25 ýaşly, 35 ýaşly, 40 ýaşly we bugünki men
25 ýaşly, 35 ýaşly, 40 ýaşly we bugünki men
— Olary bir ýere toplaýyn. Söhbet ederis, ýagşydan ýagşy — diýip pikir etdim.
Başym çykýar nahar-şordanam.
Ýazdym saçagy.
Baý, iş edindim-ä.
Gowy bilýän kimiň näme iýip-içmegi halaýanyny.
Sowdum pul baryny.
Biriniň iýýänini o biri iýmez.
Aňyrkyň içýänini bärkisi içmez.
Taýyn etdim dört kişilik saçagy.
Hem ýakdym şemleri.
Hä.. olar Erik Satiň aşygydyr.
Ýadyma düşdi.
Aýtdyrdym onuň sazlaryn.
Geldiler.
20 yaşynda men,
35 yaşymda men,
40 yaşymda men we
bugünki men — dördümiz.
20 ýaşymy oturtdym 35 ýaşymyň garşysynda.
40 ýaşymyň öňünde-de özüm oturdym.
Birden, ýigrimi ýaşym otuz bäş ýaşyma köneçil diýdi.
Kyrk ýaşym akmak diýdi ikisine-de.
Köşeşdirjek boldum.
— Işiň bilen bol, garry — diýdiler. Turdy uly galmagal.
Goňşular aşakdan hem ýokardan kakdy diwara.
Ýigrimi ýaşym kyrk ýaşyma zyňdy käsäni.
Öýüň-ä işini gördüler.
Özümde belaň körügi.
Nämä çagyrýaň öýüňe tanamaýanlaryňy…
Jan ÝÜJEL.
Terjime: Mango. Goşgular