Ženewada SPECA-nyň milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler
Ženewada SPECA-nyň milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler

8-10-njy aprel aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşykda BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişine syn bermek, SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitleýin söwda arabaglanyşygyny çuňlaşdyrmak we beýleki meseleler barada özara pikir alşylar.
Şweýsariýa Konfederasiýasynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna ýurdumyzyň wekiliýeti hem işjeň gatnaşar. Bu barada 28-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm