ÝB Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakçy
ÝB Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakçy

3-4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ilkinji sammit geçirilýär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşigi bilen sebitdäki hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak isleýändigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, sammitde ulag, çig malyň möhüm görnüşleri, sanly tehnologiýalar, suw ätiýaçlyklary we energiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Golaýda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas sammite taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanda boldy. Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow: “Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlyk iň möhüm strategiki ugurlardan biridir” diýip, belledi.
Ýewropa Bileleşigi sebitdäki ikinji uly söwda hyzmatdaşy we iň uly maýa goýujydyr. Merkezi Aziýa ýurtlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň 40 göterimden gowragy Ýewropa Bileleşiginden gelýär. Sammitde hazarüsti ulag geçelgesine aýratyn üns berler.
Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas ýetip gelýän sammit barada şeýle diýdi: “Bu biziň gatnaşyklarymyzda möhüm tapgyr bolar we bu sammitiň üstünlikli geçirilmegine uly ähmiýet berýäris”. Duşuşyga Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Koşta hem gatnaşar.
Soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklar işjeňleşdi. Täze başlangyçlar «ýaşyl» we sanly geçiş üçin esas döredýär.
– Seýrek metallar, esasan, elektronika we goranyş enjamlary üçin zerur. Ýewropalylar bu çig mallary alyp boljak beýleki ýerleri gözleýärler. Elbetde esasy mesele energiýa. Şonuň üçin hemişe beýleki ýerlerden gaz we nebiti nireden alyp bolýandygy barada mesele ýüze çykýar. Mysal üçin, Türkmenistan esasy gaz üpjün edijilerden biridir – diýip, Germaniýanyň Marşal gaznasynyň ýokary derejeli işgäri Markus Siner belledi.
“Bu sammit Ýewropa Bileleşigine ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde we Merkezi Aziýa bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde geosyýasy gyzyklanmasyny görkezmek üçin möhüm bir mümkinçilik döreder. Dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanyşykly üýtgeýän geosyýasy ýagdaýy göz öňünde tutup, Ýewropa Bileleşigi -Merkezi Aziýa gatnaşyklary barha strategik häsiýete eýe bolýar” diýlip, Ýewropa Geňeşiniň resmi beýanatynda bellenilýär.
Çeşme: zamanturkmenistan.com.tm