Tozgajyk (Hekaýa)

Hiromi ZEID,
ýapon ýazyjysy
Çika sekiz ýaşyndady, ol bu ýazda ikinji synpa gitmelidi. Bir gün sapaklaryndan soň, gyzjagaz ýeke özi öýüne ýöräp barýardy. Ol ýoluň gyrasynda gülläp oturan sary tozgalary synlap barşyna «Gör nähili mylaýym hem ajaýyp gün» diýip içini gepletdi. Birdenkä sary tozgajyklaryň içindäki kagyz guta Çikanyň gözi düşdi. «Bu näme?». Ýakyn baryp seretse, gutynyň içinde kiçijik güjük bar eken. «Wah, wah, bujagazy taşlapdyrlar» diýip, Çika ony sypalamaga durdy. Güjüjegiň arkasy açyk çal bolup, gözleriniň daşy ak meneklijedi. «Bu örän gowuja güjük. Ýöne biz ony jaýymyzyň ýaşaýyş şertnamasyna baglylykda öýümizde saklap bilmeris». Çika şunça pikirlense-de, çykalga tapmady, soňra ol güjüjegi taşlap gitmäge dözmän, ony guta salyp, öýüne tarap ugrady.
— Men geldim!
Gapyny açanyndan Çikany ejesi garşy aldy hem-de elindäki gutyny görüp:
— Eliňdäki näme gyzym? — diýip sorady.
Çika ejesine näme jogap berjegini bilmän ýüzüni aşak saldy.
— Sen öýe it alyp geldiňmi?
— Eje, bujagaz güjügi ýolda taşlapdyrlar. Ol entäk gaty kiçi bolansoň, taşlap gaýdyp bilmedim. Özem şeýle gowuja gerek?! Muny öýde goýaýaly-la!
— Menem itleri gowy görýän gyzym. Ýöne jaýymyzyň ýaşaýyş şertnamasyna görä, bize öý haýwanyny saklamak bolmaýar, özüňem bilýärsiň.
— Muny gizlin ýagdaýda saklap bilmerismi? — diýip, Çika gamgyn ýagdaýda ejesine seretdi.
— Ýok, Çika, bilinmegi mümkin. It saklaýanymyz bilinse, bizi öýden çykararlar. Onsoň näme ederis?!
Çikanyň gözlerine ýaş aýlandy. Güjüjek bolsa hiç zatdan habarsyz guýrugyny bulaýlap, Çika bilen oýnasy gelýärdi. Çika ony gujaklap aglamaga başlady. Ejesi aşhana gidip, sowadyjydan bir çüýşe süýt alyp geldi.
— Çika, ol ajygan bolsa gerek. Süýt berseň gowy bolar.
Çika süýdi tabaga guýup, kiçijik dostuna uzatdy. Güjüjek howlukmaçlyk bilen süýdi ýalap başlady.
— Çika, muny itlere ideg edilýän merkeze eltip bereli. Olar güjüjek üçin täze maşgala taparlar. Ertir sapaklaryňdan soň bile gideris.
Çika hiç zat diýmän dodagyny dişledi. Ejesi hem bu ýagdaýa gynandy. Ýöne başga çykalga ýokdy.
Ertesi gün Çika bilen ejesi güjüjegi alyp, itleriň ideg edilýän merkezine tarap ugradylar. Itjagaz gutynyň içinde uklap barýardy. Çika bolsa ondan gözüni aýyrman seredýärdi. Ejesi merkeziň işgäri bilen gürleşip, resminamalary dolduryp durka, Çika kabulhanaçydan:
— Siz güjüjege täze öý taparsyňyzmy? — diýip sorady.
— Biz ony aljak maşgala tapjak bolarys.
— Eger ony hiç kim almasa näme?
Bu soraga kabulhanaçy näme diýjegini bilmän, Çikanyň ejesine seretdi.
— Olar güjüjegi bärde bir hepde saklarlar. Täze maşgala tapylar diýip umytda bolaly, gyzym.
— Bir hepdede tapmasalar näme, eje? — diýip, Çika ýene sorag berdi. — Ýok, biz güjüjegi beýdip goýup gidip bilmeris. Gel, eje, ony öýümize äkideli. Meniň özüm munuň üçin maşgala taparyn.
Ejesi gyzynyň ýagdaýyny görüp, durup bilmedi.
— Eger ony diňe täze maşgala tapýançaň saklajakdygyňa söz berseň, äkideli.
Şeýlelikde, olar iti alyp yzlaryna gaýtdylar. Çika güjügini alyp ýatýan jaýyna gitse-de, aladadan ýaňa ukusy tutmaýardy.
Ertesi irden turan badyna Çika güjüjek üçin eýe gözlemäge başlady. Goňşularynyň ählisine aýlanyp çykanam bolsa adam tapmady. Eýýäm birnäçe sagat geçipdi. Çika ýadap ýoluň gyrasynda oturdy. Birden deňinde oturan öýüniň gapysy açyldy. Hanym Kawada Çikany görüp:
— Salam gyzym, sen Koýamalaryň maşgalasyndaky Çika öýdýän? Näme boldy? Saglyk-amanlykmy?
— Bagyşlaň, men ýadap siziň gapyňyzyň agzynda oturyberdim. Men şu güjüjege sereder ýaly maşgala gözläp ýörün.
— Gör, nähili eýjejik güjük.
Hanym Kawadaň yzy bilen jenap Kawada hem çykdy. Olar güjüjegi örän gowy gördüler.
— Mähribanym, biziň çagamyz ýok. Ýeke ýaşaýarys. Gel bujagazy özümize alaly!
— Ýogsa-da, onuň ady näme?
— Entek ady ýok.
— Beýle bolsa häziriň özünde oňa at goýaly, Çika.
Çika biraz pikirlenip:
— Kujira! Kujira goýsak gowy bolar! Ol edil kit ýaly arkasy çal. Şonuň üçinem edil kit ýaly ullakan bolup ýetişer diýip pikir edýän — diýdi.
— Örän gowy. Onda bu güjüjek şu günden beýläk biziň körpejämiz bolar. Islendik wagt gelip Kujira bilen oýnap bilersiň, Çika. Şäherde ýok wagtymyz sen Kujira bilen galmaga razymy, Çika?
— Elbetde! Size örän minnetdar!
Şol günden başlap Çika her gün sapaklaryndan soň Kujirany görmek üçin Kawadalaryň maşgalasyna baryp ugrady. Şeýlelik-de, Çika bilen Kujira bile ulaldylar.
Ýyllar geçdi. Çika on sekiz ýaşyny doldurdy. Kujira hem on ýaşdan geçip, garrap başlady. Çika Tokio uniwersitetine okuwa girdi. Uly şähere gidýänine begense-de, Çika Kujirany goýmaly bolýanyna gynanýardy. Irden turup, Çika Kawadalara Kujirany görmäge gitdi. Ol öz ýerinde — aýnanyň öňünde ýatan eken. Hanym Kawada gussaly halda:
— Soňky günler onuň ýagdaýy has hem gowşady. Belki, indi has garraýandyr?
— Eý, Kujira, men Tokio barýan. Tomus dynç alşynda seni görmäge gelerin. Özüňe gowuja seret.
Kujira kellesini galdyryp, ýüzüni Çikanyň ýüzüne degirdi.
— Men seni gaty göresim geler. Ýöne, gaýgy etme, biz ýakyn wagtlarda görüşeris.
Çika ony gujaklap, maňlaýyndan ogşady.
Maý aýy geldi. Çika täze şähere we okuwyna öwrenişdi. Täze dostlar tapyndy. Hemme zat onuň üçin täzedi, wagt çalt geçýärdi. Bir gün irden Çika ýatyrka, ýüzüne bir zadyň degendigini duýdy. Ukuly halda gözüni açyp görse, öňünde Kujira otyrdy. Ol guýrugyny bulaýlap, Çikany görenine begenýärdi.
— Kujira bu senmi? Sen näme üçin bu ýerde? Nädip Tokio geldiň?
Kujira Çikanyň gujagyna böküp, ýüzünden ýalap başlady. Çika:
— Şu zatlar çyn bolaýsady — diýip, täzeden uka gitdi. Indiki gezek turanda, eýýäm Kujira ýokdy.
— Bu düýş eken. Ol nädip Tokio gelsin?! Men Kujirany örän göresim gelýär.
Çika hanym Kawada jaň etmeli diýen netijä geldi.
— Salam, bu Çika Koýama. Hanym Kawada bu sizmi?
— Hawa, gadyrdan Çika!
— Men Kujiranyň ýagdaýyny bilmek üçin size jaň etdim.
— Men saňa jaň edeýin diýip durdum, Çika. Kujiranyň soňky wagtlar haly hasam erbetleşip, şu gün irden jan berdi. Men örän gynanýan, Çika.
Çika gynanç bilen uludan dem aldy.
— Şeý diýseňizläň?! Men düýşümde Kujirany gördüm — diýip, Çika gamgyn jogap berdi.
— Şeýlemi? Bizem örän gynanýarys. Belki, ol seniň bilen hoşlaşmak isländir! — diýip, hanym Kawada agyly ýagdaýda gürledi.
— Kujiranyň aladasyny edeniňiz üçin köp sag boluň, hanym Kawada.
— Edil sen ýaly, olam biziň maşgalamyzyň birine öwrüldi. Dynç alşa geleniňde, bizi hökman görmäge gel, Çika.
— Hökman!
Çika hanym Kawada bilen sagbollaşyp, telefony goýdy. Äpişgeden daşaryk seretdi. Edil Kujirany tapan günündäki ýaly tozgajyklar gülläp otyrdy. Soňra ýaz şemaly tozgajyklary asmana tarap üfledi.
