ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen telefon arkaly…

ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi 0 Facebook Twitter Pinterest WhatsApp

    7-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
    Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
    Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler.
    Şeýle hem taraplar ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklar boýunça pikir alyşdylar.

    Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm