Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynyň çärýek final duşuşyklary
Ýewropa hem-de Konferensiýa Ligalarynyň çärýek final duşuşyklary

UEFA Ýewropa Ligasynda çärýek finalda Angliýadan 2 çykyş eder. Galan 6 topar 6 ýurda wekilçilik edip, Norwegiýanyň Bude-Glimt topary 2021/22 möwsüminde Konferensiýa Ligasynda-da çärýek finala çykypdy. “Bude-Glimt” topary “Lasio” bilen duşuşar. Şeýle-de, “Tottenham” bilen “Aýntraht”, “Reýnjers” bilen “Atletik Bilbao” hem-de “Lion” bilen “Mançester Ýunaýted” toparlary duşuşarlar. Çärýek final duşuşyklary 10-njy we 17-nji aprelde oýnalar. 10-njy apreldäki “Bude-Glimt” – “Lasio” duşuşygy 21:45-de, galan oýunlar bolsa 00:00-da başlanar. 17-nji apreldäki jogap duşuşyklarynyň başlanýan wagty birmeňzeş bolup, 4 duşuşyk hem ýarygijede, 00:00-da start alar.
“Çelsiniň” garşydaşy “Legiýa” boldy
UEFA Konferensiýa Ligasynyň çärýek finalyna polýaklaryň 2 topary çykdy. Ýurduň çempiony Ýagelloniýa Belostok” ispanlaryň “Betisi” bilen duşuşar we 1-nji oýun Sewilýa şäherinde geçiriler. Paýtagt Warşawanyň Legiýa” topary-da ýaryşyň iň esasy faworiti “Çelsi” bilen ýarym finala çykmak üçin güýç synanyşar. Çärýek finalyň beýleki 2 duşuşygynda bolsa “Selýe” bilen “Fiorentina”, “Ýurgorden” bilenem “Rapid Wena” duşuşar. Duşuşyklar 10-njy we 17-nji aprelde oýnalar. 10-njy apreldäki “Legiýa” – “Çelsi” duşuşygy 21:45-de, galan oýunlar 00:00-da başlanar. 17-nji aprelde bolsa “Ýagelloniýa” – “Betis” hem-de “Fiorentina” – “Selýe” duşuşyklary 21:45-de, beýleki 2 duşuşyk bolsa 00:00-da başlar.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm