|

5 * 2

5 * 2 5 * 2

Zyýany bar bilmän etseň,
Günäsi bar etseň bilip.
Gitse dolanyp gelmeýär:
ÖMÜR bilen MÜMKINÇILIK.

Arzuw edýän hem oňlaýan,
Ähli aýal-u-erkege
Goraň, ýitse dolanmaýar:
RAHATLYK bilen MERTEBE.

Eliňde wagty arsyzsyň,
Biler terk edip, azalyp
Daýanma, ygtybarsyzdyr:
ŞOWLULYK bilen AGALYK.

Rüstemdir ýa golaýdadyr,
Kim çyndan berilse dine.
Golaý barsaň, bulaýladar:
TEKEPBIRLIK bilen KINE.

Hemmä degişli dälligiň
Jüplügi hakda gep budur.
Subtunamaň ynsanlyga:
ZÄHMETIŇ bilen SEPGIDIŇ.

Aşyrmät GARLYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle