Наs Тürkmеn / Gоşgular
Наs Тürkmеn / Gоşgular
Gidiber!
Yzyña garama birem,
Salşyñ ýaly çykar meni dünýäñden.
Gidiber!
Gök inmez, ýarylmaz ýerem,
Gitdiñ diýip hümürdemen ýeñsäñden.
Gidiber!
Sen meniñ yşkymy özgäñ,
Kinesine çalyşaýan ýaly-la.
Bakma!
Ýap-ýañyja eden arzuwlam,
Gumbaýrak mysaly çagşaýanyna.
Gidiber!
Sen hakda näme ýazsam-da,
Goşgy diýip hödürlemen il-güne.
Joşup maña näme beren bolsañ-da,
Mazar edip gömäýerin kalbyma.
Gidiber!
Ýasyny özüm tutaryn,
Namyratja ölüp giden duýgulañ.
Men çekerin ýalñyzlygyñ derdini,
Sen apalan,
sen eý görül,
söýgülen!
Gidiber!
Dünýämi düñderip başa,
Her gün hijran çekip bagrym daglaýyn.
Men seniñ düñderen gara dünýämiñ,
Garasyny ýüzme çyrşap aglaýyn.
«Balkan» gazeti, 2018 ý, N»1
▶ MEN ONY GÖZLEÝÄN…
Göräýmäge öñki-öñkülik hemme zat,
Köçelerde wazlaşyp dur ulaglar.
Ýüzün bürşüp haýdaşýarlar bir ýerik,
Aýal-erkek, ýaşkiçiler, uluglar.
Aý-gün öýkelän dek zymdyrlyp barýar,
Diñlärli däl, bir säginip, parzyñy.
Tekepbir takdyra bu är ömründe,
Bir gezegem bildirmedim arzymy.
Diñlänogam.
Eýleýär öz bilenin,
Ýa pakyr saýýamy garyp göwnümi?!.
Hamala, mende bir kasty bar ýaly,
Basdy durdy, kä ýazylan egnimi.
Ýogsa, soramogam gaty uly zat,
Bagt däl,
baýlyk däl,
ýa bir dereje.
Bir gözeliñ guly bolmak isledim,
Ýesir düşenimde ala göreje.
Neneñ agyr, aklyñ goýalşan çagy,
Öñünde goýulsa yşkyñ badasy.
Başyma çekensoñ, şol ala gözliñ,
Ne-hä guly boldum,
ne begzadasy.
Geçýän günleñ arasyna bukulyp,
Gizlenip ýör şol gözelem bir ýerde.
A men sermestligiñ ham hyýalynda,
Gözleýärin ony mydam, her ýerde…
▶ ÝATLAMA
Sen uzak diýarda,
Menden alysda
Dünýämizi birikdirip bir pasyl
Ýekirlen ruhuña söýget edinen
Päkize söýgimi unutmak üçin
Özüñe zor salyp gidenem bolsañ
Ýüz öwürip ýakynyñdan, ýadyñdan
Bir pursatlyk meniñ ýanyma dolan…
Soñra hoşlaşaly,
Iñ soñky gezek
Gideli ykbalyñ süren ugruna
Men bolsa üstünden geçse-de ýyllar
Ýolaýyrtda gözüñ ýaşa dolduryp
Gyjytly sözleri hanjar mysaly
Gursagyma sanjyp goýanam bolsañ
Kükregimiñ jerhet baglan ýerini
Ýatsam-tursam zol-zol sypar gezerin.
Beýle datly gamyñ dünýäñ ýüzünde
Diñe maña nesip edeni üçin
Tä ölýänçäm alkyş aýdar ýörerin.
Ýatlaman bilmerin şol gamly günde
Ot çabradyp duran natuwan gözüñ
Ýazjak şygyrlarmyñ çelgisi edip
Gaýtalar ýörerin her aýdan sözüñ.
Diñe gije ýarym it-guş uklansoñ,
Süýji düýşde gowuşarys wysala.
Sabyrsyzlyk bilen ýatman garaşyp
Deñimizden bir ýerlere zymdyrlyp
Ilkinji gezekde menden uýalyp
Penjiräñ öñünde garap daşary
Dag jereni kimin titräp-sandyrap
Dünýämi ala-ýaz eden günüñi
Hemem müdimilik hijranyñ ýükün
«Bilýän,
unutmarsyñ,
ýöne şonda-da
Gelen netijäm şu:
Uzak dur menden»
Diýip ýagyrnyma ýükçi eşegiñ
Ýükün ýükläp, soñam yzyña bakman
Dünýämden ömürlik giden günüñi.
Ýatlaman bilmen…
▶ NÄMÄLIM HYÝAL
Ne saña ynanýan.
Ne seni söýýän.
Ne görüp gönenýän.
Ne sesiñ duýýan.
Özüñem bilýänsiñ ynam diýlen zat
Dümede ekilen garpyz däldigin
Ya sende,
Ýa mende
Haýsydyr bir gün
Ynam döräýse-de barybir ýene
Söýgi atly çalasudur salgymyñ
Aýakýalañ, başy açyk yzyndan
Gitmejegiñi,
Hem-de gitmejegimi
Bilibem duransyñ. Şonuñ üçinem
Meniñ bir nämälim günleriñ biri
Seniñ gül pürkülen çukanaklyja
Al öwüsip duran ýañaklaryña
Açgöz didelermi degräýjek bolup
Ýa-da suwa inen käkilikleriñ
Owazyn ýatladýan pyşyrdylarña
Diñ salyp ýatmagyñ hut maña däl-de
Gör haýsy bagtla nesip etjegin
Aýnada gören dek bilip dursamam
Menden juda alyslarda,
Bir ýerde
Ikindin mahaly şapagy synlap
Özüñ hakda,
Men hakynda oýlanyp
Syr bildirmän ýanyñdaky durana
Ýalandan ýylgyryp, gülüp dursañam…
Men bu ahwallary duran ýerimden
Palçy bolmasamam palçylar ýaly
bilip durun. Hem-de tanşan günümiz
Içimden zymdyrlyp geçen duýgulañ
hormatyna seni ömrüm ötýänçä
Ne söýmän bilýärin,
Ne-de ynanman…
▶ BILMEDIM…
Göwnüm seniñ göwnüñden suw içdimi, bilmedim,
Ýa näzijek kalbyña sygyşdymy, bilmedim
Bu nämäniñ dostlugy, bu nämäniñ halaty,
Gör, çarpaýa dik galan agzy gülli ak aty.
Kalbym seniñ kalbyña sygyşarmy, bilmedim,
Söýgümi bu ýazgylar, goşgularmy, bilmedim.
Ýa täzeje dostlugyñ ýelginimi, badymy,
Ýa-da ýanýan ýylgynyñ ýylysy ýok odumy?!
Ýa-da Hasar dagynyñ kerkawynyñ közümi,
Şibliñ ýandyran dagy meñ dünýämiñ özümi?!
Sumbar deýin Etrege ýetmän orta ýollarda,
Ýitjekdiñmi ýa senem, howur saçýan aýlarda?!
Eý, Parhaýyñ kükürtli ýaşyl suwuna meñzän,
Ýyllar boýy kalbymda kesmek atyp, iriñlän,
Ýaramy sen ýuwañda tegmil galmajak ýaly,
Men galaryn dünýäñde baky ölmejek ýaly.
▶ ÖZ SÖZÜM BAR…
Gül ömrüñ geçip gidensoñ,
Öküneniñ haýry näme?!
Mahmyt Zamahşary.
Gül ömrüñ geçip gidensoñ,
Öküneniñ haýry näme?!
Eý, köñlüm! Heniz gedem sen,
Oýlan, hossar-saýry näme?!
Diýdiler: «Durmuş ýaryşdyr,
Utulmaklyk ýaman işdir».
Öz sözüm bar ~ şol ýeñişdir!
Başga bagt barmy näme?!
Kalba ýakyn saz görünýä,
Ýar gözünde näz görünýä.
Kime dünýä az görünýä,
Bu giñ jahan darmy näme?!
Ruhum belent hem pes pälim,
Barýan ýolum mese-mälim.
Aşyklyk ~ meniñ ykbalym,
Ýogsa söýmek kärmi näme?!
Çykdym bir zat gözlemäge,
Hetdim ýokdur gizlemäge,
Bildigimden sözlemäge,
Juda beýle irmi näme?!
▶ ÇAKYLYK
Işden gelýär
Gije sagat on iki.
Süýnmäge ýer gözläp ogryn jyklaýar.
Gapynyň agzynda dik duran gelni,
Yrsaraýar, olam özün aklaýar.
Soňra ýadawlygy delil tutunyp,
Balalarnyň gapdalynda uklaýar.
Haky bardyr soramaga başdaşyň,
Bu ylahy takdyr, şeýle emir bar…
Daňdan özünden öň oýanýan gelni,
“Tur, işiňe gitseň” diýip hümürdär.
(Eý, halal maşgala, eý, jigerbentler,
Sizde niçik gudrat, niçik jady bar?!)
Öýe göz aýlaýar,
Bar zat ýerbe-ýer.
Illeň aýdyşy deý dokuzy bitin.
Beýle uly bagta miýeser bolup,
Durmuşyňdan nadyl bolmagam çetin.
Owaldan bu köňül däli berilse,
Kalbynda bolmasa imisalalyk.
Duýgularyň çakylygna ses bermän,
Näçe geçjek bolsa-da ol alaryp.
Bolmady.
Ýatlaýar başdaşy diýip,
Ýigitlikde sepil bolup ylgaýşyn.
Ýok, bu özgä göwün bermäň işi däl,
Duýgularyň baýdak deýin galgaýşy.
Hak saldymy,
Halk saldymy bu ýola,
Ýa-da bir näzliniň oýnumy bu hal?!
Hem sowal bermäge pursat berenok,
Hem jogap islänok bu geňsi ahwal…
Öýden işe,
Işden öýe gatnaýar,
Meňzeş günler toýnuk gurap geçip dur.
Däli köňli kaýyl gelmän, durmuşyň
Paý berilen ýodasyndan geçipdir.
Indem bir näbelli duýgyň yzynda,
Ýörelmedik ýola iterip özün.
Hem jigerbentlerin täç edip başa
Diňläp, gelen çakylygyň owazyn,
Gidip barýar,
Ýüreginde betlik ýok,
Neti – eýelemek duýgulaň uzun…
«Garagum» žurnaly, 2018 ý, N»-7. Goşgular