“Ýuwentus” tälimçisini täzeledi
“Ýuwentus” tälimçisini täzeledi

Italiýanyň öňdebaryjy toparlaryndan “Ýuwentusda” tälimçi çalşyldy. Toparyň ýolbaşçylary geçen tomusda bellenen Tiago Mottany ugradyp, onuň ornuna möwsümiň ahyryna çenli Igor Tudory tälimçilige belledi. Turinliler 42 ýaşyndaky Mottanyň tälimçiliginde ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 42 oýunda 18 gezek ýeňiş gazanyp, 7 oýunda-da utuldy. 17 duşuşykda-da bolsa deňme-deň oýnady. Çempionatda “Ýuwentus” lider “Interden” 12 utuk yzda, 5-nji orunda barýan “Ýuwentusyň” 13 duşuşygy deňlikde tamamlandy. Şonça-da ýeňiş gazanan “Ýuwentus” 3 oýunda-da ýeňlişe sezewar boldy.

Mottanyň ornuna möwsümiň ahyryna çenli Ugor Tudor wezipä bellendi. 46 ýaşyndaky horwat tälimçisiniň şertnamasy onuň görkezjek netijelerine bagly bolup, uzadylmagy hem mümkin. Futbolçylyk ýyllarynda 7 ýyl “Ýuwentusyň” köýnekçesini geýen Tudor tälimçilik ýolunda “Haýduk Split”, PAOK, “Karabükspor”, “Galatasaraý”, “Udineze”, “Werona”, “Marsel” hem-de “Lasio” klublaryny türgenleşdirdi.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm