Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara gatnaşyklary we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary komissary Kaý Kallas Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolar. Ol saparyny Türkmenistandan başlar.
Kaý Kallas Aşgabatda “Merkezi Aziýa-ÝB” 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşar. Bu ýokary derejeli duşuşyga Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşar.
Ministrler 3-4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk görmegiň meselelerini giň gerimde ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem howpsuzlyk, ulag, sanly aragatnaşyk, energetika, suw, söwda, ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklar boýunça pikir alşylar.
Duşuşygyň öňýanynda Kaý Kallas Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.
Soňra ÝB-niň ýokary derejeli wekili Özbegistana sapar bilen baryp, bu ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşar.
Kaý Kallas bu sapary Gazagystanda tamamlar we Gazagystandaky saparynyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýew we daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm