Ýewropa şäherlerinde jüýjeler tebigata goýberilýär

Ýewropa şäherlerinde jüýjeler tebigata goýberilýär

Ýewropa şäherlerinde jüýjeler tebigata goýberilýär
Ýewropa şäherlerinde jüýjeler tebigata goýberilýär 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    Fransiýanyň we Belgiýanyň şäherleri köp ýyllardan bäri iýmiti biderek sarp etmegiň öňüni almak maksady bilen jüýjeleri tebigata goýberýärler. Başga ýerlerde bu pikir ýörgünli bolup bilermikä?
    2015-nji ýylda Pasha baýramçylygynyň dowamynda Fransiýanyň Kolmar şäherçesiniň ýerli ýaşaýjylary jüýjeleri tebigata goýbermäge başlapdyrlar.
    Bu täze tejribe meýilnamanyň esasy maksady iýmitiň sarp edilişini azaltmak bolup, ol Fransiýanyň demirgazyk-gündogaryndaky şäherlerde iýmit galyndylaryny toplaýan bölümler tarapyndan ýerine ýetirilýär.
    Bu synag eýýäm birnäçe gezek amala aşyryldy. Kolmar şäheriniň şol wagtky meri Gilbert Meýer ýerli ýaşaýjylarda towuklary tebigata uýgunlaşdyrmaga ruhlandyrmak maklady bilen 2014-nji ýyla “Bir maşgala-bir towuk” şygaryny öňe sürýär. Soňky ýyllarda bolsa bu meýilnama iki sany şähere golaý ýerleşýän towuk fermalarynyň kömek bermeginde ýerine ýetirildi. Ýerli ýaşaýjylarda mugt ýumurtgalary edinmek pikiriniň döremegine höweslendirdiler. Bu goldawly işler jüýjeleriň köpelmegine örän çalt täsirini ýetirdi.
    Dört şäherde iki ýüz öýden hem köp hojalygyň hersinden iki jüýjeden tebigata goýberilendigi hasaba alyndy. Ol jüýjeleriň köpüsi gyzyl reňkli ýa-da Aleýk tohumynyň jüýjeleridir, şeýle hem köne ýerli tohumlardan bolan jüýjeler-de bar.
    Bu taslama üstünlikli boldy we henizem ýerine ýetirilýär. “2022-nji ýyldan bäri ýylyň-ýylyna beýleki şäherleriň köpüsi bu meýilnama goşulýarlar. Şäherleriň ýigrimisiniň häkimi hem gatnaşýar” – diýip Kolmar şäheriniň häzirki häkimi Erih Strawman gürrüň berýär.
    Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan 5 müň 282 sany towugy tebigata goýberipdir. Indiki goýberliş 2025-nji ýylyň iýun aýynda bolar. Munuň üçin eýýäm bildirişler taýýarlandy. Bu taslamada diňe bir ýerli ýaşaýjylar mugt ýumurtga bilen üpjün bolman, eýsem jüýjeler aşhanadan çykýan galyndylar (köp halatlarda bu galyndylar zibile atylýar) bilen hem iýmitlendirilýär we iýmitiň biderek sarp edilmeginiň öňi alynýar.
    Şu nukdaýnazardan meýilnama, esasan-da, dünýäniň ýumurtga ýetmezçilik edýän we gymmat ýerleri üçin gowy pikire meňzeýär. Meselem Kaliforniýada we Nýu-Ýorkda 10-12 sany ýumurtganyň bahasy 9 dollar. Towuk tohumlarynyň birnäçesi her ýylda 300 töweregi ýumurtga bermäge ukyply. Şonuň üçin hem bir towuk her ýylda 225 dollar peýda berip biler.

    Maýsa Baýramowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm