26-njy iýul
26-njy iýul
Jeň gurup, duşmanyn gaýra tesdiren,
Böwetleň ýerinde şemal öwsdüren,
Monkadanyň kazarmasyn sarsdyran,
Bir bölejik gerçek ýigitdi olar!..
Ýigrim altysynda iýul aýynyň,
Garpyşyp, merkini berip haýynyň,
Erkinlik ýolunyň iňňän gaýymyn
Gülleler astynda arçady olar.
Gara daşy öňküdenem gara eden
Gurum bilen päk asmany büreden,
Eziz ýurdy sütemkärli ýer eden
gara günüň kökün kerçedi olar!
Imperializmiň ýitsin-diýpo-ady,
Ajaldan çekilmän, gowşatman bady,
Erk isleýän ýurduň ençe zürýady
Başyn goýdy erk ugrunda är kimin,
Durdy mertler öz ornunda şir kimin…
Geldi bir gün Azatlygyň hoş günoi,
Çen-çakda durmady halkyň joşguny,
Gördük ajy günsüz bagtyň yşgyny!
Durdy mertler öz ornunda şir kimin.
Durdy mertler öz ornunda şir kimin.
Bu mertlik ýaňladyp belendi-pesi,
Gusdurdy batistaň bar iýenjesin
Gyrkdy zalymlaryň ganly penjesin.
sasrdyryp, al-gana boýalan mülki,
gara güýje garşy galkdyryp halky,
Iş bitiren Fidel, ýar etsin seni
Ýasamenleň, al şapagyň mesgeni.
Ýasamenleň, al şapagyň mesgeni…
Erkana Durmuşa ýetdik biz şeýdip!
Plaýýa-Hirony baky ýar edip
Ýörmeli bolandyr duşmanlarymyz,
Gitdi gara günler, gelmez hiç gaýdyp.
Şeýdip, Kuba ýetdi şöhrata-şana,
Bagt Güni nur saçýar baksaň her ýana.
Manuel NAWARRO LUNA,
Kuba.
Rusçadan terjime eden Annaly BERDIÝEW.
“Edebiýat we sungat” gazeti, 25.07.1965 ý. Goşgular