meýdanynda  tutýan  ornuny  aýdyňlaşdyrmagy  maksat  edinýär,ýöne  ol  maksadyna  doly  ýetip  bilmeyär. “Çagalar  edebiýatynyň  käbir  meseleleri  hakynda” atly makalasynda  R.Alyýew  çagalar  barada  ýazylan  çeper  edebiýaty  ýeke-ýekeden  yzarlaýar. Onda çagalar edebiýatynyň  sowet  döwründe  kemala  gelendigini, rus edebiýatynyň   oňaýly  täsir  edişini  açyp  görkezýär.Olaryň üstünlikli  tarapyny  we  kemçiliklerini  dogry  kesgitleýär.
Ýene-de R.Alyýew  “Biziň  yazyjylarymyz  talaba  layyk  düýpli  eserler  döretmelidirler”diýen  makala  bilen  çykyş  edyär.Bu  makala, möçber  taýyndan  uly  bolmak  bilen, onda edebiýatyň  birnäçe  meseleleriniň  üstünde  durulýar. Makalanyň  awtory, edebiýatyň  roly,  ony  ösdürmekde  partiýanyň  kararlary, ýazyjylaryň  bilim  derejesiniň  ýokarlanmagynyň  zerurlygy, zamana  laýyk  eser  döretmek  hem-de  häzirki  zaman  okyjysynyň  talabynyň  güýçlidigi  we  ş.m. barada  umumy  gürrüň  gozgap, şeýle  diýýär: Tankytçy  örän  dykgatly, duýgur  we  paýhasly  bolmalydyr.Ol  bir  ýazyjynyň umumy  döredijiligine  ýa-da  aýratyn eserine  baha  bereniňde,meselä  obýektiw  suratda, partiýa  prinsipiallygy  bilen  garamalydyr. Tankytçynyň makalasy  ýazyjynyň  döredijiligini  ýa-da  eseriň  esasy  häsiýetlerini  öňe  goýmagy  bilen  onuň  halkyň  durmuşynda  we  terbiýesinde  oýnap  biljek  roluny  anyklamalydyr. Ol ýazyjynyň  üstünliklerini  görkezmek  bilen  birlikde,  kemçiliklerini-de  görkezmelidir” .
Bu  gaty  dogry  we  ýerlikli  bellik,  ýöne Ruhy Alyýewiň  özi  tankyda  şeýle  çemeleşipmi  ýa-da  ýok? Şu  pikirlendirýär. Tankytçynyň   edebiýaty  öwreniş  we  edebiýat  tankydy  barada  bäş  ýylyň  dowamynda  eden  işlerini  ýokarda  derňäp  geçdik.Olardan  görnüşi  ýaly, awtoryň  tankydy  pikirleri  umumy,käbir  ýöntemje  belliklerden  ybarat  bolup,dabaraly  sözler  bilen  taryplamadyr.
Esere  baha  berende, ol  çeper  analiz  däl-de, tematik  analiz  bilen  oňýar.Beýle  garamak  ýazyjylar  üçin –peýdasyz,  okyjylar  üçin  bolsa  düşnüksiz  bolup  galýar.
Türkmen  edebi  tankydynyň  taryhyny  derňän  ýoldaşlar Ruhy Alyýewiň edebi-tankydy makalalaryna /Uruş  döwründäki  we  ondan-da  öňki  makalalary  göz  öňünde  tutulýar./ şeýle  baha  berýärler: “Tankytçy  şol  döwürde  jemleýji makalalar  bilen  hem  çykyş  edýär, täze  ýygyndylar  hakynda-da  söz  açýar. Poeziýa  bilen  birlikde  dramaturigiýany-da  ýatdan  çykarmaýar.Edebiýatda  aýal-gyzlaryň  tutýan  orny  barada  hem  giňden  gürrüň  edýär.Rus  edebiýaty  we onuň beýik  wekili  M.Gorkiý  barada-da  söz  gozgaýar.Munuň  özi  kanunydy.
Beýle  meseleleri  tankytçynyň  öňünde  uruş  döwrüniň  gyzgalaňly  gündelik  durmuşy  goýupdy. R.Alyýewiň  makalalary öz  ýazylan  wagtynda  belli  bir  derejede  ähmiýetlidi.Emma  san  taýyndan  köp  bolan  bu  makalalar  hili  taýyndan  onçakly  güýçli  däldi, olarda  edebi  we  teoretiki  çuňlyk  ýokdy, belli-belli  pikirler  häli- şindi  gaýtalanyp  durýardy.
Mysal  üçin, eger  ol  “Uruş  we  edebiýat” diýen  makalasynyň  birinji  bölüminde  türkmen  klassiki edebiýaty  hakynda  gürrüň  edýän  bolsa, şondan  soňky “Söweş  günlerimiziň  poeziýasy” diýen  makalasynyň  giriş  bölüminde  hem klassiki edebiýat  hakyndaky  şol  gürrüňi  gaýtalaýar. Bu  iki  makalanyň  soňy  bolsa  uruş  döwrüniň  poeziýasyna  bagyşlanypdyr. Soňky  makalada  hem  hut  öňki   gürrüň  edilen  şahyrlaryň-B.Kerbabaýewiň, Ata Salyhyň, Durdy Gylyjyň, Beki Seýtäkowyň, N.Pommanyň, K.Işanowyň, G.Seýitliýewiň, A.Çarygulyýewiň  uruş  hakynda  döreden  täze  şygyrlarynyň  atlary  ýekän -ýekän  agzalýar. Bu  ýerde  eseriň  çeperçilik  tarapyna  hut  öňki  makaladaky  ýaly, “bar  güýjini  goýup, hakykatda  hem  gowy  setirler  döredipdir”, “mazmuny  kuwwatdyr”, “Beýik  bir  optimizim  bilen  beripdir”, “Uly  çeperçilik  bilen  berýär”, “Çuň  mazmunda  we   uly  çeperçilikde  beripdir” diýen  jümleleri  goýmak   bilen,öňden  düzülip  goýulan  resept  boýunça,   umumylaýyk  baha  berýär”
Şu  ýokarda  getirilen  setirleri  tankytçynyň  uruşdan  soňky  döwürde   döreden  makalalary  barada  söz  açanyňda  hem  getirseň  ýalňyşmasa   bolar.
Umuman  alanyňda, Ruhy Alyýew uruşdan  soňky  döwürdäki  edebiýat  tankydynda  we edebiýaty  öwreniş  ylmynda   uly  orunlaryň  birini  tutýar.Onuň  dürli  temalardaky  ýazan  makalalary  okyjylar  köpçüligine  ýetirilip  durupdyr.Ol klassiki  edebiýaty  barada-da, rus klassikalarynyň  döredijiligi barada-da, doganlyk  halklarynyň  we dünýä  edebiýatynyň  genileri  hakda-da, türkmen  sowet edebiýaty  we  onuň  problemalaýyn  meseleleri  hakda-da  seslenýär.
Şol  döwrüň  edebi  tankydynda A.Mämmetgulyewiň  ady-da  ýygy-ýygydan  gabat  gelýär. Esere  ýa-da  haýsy  hem  bolsa,  bir ýygynda  syn  ýazanda,onuň  kemçiligi  we  çeperçiligi  tankydynyň  ýiti  gözinden  sypmaýar. Ol  öz  derňeýän  eseriniň  ýetmezçiligini  açyp  görkezmekde,ýüz  görmezden, meselä  obýektiw  çemeleşýär.
A.Mämmetgulyýew uruşdan  soňky  döwürde   bir  giden  makalalar  bilen  çykyş  edipdir. Ol “Çopan  ogly” , “Ösüş  ýolunda” , “Harsal  işiň  ýaramaz  hasyly” , “Ýaşlar ýädigär” , “Kolhoz  obasy” hakynda  powesti” , “Hakykat  hakynda hekaýa”  ýaly  makalalaryň   awtorydyr.
A.Mämmetgulyýew Gara  Seýitliýew  bilen  Güseýin  Muhtarowyň“Çopan  ogly” pýesasy  hakynda   syn  ýazýar. Tankytçy  bu pýesanyň  şowly taraplary  hakda  giňden  durýar.Halkyň  uly  höwes  bilen  bu  pýesany  garşylandygyny, köne  bilen  täzäniň  göreşini, täzäniň  köneden  üstün  çykyşyny  ussatlyk  bilen  açandygyny  belleýär.Ýöne  tankytçy, pýesanyň  kemter  ýeri  barada  gürrüň  edende, ownukçylyk  bilen  kemçiligini  tekrarlaýar.
Onuň  “Ösüş  ýolunda” atly  tankydy makalasy Anna Kowusowyň “Güneşli  ülkäm” diýen  ýygyndysy   hakda  bolup,ýygynda  girizilýän  goşgular, adat  bolşy  ýaly, temalara  bölünip  derňelýär. Emma  ýygyndyda  ýerleşdirilen  goşgularyň  düýpli  ylmy-çeper  analiz  edilmändigini,ülňä  öwrülen  stilde  olaryň  ilki  öwüp, soňra  düzetmesi  aňsat  bolan  az-kem  kemçiliginiň  bardygynyň  ýaňzylýandygyny  belläp  geçmelidiris.
Tankytçynyň “Ýaşlara ýadygär” diýen  makalasy  şahyr  Rehmet  Seýidowyň“Ýaşlara ýadygär” (Aşgabat, TDN  1949.) diýen  ýygyndysy barada  bolup, bu  hem  edil  ýokarda    derňän  makalamyzyň  stilinde  ýazylypdyr.Munda  şahyryň Watan  hakynda, pasyllar hakynda  ýazan  şygyrlary  temalara  bölünip  derňelýär  we  şahyryň  watançylygy  wasp  edilýär.Ahyrynda  tankytçy, ýygynda  ideýasy  aýdyň  bolmadyk  goşgularyň  girizilendigini  biri-birine  meňzeş  gaýtalanýan  setirleriň-de  bardygyny  subut  edip, mysallar  arkaly  öz  pikirini  delillendirýär. Kä  sözleriň  ýerli-ýerinde  ulanylmandygy  barada-da  örän  ýerlikli  bellikler  aýdýar. Makalada,  şahyryň  ussatlygy  hakynda  gürrüň  edilip,   onuň  kemçiligi  dogrusynda  hem,  ýüz  görmezden,  adalatly  obýektiw  baha  berilipdir.
Bu   ýygyndy  barada  B.Hudaýnazarow  hem  “Ýaşlara ýadygär”  atly  makala  bilen  çykyş  edýär. Makalada,  şahyryň döredijiligi barada-da  gysgajyk  gürrüň  ediliýär.Ýygynda  girizilen  Sowet  konstitusiýasy  we  Lenin-Stalin  baradaky  eserleriň,ýene-de  peýzaž  lirikasynyň  aýratyn  ussatlyk  bilen  ýazylandygy  öwgüli   setirler  bilen  taryplanýar. Soňra, ýygyndynyň  kemçiliklierine  geçilip,oňa girizilen  şygyrlarda  edebi  diliniň  ýoýlandygy, kitapda  eserleriň  ýerleşdirilşiniň  tertipsizligi  barada  adalatly  bellikler  edilýär. Bu makala,  ýygyndy  baradaky  Mämmetgulyýewiň  çykaran  makalasy bilen  jebis  gelýär, olaryň  ýygyndy  baradaky  pikirleri  ugurdaş.
A.Mämmetgulyýewiň edebi  tankydyna, B.Seýtäkowyň “Gyzgyn  günler”diýen  powesti  barasynda “Kolhoz  obasy  hakda  powest” atly  makalasy  özüniň  obýektiwligi  bilen  tapawutlanýar.Onda  eseriň  temasynyň  aktuallygy,  ýazyjynyň  häzirki  günüň  mehanizasiýalaşdyrylan   oba   hojalygyny  suratlandyrmagy, agzybirlikde  jan  aýaman  zähmet  çekýän  sowet  adamlaryň  asylly  häsiýetlerini  açmaklygy   maksat  edinenligi  bellenýär.Yzyndan  awtoryň  şol  maksadyny  ussatlyk  bilen  açmagy  başarmandygyny, powestiň  harsal  işlenendigini  aýdyp, şeýle  pikir  ýöredipdir: “Birinjiden,  awtor  kolhoz  durmuşyny- öz  saýlap  alan  temasyny  gowy  öwrenmändir.Şonuň üçin  ol  käbir  owunjak  belliklerinde  däl,  hatda  öz  powestine  esasy  konflikt  edip  alan  meselesinde  hem  amatsyz  ýagdaýa  düşüpdir”
Tankytçynyň  bu  belligi  gaty  jaýdar   aýdylypdyr, ol öz  aýdan  pikirini  esaslandyrypdyr. Eseriň  obrazlarynyň  ýetmezçiligi  barada  tankytçy  oňat  pikir  ýöredýär. Makalada: “Ýoldaş  Beki Seýtäkowy  öz  gahrymanlarynyň  ýazgydyna  käte  perwaýsyz  garaýar, olaryň  obrazlarynda  özbaşdaklyk  ýok – diýilýär. – Aslynda, her  adamda  bir  häsiýet  bar.Her  adamyň  bir  sözleýşi,gylygy  bar.Şol  dogry  görkezilse,oňat  obrozlar  döreýär.Awtor  şol  tipleri  döredip  bilmändir”
Gahrymanlaryň  obrazyny  döretmekde  awtoryň  öz  pikirine  özüniň  garşy  gelýän  ýerlerine  hem  duş  gelinýändigi  hakdaky  bellik  bilen  ylalaşmak  bolar, tankytçy  ony  mysalar  bilen  hem  subut  edýär. Mundan  başga-da  eseriň  kemçilikleri  barada  gürrüň  edip, pikirini  ylmy  esasda  mysallar  arkaly  delillendirýär.
Bu  eser  barada D.Esenowyň “Gyzgyn  günler” ady  bilen.“Sowet  Türkmenistany” gazetiniň  1950- nji ýylyň 29-njy oktýabrynda  tankydy  makalasy çap  edilýär. Bu  makalada  hem  adamlaryň  zähmete  bolan  garaýyşlary  onuň  oňaýly  tarapy  hökmünde  görkezilipdir.Gahrymanlaryň  häsiýetlendirlşi  hakdaky  kemçiligi  barada  gürrüň  edende, bu  eser  barada  çap  edilen  öňki  makaladaky  pikir  bilen  dogry  gelýär.Ýöne  şunda  Täzegüliň  ejesi  Senemiň  obrazy  barada” …durmuşa   dogry  gelmeýän, toslama, düşünjeli  sowet  graždanyna  laýyk  bolmajak  obrazdyr.Senem  ejäni  awtor  dine  ýugrulan, molla  we   işana  ynanýan, köne  urp-adatyň  ýesiri  bolan adam  hökmünde  görkezipdir” diýenleri  bilen  ylalaşmak  bolmaz. Sebäbi  eseriň  ýazylan  döwründe, umuman  garrylaryň  häsiýetinde  ol  bolaýanda-da  ynanylmaz  ýaly  däl, ikinjiden  hem,Senem  eje  ylymly-sowatly  aýal  däl. Şonuň  üçin  onuň  obrazy, tankytçynyň  aýdanynyň  tersine, ynandyryjy  çykypdyr.Käbir  ene-atalar, öz  diýenini  etdirjek  bolup,her  ýoldan  goýup  görýärler  ahbetin. Umuman  alanyňda, şeýle  säwliklere  seretmezden, bu  tankydy  makalada  obýektiw  seredilýär.
Tankytçynyň  “Gyzgyn  günler” powesti  hakdaky, umuman, onuň  döredijiligi  hakdaky  pikirini  makul  bilip, makalanyň  jemlemesinde  aýdan  sözlerini  getirmegi  dogry  tapdyk.Ýazyjy Beki Seýtäkow, “Gyzgyn  günler” powestini  okyjylara  hödürlemek  bilen, özüniň  düýpli  eserler  döretmäge  ukybynyň  bardygyny  görkezdi. Edil  şonuň  ýaly-da  powestde  uly  kemçilikleriň  we  bulaşyklyklaryň  bolmagy  eseriň  üstünde  awtoryň  harsal  işleýändigini-de  görkezdi”
Tankytçylaryň  bu  eser  barada  aýdan  tankydy  pikirleri  netijeli  hem-de  biri-birine   jebis  gelýär. A.Mämmetgulyýewiň “Hakykat  hakynda  hekaýa” ady  bilen B.Seýtäkowyň “Başa-baş  söweş” hekaýasy  barada  syn  ýazýar. Bu  makalada  täze  kolhoz  adamlarynyň  iň  oňat  sypatlarynyň  ökdelik  bilen  açylandygy, kynçylyklardan  gorkmaýan,  ruhdan  düşmeýän  sowet  adamlarynyň  belent  mertebeleriniň  suratlandyrylýanlygy  hakda  giňden gürrüň  edilipdir.  Hiç  hili  tankydy  bellik  aýdylmaýar.
Onuň  “Harsal  işiň  ýaramaz  hasyly” atly  makalasynda  bolsa  Ý.Nasyrlynyň “Kim  güýçli?” ady  bilen  çykan kitapçasy  tankyt  edilýär. Ýazyjy –şahyrlaryň  üstünlikli  taraplary  bilen  kemçilikleri-de   bar. Döwrüniň  gözi  bilen   seredeniňde  bu  ýygyndyny  juda  püçege  çykaraýmak  adalatly  bolmasa  gerek. Tankytçy  şahyryň   eserlerini  “ideýa  taýdan  gowşak”diýip  belleýär. Emma  onuň  aýdyşy  ýaly  däl-de, awtoryň  ýagşy  niýeti  duýulýar, şygyrlar  sada  ýazylypdyr. Nädogry  düzülen  jümleleriň,  şowuna  düşmedik  meňzetmeleriň  bardygy, çeperçilik  babatda  gowşaklygy, türkmen  dilini  ýoýup  ulanýandygy  hakdaky  bellikleri  göwnejaý.
Sözümizi  jemläp  aýdanymyzda, A.Mämmetgulyýewi  edebiýatyň  tankydy  we edebiýaty  öwreniş  ylmynda  aktiw  hem-de obýektiw  çykyş  edenleriň  hataryna  goşmak  bolar.
Şol  döwrüň  edebiýaty  öwreniş  ylmy  we edebiýat  tankydy  barada gürrüň  edilende,  merhum A.Kerimowyň  adyny  guwanç  bilen  tutmak  bolar.Ol, şahyrçylygynyň  daşyndan  edebiýaty  öwreniji  görnükli  alym  bolmak  bilen,edebiýatyň  taryhyna, teoriýasyna  degişli  işleri,  edebi-tankydy  makalalary  we edebi  teoriýasy  baradaky  gollanmasy  bilen  özüni  tanatdy.
Tankytçy  “Çeper   sözüň  ussady” , “Türkmen sowet edebiýatynyň ajaýyp  üstünligi”  atlary  bilen  iki  makala  ýazýar. Birinjisinde, B.Kerbabaýewiň  bütin  döredijiligi  derňelýär. Onuň  ussat  şahyrlygy  bellenilmek  bilen,  ýeke-ýekeden  poemalary  analizleýär. Soňra  prozanyň  ussadydygy hakda gürrüň   açylýar, ýazyjynyň  ýazan  powestleri, “Aýgytly  ädim “ romany  hakda,  ýazyjynyň  dramaturgiýadan-da  başy  çykýanlygy, ökde  terjimeçidigi  hakda  durlup, umuman  ýazyjynyň  döredijilik  ýüzi  açylyp  görkezilýär.
Ikinji  makalada  hem, şahyryň  döredijilik  ýoly  yzarlanyp, esasan  hem “Aýgytly  ädim “ romanynyň  türkmen  sowet  edebiýatyna  getiren  üstünlikleri barada gürrüň  edilýär, onuň ýokary baýraga  mynasyp  bolandygy  nygtalýar. Bu makalada ýazyjynyň döredijiligi barada  maglumat  berilip,  onuň  eserleriniň  reallygy,  obrazlaryny  indiwiduallaşdyryşynyň  özboluşlylygy  we  gaýrylar  barada  giňden  gürrüň  edilýär.
Aman Kekilow  “Soldat  gaýdyp  geldi”atly  makalasyny Gurbandurdy Gurbansähedowyň 1947-nji ýylda  neşir  edilen “Soldat  gaýdyp  geldi” ýygyndysyna  bagyşlap  ýazýar. Ol, bu  ýygynda  oňat  ýazylan  goşgularyň  girizilendigini,şahyryň  öz  eserlerini  uly  joşgun  bilen  ýazandygyny   nygtamak  bilen, yzyndan  tankydy  belliklere  geçip,  ýygynda  girizilen  “Zoýa” poemasynyň  çeperçilik  babatda  gowşakdygyny, wakalarynyň  ynandyryjy  däldigini, şowsyz  eserdigini  tankytlapdyr. Zoýanyň  obrazynyň  ynandyryjy  däldigi  nygtalýar. Poemada  Zoýanyň  ejesi  urşuň  boljakdygyny  öňünden  bilen  şekilde  gyzyny  terbiýeleýär, “watansöýüji  bol, Watana  wepaly  bol” diýen  ýaly  gönümel  nesihatlar  ejesiniň  dilinden  aýtdyrylýar  diýilip, göwne makul gürrüň  edilýär.Beýle  gönimel  sözleri  awtor  gahrymanynyň  agzyna  salyp  bermän, Zoýany  akylly, edepli, medeniýetli,düşünjeli, mert  bolmak  ýaly  gowy  häsiýetleri  öwredýän  şekilde  suratlandyran  bolsa,  oňat  bolardy  diýilip  adalatly bellenýär.Onuň “Gyr  atly  gaýduwsyz”, “Akmak  hökümdar” dessanlarynyň   forma  we  mazmun  taýdan  beýleki  eserlere  sepleşmeýändigi  hakdaky  belligi  bilen  ylalaşmak  bolar. Tankytçynyň  goşgularyň  çeperçilik  taýdan  gowşaklygyny, käbiriniň  ideýa  taýdan  agsaýanlygyny   aýdyp, olary  degerli  mysallar  getirip  analizleýşi  göwnüňden  turýar.Şahyryň  umumy  döredijiligi  barada  gürrüň  edip, tankytçynyň  ýöreden  pikiri   göwnejaý  bolany  üçin, şondan  birnäçe  setirini  getirmegi  ýerlikli  hasaplaýarys: “…şahyryň  döredijilik  fantaziýasy  şindi  ýeterlik  däl”. Ol  bu pikirini  dowam etdirip: “Ol  özüniň  köp  goşgularynda  durmuş  wakalaryny  okyjysyna  düşündirmäge, belli  bir  meseläni  subut  etmäge  çalyşýar.Emma şahyr durmuş  wakalaryny  özüniň  ideýa  nukdaý  nazaryndan  görkeziji  bolmalydyr.Şol  görkezijiligiň  başarnykly  bolmagy  düşündirmegiň, ýagny  konkret  obrazlar  üsti  bilen  öz  ideýaňy  okyjyňa  bermegiň   iň  ýokary  derejesidir. Düşündirmek  ylmyň  işi,görkezmek  sungatyň  işi …Gurbansähedowyň  poeziýasynda “subut edijilik”, “düşündirijilik” häsiýeti  bar. Şonuň  üçin  hem  onuň  birnäçe  goşgulary “agitasion” häsiýetli  bolup  çykypdyr”  diýýär.
Bu  ýygyndy  hakda “Perwyý  sbornik  molodogo  poeta”  ady  bilen Ruhy Alyýewiň  hem  bir  makalasy  çykýar.Bu  makalada şahyryň  ýygyndysyna  girizilen  goşgular  temalara  bölünip  analiz  edilýär. Makala  durşuna  diýen  ýaly  öwgüden  ybarat  bolup,ýöne  onuň  shemalaýyn  goşgularynyň  hem gabat  gelýändigi  az-kem  ýaňzydylýar.
A.Kerimow  “Alma   ýene  gülleýär”  ady  bilen  ýene-de  bir  makala  ýazýar.Ol  bolsa, Ata Atajanowyň, “Alma   ýene  gülleýär” diýen ýygyndysy hakda bolup, kitapça girizilen eserleri derňeýär. Edebi tankyt

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle